ÖŇDE «AMUL — HAZAR 2018»

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde sportuň ähli görnüşleriniň sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary netijesinde awtomobil sporty hem sazlaşykly ösüş ýoluna ymykly gadam basdy. Nesip bolsa, ýakynda ýurdumyzda «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy badalga alar. Ýurdumyzda bu halkara derejesinde geçiriljek awtoralli ýaryşyna ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçirilýän bu halkara ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ählisi örän ähmiýetlidir. Zerur bolan aýratynlyklaryň öňürti kagyz ýüzünde beýan edilmegi, olar boýunça oňyn çözgütleri kabul etmegiň möhüm şertini döredýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp Gahryman Arkadagymyz 19-njy iýunda ogly, Mejlisiň deputaty, Söweş sungatlary boýunça milli federasiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bilen awtomobil sporty merkezine baryp gördi. Şol ýerde özüniň çyzgylary esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy we gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly sport ulaglary özüniň berkligi, kuwwatlylygy bilen bir hatarda daşky bezeg görnüşleri boýunça-da özüne çekiji bolmalydyr. Munuň özi geçirilýän ýaryşlaryň mahabatyny giňden ýetirmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylymyzda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik asylly başlangyçlarynyň esasynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň guralmagy, onuň ugry boýunça ylgaw ýaryşlarynyň hem-de welosipedli ýörişiň geçirilmegi halkara derejesinde giň goldawa eýe boldy.

Ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, Türkmenistanyň sport döwletine öwrülýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini kesgitleýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görelde görkezmegi, sportuň ähli görnüşleri şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artmagyna itergi berýär.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryndan bäri welosipedi abatlamak we kämilleşdirmek boýunça uly tejribesi bar. Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp inženerçilik tälimlerinden baş çykarmagy awtomobil sürmekde hem ýokary netije görkezmäge ýardam edýär. Bu bolsa milli Liderimiziň ähli işde bolşy ýaly ulag babatynda-da, belent yhlasynyň we sporta bolan çäksiz söýgüsiniň nyşanydyr.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň taýýarlyk işlerine we onuň ugry boýunça geçirilýän ylgaw ýaryşlaryna hem-de welosipedli ýörişe ak pata berdi. Şol gün hem Gahryman Arkadagymyz özüniň sport ulagynda bu ugruň başlanýan ýerinden çylşyrymly çöl şertlerinde menzil aşdy.

Ýurduňda sportuň islendik görnüşi boýunça halkara derejesinde ýaryş geçirjek bolsaň, ilki bilen sportuň şol görnüşi boýunça dünýä nusgalyk işler ýaýbaňlandyrylmaly. Ine, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amal etmegi başardy. Hakykatdanam, Türkmenistan bu günki gün halkara derejesindäki iri möçberli ýaryşlary kabul edip bilýän ýurt hökmünde dünýä özüni äşgär etdi. «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy Diýarymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny ýene arşa göterer. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda, awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanýan hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk görkezen ýokary netijesidir.

Häzirki döwürde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşmaga daşary ýurtlaryň 40-a golaý topary öz isleglerini beýan etdiler. Bu halkara awtomobil ýaryşynyň geçjek ugry, onuň badalgasy we pellehanasy anyk kesgitlenip, bu ýerde guraljak köpçülikleýin medeni çäreleriň maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Bu halkara ýaryşyna gatnaşjak türkmen toparlaryna türgenleşik işleri bilen bir hatarda okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Ýörite meýletinçiler topary düzülip, olar okuw sapaklaryny geçýärler.

Şu ýylyň 12-nji maýynda Gahryman Arkadagymyza «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň çäklerinde geçirilen awtoralli ýaryşynda sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary netijeleri görkezendigi üçin, awtomobil sporty boýunça «Türkmenistanyň sport ussady» diýen adyň sertifikaty, şeýle hem Ýeňijiniň Kubogy we «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşmaga hukuk berýän sertifikat gowşuryldy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

21.06.2018ý.

Meňzeş habarlar