TER­BI­ÝÄ­NIŇ MIL­LI USUL­LA­RY

Maşgala ojagynyň görki bolan çagajyklaryň sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmegi her bir ata-enäniň arzuwydyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada uly tagallalar edip, gymmatly eserlerinde yzygiderli nygtaýar we nesil terbiýesiniň ata-enäniň çagalaryna siňdirýän yhlasynyň miwesidigini belleýär. Gahryman Arkadagymyz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip bellemek bilen, çaga terbiýesiniň inçe syrlarynyň, ilki bilen, maşgalada görkezilýän görüm-görelde bilen aýrylmaz baglydygyny nygtaýar.

Şol sebäpli hem olar bilen gürleşenimizde, iş buýranymyzda, okadanymyzda, mekdepde berlen ýumuşlaryna kömek berenimizde, egin-eşik geýdirenimizde hem balalarymyzyň kiçijik dünýäsine nähili täsir etjekdigini göz öňünde tutmaly. Geljekde çagalarymyzyň sagdyn, kemally nesil bolup ýetişmegi üçin, geçmiş taryhyň tejribesini, danalaryň pähim-paýhasyny dolulygyna öwrenip, häzirki tehnikanyň ösen döwrüniň talaplary bilen utgaşdyrmak arkaly edep-terbiýe mekdebiniň sazlaşykly zynjyryny düzmäge synanyşalyň. Dürli döwürlerde alymdyr ýazyjylar tarapyndan ynsan edebi, perzent terbiýesi, ata-ene hormaty, köpçülikde we ýekelikde özüňi alyp barmagyň edep kadalary, durmuş zerurlygynyň, maşgala berkliginiň syrlary barada birnäçe eserler döredilipdir. Şeýle-de bolsa türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgesine, durmuşyň ösen talaplaryna laýyklykda çagalarymyzyň kemter tarapyny düzetmek, kämilleşdirmek üçin, olaryň aň-düşünjesiniň kabul edip biläýjek ýollary bilen çemeleşmegimiz gerek. Dogry, bu ýol uzagrak bolup biler, şonda-da çagalarymyzdan öz diýenimizi talap etmek arkaly däl-de, olaryň pikirini sorap, ugurdaş gopup, dogry ýoly görkezjek bolmaly.

Çaga terbiýe bermegiň ýollary, usullary öz döwrüniň talabyna görä kämilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa biz hem milli ýörelgelerimize esaslanyp, döwrüň talabyny göz öňünde tutup, nesillerimize terbiýe bermegiň käbir usullaryny ýatlalyň.

Maşgalada ýaşulularyň we ata-eneleriň şahsy göreldesi zerurdyr. Bu görelde esasynda ata-ene ömrüniň bütin dowamyna ilki çagalaryna, soňra agtyk-çowluklaryna gowy görelde bolýar. Çaga ata-enesinden alýan terbiýesi güýçli täsir edýär. Çünki çagalarymyz biziň her bir hereketimizi dolulygyna terbiýe, görelde hökmünde kabul edýärler.

Çaga maşgalanyň içki düzgün-tertibi gönüden-göni täsir edýär. Çünki ol maşgala düzgünine görä özüni alyp barýar. Maşgalada kimiň sözi diňlense, çaga hem şol kadany kabul edýär. Türkmen maşgalasynda hemişe agzybirlik höküm sürüp, ýaşulynyň we ýaşkiçiniň, atanyň we enäniň, aganyň we ininiň orunlary kesgitlenýär. Türkmen taryhyna ser salanymyzda, taryhçy alymlar türkmen maşgalasynda agzybirligiň mäkäm bolandygy barada belleýärler.

Daş-töweregi gurşaýan ýagdaýlar hem çaga terbiýesine öz täsirini ýetirip bilýär. Çaga dünýäsiniň ösüşine töwerek-daşynyň arassaçylygy, ata-ene tarapyndan öý-ojagyň päkize saklanmagy, özleri üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hem ýardam edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda gurulýan döwrebap binalarda we mekdeplerde çaga bilim bermek, terbiýelemek, kämil derejede kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi hem guwandyryjy ýagdaýdyr.

Çaganyň saglygyny berkitmek we dikeltmek onuň ösüşinde uly orun tutýar. Ýaşajyk çaganyň arassa howadan dem almagy, tebigata, howa şertlerine görä geýindirilmegi, wagtly-wagtynda arassaçylyk işleriniň geçirilmegi, ýaşyna görä sport bilen meşgullanmagynyň gazanylmagy saglygyna gowy täsir edýär. Taryhda hem çagalaryň sagdyn ösmegi üçin, milli oýunlaryň üsti bilen terbiýe berlipdir. At üstünde dürli oýunlary oýnamak nesilleriň saglygyna oňaýly täsir edipdir.

Häzirki döwürde sportuň ösmegine, raýatlaryň saglygynyň berkemegine hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi bilen, ata Watanymyzda ähli şertler döredilendir. Ýöriteleşdirilen sport mekdep-internatlarynyň, möwsümleýin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň gurulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ýaş nesillerimize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Maýagözel SAPARMUHAMMEDOWA,

Ak bugdaý etrabynyň Polisiýa bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.

“Nesil” gazeti,

24.03.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR