Öňki döwürlerde demirçi ussalar käbir işleri agaç ussalary bilen bilelikde ýerine ýetiripdirler. Ussaçylyk işinde zerur bolan iş gurallaryny ezber elleri bilen ýasapdyrlar. Esasan-da, juda zerur bolan, agaçdan ýasalan «agaç çarh» serişdesini ussaçylyk işine ornaşdyrypdyrlar. Hojalykda zerur bolan zähmet gurallary bilen birnäçe işler ýerine ýetirilipdir. Ol gurallaryň ýiti we ýasy ýüz tarapy wagtyň geçmegi bilen kütelip, işe ýaramsyz bolupdyr. Ýüzi kütelen gurallar agaç çarha tutulyp, onuň tygy ýiteldilipdir. Bu işe «ýalaw», «dodaklamak» diýlipdir. Ussa iş otagynda şägirtlerine çarh işletmek, körük basmak (çekmek), çekiç saýlamak, çekiji dogry urmak, demri taplamak, kömür ýakmak, demri gyzdyrmak, demre suw içirmek, çybyk çykarmak, demri serkaplamak ýaly esasy we ownuk işleri öwredipdir.
Şägirtleri ýerine ýetirýän işleri boýunça «körükçi», «çarhçy», «ýekedabançy», «küreçi», «kömür-külçi» ýaly dürli atlara eýe bolupdyrlar. Ussanyň çarh işledýän şägirdine «çarhçy» diýlipdir. Ir wagtlar çarh ýasaýan ussalar hem «çarhçy» ady bilen tanalypdyr. Çarh çekmek işi beýleki işlerden köp zähmeti talap edipdir. Şonuň üçin ussa çarhçynyň armasyny ýygy-ýygydan ýetiripdir. Sebäbi çarhçy hem ussa bilen deň işlemeli bolupdyr. Ussalar ýüzüni ýaglyk bilen daňyp, kellesine başgap geýip, gaýyş öňlük bilen göwresini berk daňyp işläpdirler. Çarh herekete getirilende, onuň ýüzüne basylan ownujak daş gyryndysyndan dörän uçgunjyklaryň saglygyna zyýan bermezliginiň aladasyny edipdirler. Çarhy kadaly işletmek şägirde bagly bolupdyr.
Agaç çarh iş ýüzünde demir ussalary üçin gymmatly serişde bolup hyzmat edipdir. Ussanyň iş guraly bolan agaç çarh özboluşly täsin usul bilen ýasalypdyr. Ony ýasamak üçin tut we erik agajy ulanylypdyr. Çarh üçin peýdalanyljak agaç ýere gömlüp, 3-4 ýyldan soň ulanylypdyr. Agaç birnäçe wagtlap ýeriň yzgaryny (çyg) özüne siňdiripdir. Bu bolsa agajyň berkligine, ýarylmazlygyna, gatamagyna, gyzaryp bişmegine oňaýly täsir edipdir. Ussa agaçdan çarh abzallary üçin, gerekli ölçegleri kesip alypdyr.
Çarhyň oky 45 — 50 santimetr uzynlykda, pil sapynyň ýogynlygynda bolupdyr. Tegelek dörtgyran görnüşde isgene bilen çapylyp taýýarlanan çarhyň merkezi oturdylypdyr. Çarh okunyň ýeňse tarapy tommarçak görnüşli kesilip ýonulypdyr. Öň tarapy hem 5 santimetr uzynlykda uçly ýonulypdyr.
Agaç çarhyň tegelek bölegi berk erik agajyndan ýasalypdyr. Sebäbi ol hemişe işi sürtülme ýagdaýynda ýerine ýetiripdir. 2 santimetr galyňlykdaky ýasy erik agajy tegelek görnüşde kesilipdir. Soňra ussa demir «jezwer» (sirkul) guraly bilen agaç çarhyň merkezinden ölçeg alyp, çarhy dörtgyraň görnüşde kesipdir. Kähalatlarda çarhyň göwresiniň ýarylmazlygy üçin, goýnuň guýruk ýagy çalnypdyr. Bu işlerden soň, çarhyň demir bileksesi taýýarlanypdyr.
Okuň tommarçagyna inçe, demir bilekse geýdirilip çüýlenipdir. Demir bilekse çarh okunyň ýarylmazlygyna ýardam edipdir. Şeýle hem okuň beýleki tarapyna merkezi dörtgyraň görnüşli kesilen çarh oturdylypdyr. Ussa tegelek ýasy demir bileksäni çarhyň arka tarapyndan geýdirip, çüý bilen berkidipdir. Soňra çarh okuna çeýe sim oturdylypdyr. Uçly çeýe sim çarh okunyň iki gapdalyna berkidilipdir. 6 millimetr galyňlykdaky çeýe sim körükde gyzdyrylypdyr. Ussa gyzgyn uçly çeýe simiň bir tarapyny çarh okuna tizlik bilen berkidipdir. Çeýe simiň ýiti uç tarapy çarh okunyň her tarapyndan 3 santimetr uzynlykda gapdala çykarylypdyr. Bu işlerden soňra ussa agaç ýelimini taýýarlamak işine girişipdir.
Agaç çarhy doly taýýar bolandan soňra demirçi ussa çarhyň ýüzüne ýelmenýän agaç ýelimi taýýarlapdyr. Ýelim taýýarlamak kyn iş hasaplanypdyr. Ýelimiň ýasalyşy barada gyzyklanyp, täsin maglumatlaryň üstünden bardyk. Aşgabat şäherini etekläp oturan Şor obasynyň ýaşaýjysy, ussa Akmämmet Baýramgeldiýewiň we Baýramaly etrabynyň Görelde obasynyň ýaşaýjysy, ussa Hoşgeldi Mämmedowyň aýtmagyna görä, ýelim üç usul boýunça ýasalypdyr.
Ir wagtlarda ýelim sygyr, geçi, goýun ýaly iri we ownuk şahly mallaryň şahyndan we toýnagyndan taýýarlanypdyr. Dag eteklerinde ýaşaýan ussalar dag tekesiniň, goçunyň we keýigiň şahyndan we toýnagyndan ýemek ýelim ýasapdyr.
Ýelimiň ýene bir görnüşi düýe süýdünden, hamyndan we aýak süňkünden gaýnadylyp ýasalypdyr. Düýe hamynyň tüýleri gyzgyn suw bilen arassalanypdyr. Soňra ham böleklere bölünip, arassa suw bilen ýuwlup, birnäçe günläp pessejik otda gaýnadylypdyr. Önüm taýýar bolmazyndan öň, az mukdarda düýe süýdi hem goşulypdyr. Birnäçe günläp gaýnan hamyň suwy goýalyp, ýelim emele getiripdir. Ussa ýelimiň taýýar bolandygyny onuň reňkinden bilipdir. Taýýar bolan ýelimiň reňki mele görnüşli bolupdyr. Süýt onuň reňkiniň üýtgemegine täsir edipdir. Käbir ýagdaýda düýäniň aýak süňki gaýnadylyp, «aýak ýiligi» goşulypdyr. Süňk goşulyp taýýarlanylan ýelimi öz işine ezber ussalar başarypdyr. Bu görnüşli ýelimi ýasamak hemme ussa başartmandyr.
Ussat ussalar tebigy ösümliklerden hem ýelim taýýarlapdyrlar. Çyryş ösümliginiň kösüginden şireli ýelim alnyp, ony agaç çarh we bişen toýun önümleri üçin peýdalanypdyrlar. Bu ösümligiň dag ýerlerinde ösýänligi sebäpli, dag etek obalary çyryş ösümligini giňden peýdalanypdyrlar. Ir döwürler çyryş ýeliminiň giňden ulanylandygyny halypa ussalar gürrüň berýärler. Ýöne bu iş irginsiz köp zähmeti talap edýändigi sebäpli, ünsden düşürilip, ýitip gidipdir. Häzirki wagtda käbir ýaşuly ussalaryň iş ussahanasynda ýelim bölekleri täsin önüm serişdesi hökmünde saklanyp gelinýär. Ussalar özleriniň taýýarlan ýelimini birnäçe böleklere bölüp, agzy ýapyk gaba salyp goýupdyr. Demirçi ussalaryň oýlanyşykly ýasan serişdesine «ýemek ýelim» ýa-da «agaç ýelim» diýlipdir. Agaç ýelim taýýar edilip, onuň ýüzüne çalgy daş we beýleki gaty hemde ýumşak daşlar işlenip basylypdyr.
Çarhyň çalgy daşy üçin gaty we çeýe daşlar ulanylypdyr. Bäherden etrabynyň Durun obasynyň ýaşaýjysy, ussa Şatmuhammet Orazlyýewiň aýtmagyna görä, ir wagtlarda ýaşan ussalar çalgy daşlary üçin «tejewe daş», «gürgen daş» ýaly gaty we ýumşak daşlary peýdalanypdyrlar. Ussalar çarh daşyna mata örtüp, onuň kiçeňräk bölegini öz ýanlarynda göteripdirler. Ol daşy ussalar çarh ýok ýerinde peýdalanypdyrlar. Şatmuhammet ussanyň aýtmagyna görä, «Gerekli daşyň agramy ýok», «Demir tygyny daş basar, daş basmasa iş basar» diýen aýtgylar hem hut ussaçylyk işleri bilen baglanyşykly döräpdir. Çarh daşy saýlanyp alnandan soňra, ussalar ol daşlary mazaly işläpdirler. Birnäçe gezek owradylyp elden geçirilen daşlar agaç çarhyň ýüzüne ýelmenipdir.
Çarha daş basmak işi täsin we irginsiz zähmeti talap edipdir. Ussa gerekli ölçegde ýelim bölegini ulanyp, ony az mukdarda gaýnag suw bilen ýumşadypdyr. Ýumşan ýelimi agaç çarhyň ýüzüne we üstüne birnäçe gezek gaýtalap ýukajyk ýelmäpdir. Bu iş ýerine ýetirilen wagty ussa ünslüligi elden bermändir. Sebäbi ergin suwuk ýelim az wagtlyk ünsden düşürilse, tiz gatapdyr. Şonuň üçin hem ussa ýelimi agzy ýapyk gaba salyp ulanypdyr. Çarh agajyna daş basmak işi köp zähmeti talap edipdir. Demirçi ussa daşlary ýekedaban bilen owradyp, ownuk böleklere bölüp, ol işiň nähili ýerine ýetirilýändigini şägirtlerine öwredipdir. Soňra ol işi ekabyr şägirtleriniň biri ýerine ýetiripdir. Soňundan bölek daşlar az mukdarda demir soka salnyp ýenjilipdir. Ýenjilen daş soky gabyndan çykarylyp, uşak gözli elekde gaýta-gaýta elenip, bir ýere jemlenipdir. Elekden geçirilen maýdajyk daşlar arassa matanyň üstünde bir ýere tekiz ýaýradylypdyr. Ýüzüne ýelim ýelmenen çarh agajy şol daşly matanyň üstünde iki ýana öňlin-yzlyn ýöredilipdir. Bu iş birbada 3-4 gezek gaýtalanyp ýerine ýetirilipdir. Şeýlelikde, çarhyň ýüzüne, takmynan, 4-5 millimetr galyňlykda çalgy daşy ýelmenipdir. Az wagt açyk howada goýlup, çarha basylan ýelimli daş guradylypdyr. Soňra agaç çarhyň artykmaç ýerlerine ýelmeşen ownuk daşlary «mahmal ige» (ýylmanak ige) bilen ýonulyp, serenjam berlipdir. Çarhyň ýüzüne daş basmak işi tamamlanyp, onuň berkidiljek sütüni taýýarlanypdyr.
Ussalar çarh sütünini üýtgewsiz ýerde goýmak üçin oňaýly ýeri saýlapdyrlar. Çarhyň oturdyljak ýeri ussanyň dükanynda hiç bir işe päsgel bermez ýaly çet gyrada gurnalypdyr. Agaç çarh ýere berk gömlen sütün agajyna berkidilipdir. Käbir ýagdaýlarda ussaçylyk işinde iki çarh hem ulanylypdyr. Şonuň üçin sütünlik agaç ussahananyň içinde we daşynda goýlupdyr. Ussahananyň içinde keser, syndy, päki, pyçak, palta, teşe, pil, kätmen, aňňal, orak ýaly ownuk önümler işlenipdir. Daşarda guralan çarh bilen gödeňsi we iri demirler işlenip, beýleki önümleriň ýüzüni tämizläpdirler. Çarh üsti ýapyk ýagdaýda saklanypdyr.
Çarhyň hereketlendiriji serişdesi demirçi ussanyň buýurmasy esasynda gönçi ussalara taýýarladylypdyr. Oňa «ýaýjyk» diýlipdir. Çarhyň ýaýjygy öý we sähra haýwanlarynyň hamyndan taýýarlanypdyr. Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy, ussa Kakajan Öwlüýägulyýewiň aýtmagyna görä, ir wagtlar guma golaý ýerde ýaşan gönçüler möjek hamyny kemsiz eýläp işläpdirler. Onuň hamyndan ýaýyň iki ujuna daňylýan, oky saklamak üçin örme görnüşindäki işme ýüp ýasalypdyr. Oňa «ýaý kiriş» (ýaý ýüp) diýlipdir. Hamyň gaty we berk bolanlygy sebäpli, ony işlemek gönçülere kynçylyk döredipdir. Şol sebäpli möjek hamyndan ýasalan ýaýjyk iş ýüzünden ýitip gidipdir. Gönçüler iri şahly mallaryň guýruk hamyny (deri, gön) gaýnag suwda az wagt goýup, gyrymsy tüýlerini arassalapdyrlar. Gönçüler derini daş bilen eýläpdirler. Ony «deri daş» diýip atlandyrypdyrlar. Gönçi çarhyň ýaýjygyny birnäçe günläp göwnejaý eýläp, saýada asyp goýupdyr. Bu usul deriniň ýumşamagyna oňaýly täsir edipdir. Ýaýjyk üçin 50 — 55 santimetr uzynlykdaky ham kesilip alnypdyr. Onuň ini 2-3 santimetr bolup, ol demirçi ussalaryň buýurmasy boýunça göz öňünde tutulypdyr. Ýaýjyk çarh okunyň merkezine saralyp işledilipdir. Şu ýerde: «Ýaýjyk çarhy nähili herekete getirýärkä?» diýen sowal ýüze çykýar. Çarhyň ýaýjygy oglanjyklaryň oýnaýan, taýakdan ýasalan kiçijik ýaýyna meňzeş edilip ýasalýar. Ýaýjygyň bir tarapy taýajyga daňylypdyr. Onuň beýleki ujy çarh okunyň merkeziniň daşyndan bir gezek saralyp, taýajygyň beýleki ujuna berkidilipdir. Taýajyga berkidilen ýaýjygy ussanyň kömekçi şägirdi işledipdir. Kömekçi şägirt çarhyň ýaýjygyny eli bilen iki ýana ― öňlin-yzlyn herekete getiripdir. Ýaýjygyň işleýiş usuly keçe çekmek işini ýada salýar. Ussalar oňa «çarh çekmek» diýipdirler. Bu iş ýaş şägirtleriň fiziki işjeňligini ösdüripdir. Ony işledýän şägirt ussanyň beýleki şägirtlerinden ýaşy boýunça tapawutly bolup, işe ukyplylygy bilen saýlanyp alnypdyr. Ussa şägirtleri bilen birnäçe işleri ýerine ýetiripdir.
Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy ösdürmek, ony aýawly saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gymmatly mirasymyzy ýaş nesillerimize öwretmek, ýaşlary ruhy we ahlak taýdan terbiýelemek ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar.
Şeýle tutumly işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.
“Nesil” gazeti,
26.03.2020ý.