«BITARAP DIÝAR: ÝAŞLARYŇ TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER» ATLY MAKALALAR TOPLUMYNDAN
Ilimizde çyny bilen bir işe berlen ynsany göreniňde, «Arma!» diýilýär. Her bir zadyň gadyr-gymmatyny maňlaý deri bilen ölçeýän adam tüýs ýürekden ýylgyryp: «Bar bol!» diýip jogap berýär. «Bar bolmak» — ýaşaýşyň gözelligini görüp-duýup, durmuş şerbedini dadyp ýaşamak ýaly nesibäňe ýazylan ýagşy zatlardan paýly bolmakdyr. Onda-da ýöne bir yry-syryl bolup, ýarym sag, bir ýarym sökel bolup günüňi dolamak däl-de, eýsem, gojalýançaň öz süýegiňi özüň süýräp sagdynja ýaşamakdyr. Saglyk bolsa bu bir ömür meýdany. Her bir ynsana Beýik Biribaryň beren takdyr meýdany. Şol meýdanda biziň her birimiz özümiziň barlygymyza, hakykatlygymyza göz ýetirip ýaşaýarys.
Ata-babalarymyz bar bolmak, saglygyňy goramak üçin gadym döwürlerden bäri päkizeligiň, arassaçylygyň milli ýörelgelerini saklap gelipdir. «Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak» diýýän halkymyz her bir hereketini, edýän işini ýagşy niýetlilik, ynsanperwerlik bilen baglanyşdyrypdyr. Ýaşulular ýaşkiçilere, ene-ata öz perzentlerine saglygy goramagyň milli ýol-ýörelgelerini wesýet edipdir. Türkmençiligiň ýazylmadyk kanunlary bilen ynsan ömrüne zyýan ýetiräýjek biweç hereketlere garşy göreşilipdir. Diňe bir ýakyn dostuň manyda däl-de, eýsem, tutuş il-gününi dosty, gardaşy saýan eždatlarymyz iň ýönekeýje endikleri hem terbiýelemegi başarypdyr. Munuň üçin dyrnak almagyň, saç-sakgala timar bermegiň, hammam kabul etmegiň, gezelenje gitmegiň, aw-şikarda bolmagyň öz kada-kanunlary saklanypdyr. Ýagşy niýetlilik, sagdynlyk, uzak ömür bilen baglanyşdyrylyp aýdylan «Dost öýünde dyrnak alma» diýen aýtgy baý many-mazmuna eýedir. Sebäbi buýnuz gatlagyndan emele gelen dyrnak saglygy goraýşyň maglumatlaryna görä, üstünden ençeme ýyllar geçse-de şol durkunda bolýar. Onuň çüýredijilik ukybyna eýedigine göz ýetiren atalarymyz öýde-içde, aşhanada, iýmitlik önümleriniň golaý-goltumynda dyrnak aýyrmandyrlar. Elleriň we aýaklaryň dyrnaklaryny bir günde almak günä saýylypdyr. Sagdyn adam bir gün eliniň dyrnagyny aýyrsa, ertesi ýa-da soňky güni aýagynyň dyrnagyny aýryp, arassaçylyk işini berjaý edipdir. On barmagyň dyrnagynyň üstüne on sany dyrnak boýy çöp gyrkylyp atylyp, bilelikde ýere gömlüpdir. Edil saç daramakdaky milli ýörelgeleriň saklanyşy ýaly, düzgün-tertip berk tutulypdyr.
Biz taryhy maglumatlardan Şähri-haýbar, Merw, Amul, Ürgenç... ýaly gadymy şäherlerde ýer astyndan hapa suwlary äkidýän lagym ulgamynyň bolandygyny bilýäris. Şeýle ulgam bişen kerpiçleriň hem-de dag daşlarynyň kömegi bilen gurlupdyr. Şäherlerden uzakda, çet gyrada ýaşaýan halkymyz hem kir ýuwmak, malyň iç-goşuny arassalamak, kellebaşaýak artmak ýaly arassaçylyk işlerini geçirenlerinde, ýörite gazylan çukurdan peýdalanypdyrlar. Kir suwuny köpçüligiň geçýän ýoluna, ekin meýdanlaryna, miweli we saýaly baglaryň aşagyna dökmek günä saýylypdyr. Suw içilýän süýji suwly derýalaryň, ýaplaryň boýunda kir ýuwmak unalmandyr. Milli baýramlary we toý dessurlaryny mynasyp garşylan halkymyz halal malyndan halaýyga duz dadyrypdyr, sadaka paýlapdyr. Şeýle toýlarda milli tagamlar taýýarlanypdyr. Öküz, goýun-geçi, düýe-ogşuk ýaly halal mallar kesilende, ýörite çukur gazylyp, damak gany şoňa akdyrylypdyr. Oglan-uşagyň, gelin-gyzyň barmajak, çeträk ýerinde gazylan şol çukurda dessine ot ýakylyp, üsti gömlüpdir.
Halk döredijilik eserleri türkmeniň goç ýigitleriniň aw-şikara, gezelenje çykmagy halandyklaryny habar berýär. Bahar paslynyň gözelligi, gyzyl haly ýazylan gülälekli, gyzylgozanakly meýdanlar, ýaşyl begres geýnen ýaly sähralar ynsan saglygyny berkitmekde bahasyz baýlyk. Elmydama tebigat bilen sazlaşykda ýaşan ata-babalarymyz şeýle gözelligiň goralmagyny gazanypdyrlar. Ýaz we güýz aýlary meýdanyň käkilik, turaç, sülgün ýaly halal guş-gumrularynyň, maral-keýikleriň, dag jerenleriniň köpelýän döwürleri aw etmeklik gadagan edilipdir. Aw eti näçe süýji bolsa-da, damagy çalynmadyk bolsa, iýmit üçin unalmandyr. Şeýle aw eti halal saýylmandyr. Seýit Ysmaýyl Jürjanynyň «Tebipçiligiň ýan kitaby» atly eserinde Pygamberimiziň iýmitlik janly-jandarlardan diňe jany bolmasa-da, zaýalanmadyk balygy iýmäge ejaza berendigi barada aýdylýar. Halallanmadyk towuk-towşan, mal-gara, ýabany haýwanlary iýmekden saklanmak ündelýär. Halkymyz milli lybas meselesinde hem nebereleriniň saglygy bilen baglanyşykly ýörelgelere aýratyn üns beripdir. Ýaş çagalaryň, gelin-gyzlaryň arassa ýüpek pilesinden dokalan keteni, gyrmyzy, alaça, şahuban, atlaz, ýüpek... parçalary geýmeginiň hem saglyk bähbitli taraplary bolupdyr. Ýüpek matalar gijilewügiň, gotur keseliniň bire-bir emi hasaplanypdyr. Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly eserinde ýüpek barada şeýle jümleler bar: «Ýüpek eşik geýmek gara öt haltanyň zyýanly zäheriniň bölünip çykmagyny azaldýar, ýürek-damar kesellerini bejerýär, ýüregiň işleýşini güýçlendirýär».
Pederlerimiziň saglyk bähbitli öwüt-ündewlerine eýeren perzentler elmydama nahardan öň we soň ellerini ýuwmagy düzgün edinipdirler. Sowuk haldaky iýmitler bilen gyzgyn tagamlary bile iýmekden saklanypdyrlar. Bir galypa gelmeýän, bile iýlende ynsan bedenine zyýan ýetirýän önümleri aýry-aýrylykda kabul edip, saglyklaryny gorapdyrlar. Şeýle ogul-gyzlar çynar ýaly berk, kaddy-kamaty göze gelüwli, sagdyn, gelşikli bolup ýetişipdirler. Olaryň her bir işde jany sag, keýpi çag, ýüregi joşgunly, ruhy belent bolmagy durmuş sazlaşygynyň tükeniksiz akabasyny döredipdir. Päklik, arassaçylyk, halallyk ýaly milli ýörelgeler şeýdip türkmeniň adyny äleme ýaýypdyr.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
07.04.2020ý.