Milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen yhlasly tagallasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem hormat-sarpa mynasyp bolýar. Häzirki döwürde görnükli döwlet işgäri hasaplanýan milli Liderimiz tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan täzeçil çemeleşmeleri hem-de bu ugra goşýan goşandy halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda geçirilen 38-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda» Bilelikdäki Beýannama biragyzdan kabul edildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permanyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Watany goramakda görkezen gaýduwsyzlygy, batyrlygy we Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjy ýerine ýetirmekde bitiren hyzmatlary üçin ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanandygy barada hoş habar hem gelip gowuşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu sylag biziň watandaşlarymyza ikinji jahan urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlyk görkezen we parahatçylyk, tutuş dünýäde asudalyk ugrunda baş goýan türkmen esgerlerine bildirilen uly hormatyň nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen plýonkanyň önümçiligi boýunça desgada goýberiş-sazlaýyş synag işleriniň geçirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, täze ýollary gurmak we şolaryň bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda «Tiz taksi» hyzmatlaryny girizmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň Etrek bekedinde multimodal logistika merkezi döretmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi.
Şeýle hem Wena şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmen-awstriýa işewür maslahatyny geçirmäge, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanan medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri hem-de iýul aýynyň beýleki şanly wakalary barada habar berildi. Hazaryň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparkyň we «Awaza» şypahanasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Balkan welaýatynyň çäklerinde, Aşgabat — Türkmenbaşy ýolunyň ugrunda we Garabogaz aýlagynda gurulmagy meýilleşdirilýän köprüleriň taslamalary, Kerki şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan howa menziliniň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary hödürlendi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň merkezinde guruljak awtomobil ýolunyň taslamasy barada habar berildi.
Türkmenistanyň gallaçylarynyň ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrandyklary baradaky hoş habar geçen hepdäniň esasy wakalarynyň hatarynda boldy. Gallaçy kärendeçileriň esasy wezipesi ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr.
Geçen hepdede bolan ýene bir şanly waka dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew çarpaýa galyp, 10 metr aralygy geçmekde dünýä rekordyny täzeledi hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýlelikde, bu bedewiň şu aralyk boýunça görkezen netijesi 2016-njy ýylda goýlan rekorddan iki esseden hem ýokary boldy.
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwaly açyldy, onuň çäklerinde 1-7-nji iýul aralygynda paýtagtymyzyň teatrlarynyň sahnalarynda sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bolar.
“Nesil” gazeti,
03.07.2018ý.












