Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm internet web-saýtynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Mirasym bar – sarpam bar” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde saýlanan eserleriň biri:
WATANYMA
Ykbalyna bürgüt paýhasy siňen
Daglaryňda Göroglyň bar gyratly
Dünýäni dolduran yhlasy bilen
Oguzuň bar gerçekpisint syratly.
***
Atalaryň goran mukaddesligi
Topragyňy söýüp, çöller sökenim
Pyragy deý ägirtleriň mesgeni
Del güllerden ýegdir, çöpüň, tikeniň
***
Bäş müň ýyllyk taryhyňa ýaň salan
Ürgenjiň bar, keramatly-keremli.
Goýnuň jennet ysly sähra, gülkamar
Çar ýanyň bossandyr, bag-u-eremli.
***
Ýaşyl tuguñ mizemejek mertebäň
Abraýyňy arşa götär Alabaý.
Söýgi gaýnan seyilgähleň gül bürän
Gözelligiň özi - dünýäme serpaý.
***
Gurmak, döretmek bar ylalaşmak bar
Älem merkezinde hyzmatdaşlygyň.
Arkadagly diýar, Bitarap diýar,
Dünýäň ykrarynda Garaşsyzlygyň.
**********
Goşgulam ertirňe imrinen hyýal
Arassa söýgüme gözbaş duygulaň
Adyňa döneýin garaşsyz diýar
Mirasym sen atalaryň yz goýan.
***
Üýtgeşik goýnuňda Günüň doguşy
Şapagyň geň-täsin, alýaňak gyz deý.
Guşlaryňam birenaýy çawuşy
Güle gark bolanda owadan ýazlaň.
***
Köprüleriň uzap gidýär dört künje
Aýna deý köçeler aýasy eliň.
Säherler ýapragňa düşen çyg, damja,
Men seniň bilbiliň, men seniň gülüň
***
Munda her hünärmen ussady işiň
Ösüş, döwür, oýlap tapyş - ýaş alym.
Nepesim gursagma gelip gidýärkä
Owal ahyr waspyň edip ýaşaryn...
Ogulnur Pirjikowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň "Hasap we audit" fakultetiniň "Birža işi" hünäriniň 3-nji ýyl talyby.