BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY WE MEDENI MIRASYŇ GORAGLYLYGY

Medeniýet döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni, ynsan durmuşynyň ýeten derejesiniň we geljeginiň keşbiniň aýdyň beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolýar. 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 38-nji mejlisinde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda» bilelikdäki Beýannamasynyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar bütin türkmenistanlylary buýsandyrdy. Türkmenistan bilen bir hatarda dünýäniň 23 döwleti bilelikde dörediji bolup çykyş etmegi, Türkmenistanyň medeniýet babatda alyp barýan syýasatynyň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de medeniýetleriň köpdürlüligine hormat goýmagyň halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga hem-de ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýän esasy gurallaryň biri hökmünde kabul edilýändigini jaýdar nygtady.

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna nazar aýlamaga, şeýle-de, beýleki halklaryň medeniýetini öwrenmäge iterýär. Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesinde özara gatnaşyklaryň medeniýeti, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri jemlenendir. Bu milli mirasymyzy ähli halka ýaýmak, ony wagyz etmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere edep-terbiýe bermek işiniň milli mirasyň gymmatlyklaryna esaslanmalydygy we däp-dessurlarymyz bilen sazlaşykly alnyp barylmalydygy barada yzygiderli nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda: «Milli medeniýetimizdäki ruhy gymmatlyklarymyz geçmişiň gadymy ýadygärlikleriniň töwereginde döräp, olar monjuk ýaly düzülip, dür bolup lowurdaýarlar. Şol hem mähriban topragymyzyň hakyky bezegidir. Dürleri öz arasynda birleşdirýän sapak bolsa Beýik Ýüpek ýoludyr» diýip belleýär.

Häzirki wagtda medeni mirasymyzy goramak we aýawly saklamak maksady bilen bu ugruň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu ugurda «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Bu kanunlar milli taryhy-medeni mirasy ýüze çykarmak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle-de, Türkmenistanyň çäginde medeniýetiň döremegi we ösmegi hakynda maglumat çeşmeleriniň aýalyp saklanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyzyň içgin öwrenilmegi, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Maddy we maddy däl medeni mirasymyz dünýä ýaýylýar. Şol nukdaýnazardan ýurdumyzyň birnäçe medeni gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Olardan, Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galasy maddy gymmatlyk hökmünde, «Görogly» dessançylyk sungaty, Nowruz baýramynyň däp-dessurlary şeýle-de, küştdepdi tansy maddy däl gymmatlyk hökmünde görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni mirasy gorap saklamagyň adam hukuklaryny goramakda we höweslendirmekde möhüm orny eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, her bir ynsanyň medeni durmuşa hem-de medeni mirasa gatnaşmaga hukugyny we mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam edýär.

Umuman, milli medeniýetimiziň halkymyzyň asylly däpleriniň esasynda, dünýä medeniýeti bilen sazlaşykda ösmegi hemmämizi buýsanja besleýär. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamyna yzygiderli üns bermegi we goldawlary esasynda gazanylýar. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda, jemgyýetimiziň has-da jebisleşmegini, onuň ahlak esaslaryny pugtalandyrmakda, ruhy taýdan baýlaşdyrmakda estetiki, durmuş-medeni, taryh, arheologiýa, binagärlik ýaly medeni gymmatlyklar örän uly ähmiýete eýedir.

Sülgün GULGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň

ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

30.06.2018ý.

Meňzeş habarlar