Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen göreşi edebi mirasymyzyň dürdäne eserleriniň süňňüne siňip, öz beýanyny tapypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda Kuwwat pälwan barada örän gyzykly waka beýan edilýär. Kuwwat pälwan Anna serdaryň atasy Pyhy baýyň özünden uly dogany bolupdyr. Ol uzyn boýly, eginleri terezilenip duran, daýaw ýigit eken. Baldyrlary ýogyn, döşi gapak ýaly ýigit ýere agram salman, ýeňil hem ätiýaçly hereket edipdir. Il içinde oňa Arslan pälwan hem diýlipdir. Ahalda meşhur pälwanyň adyny eşidip, Hywa pälwany tutluşmaga gelipdir. Myhmany garşy alyp, göreş tutuljak ýeri taýýar edipdirler. Hywaly pälwan juda epeýdi. Eserde bil tutuşmanka myhmanyň Kuwwat pälwana aýdan sözleri şeýle beýan edilýär: «Pälwan aga, at-owazaňyz biziň jelegaýlara-da baryp ýetdi. Sizi ýykyp, baýrak almak üçin gelendir-ä öýtmäň. Sizi däl-de, özümi synamak üçin geldim. Tutluşygyň netijesi nähili bolsa-da, Size hormatym egsilmezdir».
Iki gün tutluşyklar netijesiz tamamlanýar. Üçünji gün guralan tutluşyk öýlänler saklanýar. Eminler göreşi deňme-deň tamamlandy diýip çözgüt çykarýar. Bu çözgüt bilen myhman pälwan ylalaşmandyr. Pälwanlara ýene bir gün güýç synanyşmaga mümkinçilik berilýär. Kuwwat pälwan öýüne gelip pikirlenip, duýdansyz emel ulanyp, myhmandan üstün çykmagy ýüregine düwýär. Myhman pälwanam berk taýýarlanýar. Gyzylgöz çebşi soýduryp, etini-süňküni şakgalap, gazana gapladýar. Azrak suw guýup, sogandyr sarymsak atyp, gaýnatmagy haýyş edýär. Daňdana çenli gaýnadylyp, düýbüne ýygnanan çorbasy bir şakäse bolanda içip, endamyna saryýag çalyp, göreş tutmaga ugraýar. Kuwwat pälwan bu gün üýtgeşik tilsimleri ulanýar. Diňe bir garşydaşy däl, olary synlaýan märeke hem bu ýagdaýy aňýar. Çekeleşikli göreşde Kuwwat pälwan myhmany duýdansyz ýykýar. Märekäniň şowhuny asmana göterilýär. Bu gün goýlan baýraklaryň hasabyna uly toý tutulýar.
«Görogly» şadessanyny okanymyzda, Göroglynyň we Bezirgeniň, gelin-gyzlardan Harmandäliniň we Aýsoltanyň keşplerinde gadymyýetde göreş tutmagyň neneňsi ýörgünli bolandygy görünýär. Türkmen milli göreşine taryhyň ähli döwürlerinde halk köpçüligi tarapyndan ürç edip tomaşa edilipdir. Hut şu nukdaýnazardan hem, göreş tutýan pälwanlara il içinde uly hormat-sylag edilipdir. Durmuşda göreş tutmasa-da başarjaň, dogumly ýigitlere «Pälwan ogul» diýilýär. Halkymyz milli göreşe bagyşlap, «Göreşde ataň hem bolsa sylama», «Ýykylsaň ýer göterýär», «Göreşen ýykjakdyr, ýaryşan ozjakdyr», «Göreş bir abraýdyr», «Ýykylan göreşden doýmaz» ýaly aýtgydyr nakyllary döredipdir.
Il içinde göreş bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň ençemesi döräpdir. Pälwanlaryň naharlanyşy-da dürli-dürli bolupdyr. Käbir pälwanlar göreşden birnäçe sagat öň çapadyny ýa-da gatlamany agarandyr gatyga ýanap naharlanypdyr. Käbirleri bolsa göreş tutuljak güni irden birnäçe ýumurtga içmegi dogry bilipdir. Göreş tutmazyndan birnäçe sagat öňinçä, bir käse eredilen goýun ýagyny başyna çeken pälwanlar hem bolupdyr. Göreş tutýan pälwanlar özlerini elmydama seýisläp gezipdirler. Göreş başlamazyndan öň, abraýly ýaşuly göreşiň sag-aman tamamlanmagy üçin saglyk dogasyny okap, ak pata berýär. Hemme tomaşaçylar muňa goşulýar. Köplenç, tutluşyga gatnaşyjylaryň biri ýerli pälwan, beýlekisi bolsa myhman pälwan bolupdyr. Geçmişde toýuň esasy göreşiniň bir gün öňünden «Geňeş göreşi» diýip atlandyrylýan göreş geçirilipdir. Şol gün pälwanlar ertir kim bilen göreş tutmaga mümkinçiliginiň bardygyny kesgitläpdirler.
Türkmen toýlarynda göreş adaty açyk meýdanda çägäniň üstünde geçirilipdir. Göreş meýdançasynyň demirgazyk-gündogar tarapynda ýaşulular we eminler oturypdyr. Jarçy baýragy yglan eden wagty pälwanlar göreş meýdanyna çykyp, orta taşlanan guşagy alýarlar. Soňra bolsa garşydaşlar düzgünleri bozman, biri-biriniň guşagyny ykjam daňýar, şeýdibem tutluşyk başlanýar. Adatça, hormat-sylaga görä, ýaşkiçi pälwan ýaşuly pälwana ýüzlenip, «Gezek sizden!» diýýär. Garşydaşynyň hem özüne rugsat bermegi bilen ýaş pälwan maýyna garap ugraýar. Eger-de ýaşuly hiç zat diýmän emel ediberse, ýaş pälwan goranypdyr. Kähalatlarda halypa pälwanlar garşydaşy ýaş bolsa-da, onuň güýçlüdigine göz ýetirse, «Beriň şuňa baýragy!» diýip, çetleşmek bilen bolupdyr.
Türkmen göreşiniň esasy emeli göterip ýykmak hasaplanylýar. Iki tarapyna «tegeläp», «burlup», «bil oýnadyp», haýsy-da bolsa bir tarapa dyzyna göterip ýykýan pälwanlar aýratyn hormatdan peýdalanypdyr. «Badak salmak» «göterme» emeliniň garşysyna ulanylýan emel hasaplanylýar. Muňa, köplenç, «çopan badagy» diýilýär. Türkmen göreşinde «çigme», «ilme», «sürüşme» esasy emeller hasaplanylýar. Emelde çyn pälwanlar öňe ýada yza agdaryp ýykyp bilseler, onda tomaşaçylaryň berekellasyny gazanypdyr. «Kakma», «silkme», «ýanbaşlama» ýaly emeller pälwanlaryň başarjaňlygy hasaplanýar. Bu emeller pälwanlardan çalasynlygy talap edipdir. Üstesine-de, ol garşydaşlaryndan, öňürtiläp emel edip ýetişmeli bolupdyr.
Geçmişde türkmen milli göreşiniň berk kadalary bolupdyr. Ýeňiş gazanmak arkany — «ýagyrnyny ýere degirmek» arkaly kesgitlenipdir. Häzirki günlerde-de Lebap welaýatynda göreş geçirilende, arassa ýeňiş diňe «ýagyrnynyň ýere degmegi» hasaplanýar. Iki sany güýçli pälwan göreşende biri-biriniň arkasyny ýere degirmek olara örän kyn bolupdyr. Olar uzak wagtlap çekeleşipdirler. Soň-soňlar bu ýagdaýyň aňsat däldigini göz öňünde tutup, dyzyň ýere degmegi bilen ýeňiş bermek düzgüni girizilýär.
Göreş emellerini kemsiz ýerine ýetirip, ýaşlara bu sungaty öwretmäge jan eden ussatlara halkymyz «süňk pälwan» diýýär. Halypa-şägirtlik gatnaşyklary türkmen göreşinde sada, ylalaşykly bolsa-da, «süňk pälwan» diýip derejelenen hakyky pälwana özüni pälwan saýan her bir adam şägirt bolup bilmändir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bedenterbiýäniň, sportuň ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren sport toplumlarynda milli oýunlarymyz sportuň aýratyn bir görnüşi hökmünde türkmen ýaşlary tarapyndan höwes bilen oýnalýar.
Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
02.04.2020ý.