Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň öz edebi mirasyna, bilimleriň gözbaşy hasaplanýan kitaba mydama sarpa goýup gelendigi barada söz açyp: «Türkmenler Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr» diýip belleýär. Ata-babalarymyzyň biziň günlerimize ýetiren şeýle ajaýyp kitaplarynyň biri hem beýik türkmen akyldary, ajaýyp şahyr we döwlet işgäri Ýusup Has Hajyb Balasagunlynyň (1015 — 1070) «Kutadgu Bilig» eseridir. «Bagt paýlaýjy ylym», «Döwleti dolandyryş ylmy» diýen manylary aňladýan bu eser türkmen we Gündogar halklarynyň edebi gymmatlygyna öwrülipdir.
Ýusup Has Hajybyň ýaşan Garahanly döwleti Orta Aziýada gurlan beýik türkmen döwleti bolupdyr. Garahanlylar döwri türkmen taryhynda örän uly ähmiýete eýedir. Garahanlylar döwründe Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugatit-türk» eseri bilen birlikde ylmy çeşmelerden biri bolan «Kutadgu Bilig» möhüm ähmiýete eýedir.
XI asyryň ikinji ýarymynda ýazylan «Kutadgu Bilig» dünýä edebiýatynyň taryhynda gadymylygy bilen ünsi özüne çekýär. Belli gündogarşynas W.Bartold: «XI asyrda türkmen dilinde şeýle eseriň ýazylmagy geň galdyryjydyr» diýip, ýokary baha beripdir. Mundan başga-da, Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu Bilig» eserinde Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserindäki ýaly döwleti dolandyrmak üçin hökümdarlara mahsus häsiýetler nygtalýar.
Garahanly türkmen döwletinde ýokary wezipeli döwlet işgäri bolan Ýusup Balasagunly «Kutadgu Bilig» eserinde Sokrat, Platon (Eflatun) ýaly gadymy grek akyldarlarynyň, Ibn Sina, Faraby ýaly türkmen alymlarynyň jemgyýet, döwlet baradaky garaýyşlaryny özboluşly ösdüripdir. Ol: «Halky we döwleti dolandyrmagyň ýeke-täk maksady adalat bolmalydyr, hökümdar adalatly kanunlar goýup, jemgyýeti adalat bilen dolandyrmalydyr» diýen pikirleri öňe sürüpdir.
Ýusup Has Hajyb öz döwrüniň görnükli alymlarynyň biri bolmak bilen, ol hytaý, hindi we musulman pelsepe ýörelgelerinden gowy baş çykarypdyr. «Kutadgu Bilig» şol döwrüň goňşy edebiýatlarynyň nusgalaryny hem şöhlelendirýär. Eserde ahlak we syýasat ulgamy, esasan, dört ýörelgä esaslanýar: bilim, hereket, adalat, hökümdarlyk. Ýusup Balasagunlynyň eserinde duş gelinýän ilkinji ýörelge bilimdir. «Kutadgu Bilig» eserinde jemgyýet we syýasat bilen baglanyşykly ahlak kadalarda ýa-da şahsyýetler bilen baglanyşykly ahlak düşünjelerde bilimiň orny düşündirilýär.
Ýusup Balasagunly «Kutadgu Bilig» eserinde: «Bilim iň belent paýhasdyr, oňa baha kesip bolmaz, bilim adamzadyň iň ýokary derejesi we güýjüdir, bilim akyl bilen öwrenilýär» diýen garaýyşlary öňe sürüpdir. «Dil Taňrynyň adamzada bagyş eden iň gymmatly sowgadydyr, her bir ynsan dili gowy ulanmagy başarmalydyr, bilimiň daýanjy dildir, adam dünýeden ötse-de, sözi galar» diýen pikirler eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Söz ussadynyň nygtaýşy ýaly, ýagşylyk, ynsanperwerlik iň belent mertebedir. Muňa ýagşylyk etmek, günäsini ötmek, beren sözüňi tutmak ýaly zatlar girýär. Adamyň eden ýagşylygy mydamalyk ýatda galýar. Ýusup Balasagunly bilimi ähli zatdan ýokary tutýar. Ol adamlaryň aýratynlygyny bilim bilen baglanyşdyrýar. «Bilim al, adam bol, mertebäňi beýgelt!» diýip nygtaýar. Ýusup Has Hajyb eserinde: «Bilimiň saýasynda dünýäde erbetlikler azalar» diýip nygtaýar.
«Kutadgu Bilig» eseriniň ýazylmagynyň esasy maksady, XI asyrdaky ahlak, syýasat we döwlet dolandyryşyndaky dowam edip gelýän umumy garaýyşlary we pikirleri bir kitapda jemläp, olary özünden soňky nesillere ýetirmekden ybaratdyr.
Umuman, Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutadgu Bilig» atly eseri edebi-çeperçilik, many-mazmun taýdan uly ähmiýete eýe bolup, döredilen wagtyndan bäri ençeme ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, adamzadyň durmuş ýoluna nur saçyp gelýär.
Nurjemal BALYŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
04.04.2020ý.