MIZEMEZ MIRAS
2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynda: «Häzirki wagtda biziň üçin, çagalar bagyndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaş nesillerimize türkmen dilini we edebiýatyny, medeniýetli sözlemegi hemmetaraplaýyn öwretmek, olary milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek örän möhümdir» diýip belläp geçdi.
Halkymyzyň asyrlarboýy döreden baý edebi hem-de medeni mirasy ýaş nesilleriň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Haçan-da ýaş nesil özüniň geçmiş taryhyny içgin öwrenip, oňa doly göz ýetirende bolsa bu terbiýe has-da düýpli bolýar. Her bir halkyň geçmiş taryhy, medeniýeti, sungaty onuň edebiýatynda, halk döredijilik eserlerinde özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Halkymyzyň şeýle baý mirasyny ata-babalarymyz häzirki günlerimize çenli ýetiripdir. Bu däbiň dowam edilmeginiň esasy şerti bolsa, biziňem ýaşulular bilen duşuşyp, olaryň dilinden mirasymyza degişli gürrüňleri ýazyp almaklykdan ybaratdyr. Biz şeýle jähtden ugur alyp, nakyllardyr atalar sözleriniň birnäçesiniň manysyny bilmeklik üçin Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, segsen ýaşly Eýeberdi aga bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda dili senaly ýaşuly bize şeýle gürrüň berdi:
— 1955-nji ýylda ýedinji synpy gutaran ýylym çoluk bolup kakamyň ýanyna gitdim. Indi hasaplap görsem, çölde-düzde ýarym asyra golaý wagt gezipdirin. Dogrusy, meniň doly sowadym-a ýok. Ýöne özümizden öňki ýaşulularyň beren gürrüňlerinden gulagymyz ganypdyr. Näme onsoň, çopan boljak bolsaň köp zada özüňem üşükli bolmaly bolýar. Ine, şol döwürlerde we ondan soňky ýyllarda gözüm bilen görüp, gulagym bilen eşidip, şaýat bolan wakalarymdan aýdyp bereýin.
«Ýaldyrak dogandan soň,
keýik suwsamaz»
Keýigem näme, çölüň görki. Beýleki haýwanlara hem suw gerekdir-le weli, keýik has ejiz bolýar. Bu janawaryň duşmanam köp bolansoň, köplenç, gaçyp-tezip ýörmeli. Onsoň şu ýerde suwuň nä derejede derwaýysdygy özüňe hem düşnüklidir. Ýaldyrak ýyldyzy dogandan soň, Günüň ýüzi gaýdyp ugrar. Şonuň üçinem «Üç ýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün» diýlerdi hemişeler. Yssy hem paýawlar. Onsoň keýigem suwsap barmaz.
«Kiçi çillede balam bolsaň damma,
Uly çillede ganam bolsaň diňme»
Çarwa hasabyna görä, her ýylyň noýabr aýynyň ýigrimi ikisinden-ä gyşa girersiň. Biz ählisine gyş diýäýýäs. Ýöne çarwalar muny şeýleräk bölýär: ilkinji on bäş gününe «garagyş» diýilýändir. Ondan beýlägem kyrk güni alsaň «uly çille» bolar. Uly çilledenem ýigrimi güni öňe alsaň «kiçi çille». Ýene on bäş günem galdymy? Oňa hem «garagyş» diýilýändir. Şulary jemleseňem togsan dolýandyr. Ondan soň bolsa çarwa nowruzy başlanýandyr. Çarwa senenamasy boýunça onuň yz ýanyndan nowruz diýer, ülker diýer tirkeşer gidibir. Hawa, gyşda ýagan ýagyş-garyň ekine-dikine, mal-gara zyýany bolmaz. Näçe ýagsada peýdalydyr. Emma nowruzdan soň gelen ygal eýýäm artykmaç bolýar. Sebäbi tebigatyň janlanmagy, baharyň gelmegi bilen ekiş döwri başlanýar. Ýokardaky gürrüňem tebigatyň sazlaşygy synlanyp döredilen.
«Düýe gyrda bolsa-da,
gözi şorda bolar»
«Ýüküm duz bolsun, ýolum ýanaw bolsun» diýilýändirem. Şu ýerde düýäniň şory gowy görýändigi aýdyljak bolýar. Indi seniň sowalyňa geçeli. Gyr bolanda dagam, çölem, topragam däl. Şonuň üçinem gyryň ösümlikleri ýuwandyr. Emma gumuň köwreýigi, bozagany, sylasy, borjagy, sözeni güýçli, şor bolýar. Ana, onsoň düýäniň esasy höregem şeýle güýçli çöpler. «Gözi şorda bolar» diýilýäniň düýp sebäbi şondadyr.
«Gurt ümürli güne guwanar»
Çopan bolsaň ýagyň meýdanyň möjegi bolýar. Ýöne şu möjek, gurt, böri diýýärler-ä, ana, meniň çakym-çak bolsa, şular biri-birinden tapawutlanýar. Esasanam, aw awlaýyşlary, ýaşaýyşlary boýunça. Böri ogrurak bolýandyr, namardrakdyr. Gurt ýene başgaçarak. Garaz, ahyrynda goýunlara urýar-da hemmesem. Gurt haýwanam bolsa, akylly bolýar. Haçan şu gaý-harasat turar, ýa bir ümürli howa bolar, şonda goýun sürüsine urar. Çopanam ýöne oturanok-la. Howa bulaşyp ugrandan olaryň geljegini aňýaň-da, itleriňe öz hereketiň bilen duýdurýaň. Wah, itlerem ahmal galanoklar welin... Ana, onsoň ümürli güne guwanar diýilýäni bolaýýar dälmi?
«Düýäni gotur tükeder,
hamyry petir»
Düýäniň gotura duran ýeridir. Iň asgyn zady. Şonuň üçinem garymyň içine ýörite agaç dikilip, düýäň boýy ýetäýjek ýerden keçe orap, oňa hem gara ýag (geçiň-goýnuň çöründen alynýan ýag) çalnardy. Meýdandan gelensoň düýe şol agaja süýkener. Gara ýagam goturyň emi. Onsoň halk içinde, birine degjek bolsalar, «Al-aýt, gotur agajy ýaly süýkenip aldyň» diýilýändir. Şu meňzetme şondan alnandyr. «Hamyry petir» diýilýänem, petir çörek aldyrylman bişirilýär. Onsoň hamyram köp alýar.
«Dört ýaşar at münüp,
ýol soran adam akmak»
Dört ýaşar atyň aýagyň aşagynda bolsa, sen beýik gumam bolsa sürüber, suwam bolsa seni ahmala goýmaz, derýa-da bolsa alyp geçip gider. Köpri-güzer gözläp ýörmeli däldir. Sebäbi şol ýaşda at ýetjek derejesine ýetýär. Şeýleräk gürrüňem bardyr: «Aty birinde besle, ikisinde gözle, üçünde mün, dördünde bolar at, bolmasa sat».
«At aýlygyny gorar,
düýe ýyllygyny»
Atlar bir aýlabam, ýylboýy hem seýislenýär. Aty näçe uzaklykdan çapjak bolsaň, şoňa werdiş etdirýäň. Seýsi ýeten bedew at şol tabyny saklaýar. «At aýlygyny gorar» diýýänleri şunda. «Düýe ýyllygyny gorar» diýilýänem, ol öz köşegini on iki aýlap göterýär. Ýene bir zat bar. On iki aýy dolup, düýe botlasa, onda inen bolar. Emma köşegini on üç aý göterse, onda erkek bolar. «Aňsadyna bakan gyz dograr» diýilýän gürrüňem şondan gaýdýan bolmaly.
«Gurt goňşusyny iýmez»
Şu gürrüň gaty dogry. Biz oňa kän şaýat bolduk. Özümizden öňki garry çopanlardan kän eşidipdik. Şu çöl ýeriniň möjek-gurdunyň bir edähedi bar. Çagalan wagty süreniniň üstünde owlak-guzy alsaňam seniň mallaryňa degmez, eger-eger işi bolmaz. Beýleki it-guşdanam seniň goýun süriňi gorar. Haýwan diýer ýaly däldir. Bu-da möjegiň öz çagalaryny gorajak bolup edýän hereketi. Şo töwerekdedigi bilnäýse, çagalaryna hem howp abanjakda. Başga möjeklerem şol möjegiň süreniniň töwregine gelip bilmez. Täsin gerek?!
Sähetmyrat KAKYŞOW,
“Nesil” gazeti,
11.04.2020ý.