MÜŇ BIR DERDIŇ DERMANY

Baglar ak süýde batyrylan ýaly bolup, ýaňyja güle durandyr. Pyntyklar «diş ýaryp», ýaşylja öwüsýändir. Boz meýdanlar mahmal begresini geýse-de, entek ot-çöpüň ösüp ýetişerinden, gülälekleriň açylmasyndan biraz irräkdir. Şeýle-de bolsa günüň islendik çagy haýsydyr bir ýerden gelýän üzärlik tüssesiniň ysy janyňa hoş ýakar. Ol eziz Watan, mukaddes çörek ýaly käbelik närseleriň biri bolup, kalbyňy eýelär. Sebäbi üzärlik türkmeniň gadym döwürlerden bäri däri-dermany, janyna tenekary hasaplanýar.

Türkmen zenany çagalarynyň biriniň biynjalyk bolýanyny, izirdäp başlanyny duýaýsa, derrew köneje jama bir penje üzärlik atar-da tüsseleder. Balalarynyň daş-töwereginden aýlar. Köplenç, içinden, käteler bolsa daşyndan hem: «Gözden-dilden, bela-beterden gorawersin. Dert-belalaryň daglara-daşlara gitsin, balam!» diýip dileg eder. Üzärligiň melhem ysy diňe bir ýoňlajak bolýan çaganyň däl, eýsem, hemmäniň ýüregine giňlik berer. Däp-dessury bilýän zenan maşgala üzärligiň külüni-de çem gelen ýere dökýän däldir. Oba ýerlerinde ony aýak basmaz ýaly, bir çete döküp gelerler. Üzärligiň däri-dermanlyk täsiri her bir türkmen maşgalasynda göz-görtele bildirip durandyr. Islendik hojalyga gadam basanyňda, desse-desse bolup asylgy duran üzärlige gözüň düşýändir. Sebäbi bu derman ot halkymyzyň sež­de­gä­hi­dir. Toý-mä­re­kesinde türkmeniň yrym-ygtykady hem üzärlik bilen bagly bolýar. Ogul öýerip, başy gyzyl kürteli gelin kejebeden düşende, mährem eneleriň biri dessine üzärlik tüsseleder. Gelniň daşyndan aýlar, tüsseläp duran üzärligiň üstünden täze gelin ätlediler. Şeýle pursatlarda melhem ysyň töwerege ýaýrap gitmegi bilen toýçularyň keýpi has-da göterilýär. Ulugyz uýaljaňlygy bilen kürtäniň aşagynda ýygryljyrap gelýän gelin üzärligiň ysyna biraz rahatlanýar. Toýlary goşalanyp gelýän ilimizde täze jaýa göçülip barlanda, täze ulag edinip, gapysyna getirilende hem üzärlik tüsseletmek ýoň bolup galypdyr. Özüniň sadaja kalbyndan syzylyp çykýan ynam-ygtykady bilen sähragöwün halkymyz ýelden ýüwrük bedew atyny, iner-maýalaryny, süýtli sygryny, ekiz-ekizden guzlaýan dowarlaryny hem gözden-dilden, howp-hatardan goramak üçin dessine üzärlige ýapyşar.

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilende, milli lybasly, börükleri kümüş şaýly türkmen gelinleriniň üzärlik tüsseletmegi bu dermanlyk ösümlige döwlet derejesinde üns berilýändiginiň mysalydyr. Şonda bedew atly türkmen jigidiniň sary ýaýdan atan alawy bilen Olimpiýa stadionynyň görki bolan bedew atyň äpet heýkeliniň depesindäki desselenip duran üzärligiň ýakylmagy bilen dünýä belli oýun başlanypdy.

Eziz Watanymyzyň her bir ot-çöpi derde derman. Islendik ýurduň topragy, duz-tagamy, dermanlyk ot-çöpleri şol ýerde ýaşaýan adamlaryň janyna şypa berýär. Halkymyzyň gadym döwürlerden bäri atgulak, çopantelpek, yşgyn, çomuç, selmelik, tere, ýandak ýaly ösümlikleri derman hökmünde ulanyp gelendigi bellidir. Oňa biz halk tebipçiliginiň üsti bilenem, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň), Lukman Hekimiň, Birunynyň eserleri arkaly hem göz ýetirýäris. Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda öz döwrüniň belli lukmany bolan Burkat hekimiň ady getirilýär. Diýseň ynsaply, il haýryny ileri tutýan Burkat hekime ýunan patyşalary köşk lukmany bolmagy ündeseler-de, ol sada halkyň arasynda galypdyr. Özem ol haýyr-sogap üçin bejergi beripdir. Alym tebip Burkat şeýle ýazypdyr: «Her bir näsagy öz Watanynyň topragy bilen bejeriň!». Dananyň aýdyşy ýaly, eziz Diýarymyz bolan türkmen topragynda bitýän ot-çöpleri ýerini bilip ulansaň, hersi bir derde dermandyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri halkymyza berlen özboluşly peşgeşdir. Bu kitabyň birinji jildiniň 324-nji sahypasynda üzärlik barada hem örän peýdaly maglumatlar berilýär. Lukman Arkadagymyz üzärligiň diňe bir ysy bilen däl, eýsem, dänesi, gaýnadylyp alynýan jöwheri, löti bilen hem näsaglary bejermegiň ylmy ýollaryny salgy berýär.

Üzärlik ýurdumyzyň dürli sebitlerinde dürlüçe atlandyrylyp gelinýär. Ol üsbent, ysbent, isbent adyna hem eýedir. Garajaoglan öz liriki goşgy setirlerinde şeýle diýýär:

Oda üsbent sepdi gül ýüzli ýarym,

Ýaman gözden goramaga dildaryn...

Rowaýatlaryň birinde bolsa, bir akyldaryň elmydama oňşuksyzrak hasaplanýan maşgalanyň şemal tarapynda ýaşaýan goňşusyna üzärlik tüsseletmegi sargandygy barada aýdylýar. Halkymyzyň milli ýörelgelerinde ynsan janyna ýaramsyz zatlara garşy çykmak, öňüne bent basmak pelsepesi bar. Çeper elli gözellerimiziň çekýän keşdeleriniň arasynda «tegbent» iň saýlama nagyşdyr. Ol akgaýma we gültahýalarymyzda, gülzar meýdanlar ýaly gyzylly-ýaşylly gelin kürtelerinde, gyz-gelinleriň keşde ýakalarynda, çabytlarda, begreslerde, çaga egin-eşiklerinde öz ornuny tapypdyr. Bu nagşy döretmek bilen duýgur zenanlar öz gül keşplerini, el işlerini, bigam balalaryny gözden-dilden gorapdyrlar.

* * *

Hormatly Prezidentimiz her bir düýbi tutulýan uly işlerini, beýik başlangyçlaryny halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýar. Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde üzärlik barada aýdylan gymmatly maslahatlar hem şolaryň biridir. Üzärlik bilen baglanyşykly bu il bähbitli pikir çagalyk döwrümizde bolup geçen bir wakany ýadymyza saldy. Bu waka geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda bolup geçipdi. Şol ýyllarda hem edil häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli däp-dessurlarymyzy, halk döredijilik eserlerini öwrenmek maksady bilen alymlardan we taryhçylardan düzülen toparlary obalara ýollaýşy ýaly, edebiýatçylar topar-topar bolup halk hazynasyny ýygnardylar. Şonda filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy alym Nazar Şükürow birnäçe günläp biziň öýümizde bolup, 85 ýaş­ly gar­ry atam Al­la­myrat şaýyrdan ençeme ertekileri, geň-enaýy gürrüňleri ýazyp alypdy. Soňra wagtyň geçmegi bilen halkdan ýygnalan şol ertekileriň «Pakyrdawuk patyşa» atly türkmen halk ertekilerinde dilinden ýazylyp alnan adamlaryň ady bilen berilmegi biziň maşgalamyzy begendiripdi. Balhy tuduň kölegesinde ýekenden boýra düşek dokap oturan atam gözüniň ýagtydygyna (batyl) seretmezden, ertekileri şeýle bir süýjedip gürrüň bererdi welin, biz — ça­ga­lar asyl-ha ola­ryň ýanyndan aýrylyp bilmän oturardyk. Garaňky gatlyşansoň gürrüňçilik has gyzyşardy. Işden elini boşadan oba adamlary gürrüňçilige gelerdiler. Tomus pasly bolansoň, çybyn-çirkeý, peşedir gandala ýaly mör-möjekler örän köpdi. Ejem köneje saply jamda üzärlik tüsselederdi. Ilki tegelenişip oturan myhmanlaryň daşyndan aýlardy. Soňra bolsa mal ýatagyna tarap giderdi. Şol wagt goňşularyň biriniň: «Üsbendiň ysy ýaman oňad-eý» diýmegi bilen gürrüň üzärlige sapyp gidipdi. Şonda ýaşulularyň biri müň derdiň dermany bolan üzärlik barada täsin bir gürrüňi aýdyp beripdi: «Sakgaldaşlar, üsbent, aslynda, üzärlik bol­ma­ly. Üzär­lik — ogu­zär­lik diýmekdir. Oguz batyrlary ýaly köp iş bitirensoň, halkymyz bu derde derman ösümligi şeýle atlandyrypdyr» diýipdi. Şonda edebiýatçy alym gülümsiräp: «Şeýle bolmagy gaty ahmal. Öküz, oguz, üz diýen sözleri degşirip görseň, meňzeşligem bar ýaly. Aslynda, türkmen diliniň fonetikasynda o-u-ü sesleriniň biri-birine geçen sözlerine köp gabat gelip bolýar» diýipdi.

Bu waka mundan üç-dört ýyl öň, Gökdepe etrabynyň gadymy Yzgant obasy barada alymlar, taryhçylar tarapyndan ylmy pikirler orta atylanda hem ýadyma düşüpdi. Asly Oguzkent bolan Yzgant öz döwründe oguzlaryň ýaşaýan obasy, kendi bolup, sebitde ähli tarapdan gülläp ösüpdir. Oguz begleri Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasynda at segredip gezipdirler. Eziz Watany jan-tenden gorapdyrlar. Jemläp aýdanymyzda, müň bir derdiň dermany bolan üzärlik gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň janyna melhem bolan ösümlikdir. Onuň ysy derde dermandyr. Üzärlik türkmeniň öňde-başda peýdalanan öz haýyrly derman otudyr.

Ogulbeg JUMAÝEWA

“Nesil” gazeti,

17.03.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR