«Elli ýaşyma çenli at çaparyn diýip wesýet-ä edipdim». Bu sözler çapyksuwar hem seýis Toýlymyrat Babaýewe degişli. Aýlawyň gögerçindir serçelerini al-asmana göterýän at toýnaklarynyň güpürdileri indi otuz alty ýyl bäri ussat çapyksuwaryň göwnüni galkyndyryp gelýär. Munuň özi hem atlara bolan çäksiz söýgini tassyklamaga ýeterlik.
Biz birek-birek bilen ilkinji gezek görüşýärdik. Ýöne şonda-da salam-helikden soňky on-on bäş minut köpden bäri görüşmeýän iki dostuň duşuşygyna öwürse nätjek? Men-ä känbir sorag berip durmadym, olam: «Näme aýtsamkam?!» diýmedi.
— Atama Annaseýit aga diýerdiler. Kakama-da Baba Annaseýit. Ikisem seýis, çapyksuwar bolan... Menem oglanjyk wagtym athana gelip agalarym Ilmyrat Agamyradyň, Kakamyrat Agamyradyň, Rejepmyrat Agamyradyň, Bekmyrat Babaýewiň elinde bolup, at münmäni öwrendim.
Müň dokuz ýüz segsen altynjy ýyldan başlabam aýlawda çapyp ugradym. Ilkinji çapan atym Sylagly. Oň bilen ikinji geçdim. Munuň yz ýany Keniz diýlen gysrak bilen ozdum. Şeýdip gidiberdi. Wagtam geçip dur, ýaş çapyksuwarlyk möwsümi tamamlanansoň, Ilmyrat Agamyrat, Rejepmyrat Agamyrat, Kakamyrat Agamyrat, Orazguly Babaly, Mälik Muhammet, Mälik Taýly ýaly halypa çapyksuwarlar bilen at çapyşdyk. Şeýdip olardanam kän zat öwrendim.
Çapyksuwarlyga, ilki bilen-ä, üşüklilik gerek. Onsoňam halypa. Meniň halypam Rejepmyrat Agamyrat... Hawa, ol diňe bir amalda däl, eýsem, nazaryýetden, ylmy kitaplardan peýdalanmagy, wagtyň geçmegi bilen, çapuwda köp zatlary üm bilen düşündirmegi öwretdi. Üm diýemde, şu ýerde bir zady aýdasym gelýär. Dordepel diýip aty taýynlardyk. Her aýlaw bolanda gyrada janköýerlerem, seýislerem oturardy. Çapyp barýarkam şol giden adamlaryň içinden öz halypa seýsimi görübilerdim. Atymyň gidip barýan ýagdaýyny oturan ýerinden düşündirerdi. Ozmaly pellehana birje-dä. Seýsim giden adamyň içinde gygyrsa beýleki ýoldaşlarymam peýdalanmagy mümkin. Şeýdip köp zady ümde aýdardy. Güýçli seýisler üm bilen düşündirýändir.
Ýaňy üşük hakda gürrüň etdig-ä. Her hepdäniň üçünji, bäşinji günleri daraw bolýar. Uly darawlar bäşinji gün, kiçi darawlar üçünji gün. Şonda gataldyp darap geleňsoň, seýis çapyksuwardan soraýar-a: «Atyň ýagdaýy nähili? Aýagyny çalyşýarmy, demi agyrmy? Saz ýöreýärmi?» diýip. At taba gelmedik bolsa, onam aýtmaly. Käte aty darap barýarkaň, ters aýagyna (çep aýagyna) barýar. Sebäbi aýlaw sagat aýlanyşyna çapylýar. Çep aýagyna gidip barýan bolsa nädogrurak barýa-da. Onam sen duýmaly. Ýolda dem bereňde, böküp aýagyny çalyşmaly. Şu zatlary, köplenç, üşükli çapyksuwarlar duýýandyr. Atyň üstündekäň kän zatlary duýmaly. Eliňdäki barmaklaryň ujy bilen, daraklygyň, injik myşsalaryň bilenem... Ýer ýüzünde bareýterler diýilýändir. Ýaňky zatlary duýup bilýärler. Ýene bir zat bar. Atyň näçeräk güýjüniň bardygyny bilmeli. Çapyksuwar gerek ýerinde süýşüp-süýşüp, aýdaly müňden çapýan bolsa, ýa-da bir müň iki ýüzden çapýan bolsa, güýjüni gerek ýerinde ulanýar. Güýçli çapyksuwarlar şonuň esasynda hasaba alynýar. Sebäbi at bilen çapyksuwaryň arasynda göze görünmeýän duýgy arkaly gatnaşyk bolmaly. At gürlänok, ýöne gulagy bilen, gözi bilen ähli zady aýdyp barýandyr. Gaty gürleseňem düşünýär, ýuwaş gürleseňem. Tutluşyp barýanam bolsaň, jylawdakaňam saňa ynanar. Halka çykaňda çapjak bolup duran at titräp durandyr welin, gowy çapyksuwar bolanda göwünlik berdigi şoňa ynanar. Beýleki atdan pesrägem bolsa, üstündäkä arkalanyp beýleki güýçlüleri alyp bilýär. Onsoňam her çapuwda seýis tarapyndan görkezme bar. Gitmänkäň seýis aýdýar: «Pylan ýerräkden süýşäýgin öňe» diýip. Käte seýsiň görkezmesini üýtgetmeli bolýan wagtyňam bolýar. Sebäbi çapuw hasap edişiňe görä gitmese, ýolda eýýäm üýtgetmeli bolýaň-da. Şeýle ýagdaý Dordepeli çapamda-da boldy, Gülüstanam. Her atyň öz häsiýeti bar. Bir at ýeňilräk bolýar. Ýiti. Bir at bar agyr bolýar. Bu häsiýetler gan yzarlaýar. Aýdaly Garlawaç tohumlar ýeňil bolsa, Gyrsakar tohumlar agyrrak bolýandyr. Bularyňam hersiniň öz jylaw tutulyşy bar.
Çapyksuwar gürrüňdeşim atlar üçin bellenilen aralygyň soňky dört ýüz metrinde tutluşyp barýan ýaly hyjuwly gürleýärdi. Birdenem pellehana gelen ýaly bolaýdy. Arkaýynlaşdy. Tüýs ugrukdyrmaly ýeridi. Şondan soňky ýekeje sözlem başdaky hörpi yzyna gaýtardy...
— Hawa. Eslije at çapylandyr aýlawda. Ýöne olaryň içinde ýatdan çykmaýanlary bolýarda... Garadil diýip meşhur at boldy. Şol döwürlerem Taýly agalaryň Garaşsyz diýip meşhur aty bardy. Öte ýyndam. Birküç ýyl öňüne at geçirmedi. Mälik Taýlyýew çapýardy. Şo wagtlaram Kakow halypa Garadili seýislärdi. Şonda Garaşsyz bilen birinji gezek «TSSR» baýragynda çapyşdyk. Onda galyp geldik. Ýyndamçylyk edensoň, pellehana gelende Garaşsyz geçirenok-da. Öňem ozup ýören at. Öňümizde-de «Halklaryň dostlugy» baýragyna çapuw bar. Pelle-de dört müňden. Şunda taýynlyk görüp ýörkäm, kelläme bir pikir geldi. Onam gelip öz halypam Rejepmyrada aýtdym. Garaşsyzdan şuň ýalak edip galýas. Kakow halypadan sorap beräý. Öňüne düşüp çapyp göräýin diýdim. «Kakow gelsin, maslahatlaşyp göreris» diýdi. Geldi welin maslahatlaşyp: «Bolýa, Toýly, dört müňden öňüne düşüp git» diýdi. Şonda birinji gezek Garaşsyzy ozduk. Şeýdibem Garadil ýyndamçylyk edip başlady. Soň Garadili, tüweleme, Merdan Şirli çapdy. Ýyndamçylyk etdi. Soň Enwer Babaly çapandyr. Gaty ýyndamçylyk edendir.
Garadiliň meşhurlyk gazanyp ýören döwürleri men onuň garşysyna Dordepeli (Gadagan we Tudanadan) çapardym. 2000-nji ýyl. 19-njy fewral güni. Şu günki ýaly ýadymda. Dordepeli birinji gezek ula taýynlap görşümiz. Ýaňy bäş ýaşady. Ondan öň aşaky ulularda çapardyk. O wagtlar Dordepeliň belli bir süňkleri ösenokdy. Halypam Rejepmyrat Agamyrat şoňa deňiç garaşdy. Munda-da bedewimiň ýoldaşlary Garadil, Garadag, Garaşsyz, Baýrakly ýaly birnäçe ýyndam atlar. Ýokary toparyň atlarydy. Pelle-de iki müň dört ýüz. Seýsim: «Jigim, azajyk howlukman yzlaryna düşsene. Ilki bir güýçleşme. Müňden süýş. Soňky dört ýüz metrini barlap gör. Näme güýji bar bolsa» diýdi. Şonda Dordepel gowy gönelip, bar güýjüni barladyk. Tüweleme, Dordepel pellehana edil bir böküm galanda, Garadili ýarym boýun geçdi. Dordepeliň soň-soňam öz janköýerlerini begendiren gezekleri köp boldy.
Akdaşaýak obasynyň (häzirki Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumy) Menzilli (Keýmir-2 we Melejandan) diýlen aty bilen seýisçilik edip ugradym. Seýisçilikde halypalarym Rejepmyrat Agamyrat bilen Bekmyrat Babaýewdi. Onsoň Menzillini güýz möwsüminde alty çapdym. Üçüsinde ozdum. Ozanlarymyň biri-hä «Gözel» baýragydy. Ikinjisem bir baýrakdy öz-ä. Menzilli bilen üçünji ozuşymyz gaty üýtgeşik boldy. «Oks» (Iň ýyndam gysraklar üçin baýrak) baýrakda-ha Senemgülden sähelçe galdym. Yz ýanda taýynlyk gördük. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy baýramçylygynda çapdyk. Munda-da, tüweleme, üçýaşarlar güýçlüdi. Birnäçe ýyndam atlar çapdy. Yzrakda oturdym. Gysrak bolansoň ýeňilräk gelýä-dä. Güýji ýetmedi. Munda-da Dorsekil geçdi. Derbide ýene öňki görkezme bilen çapdyk. Ýene galdyk.
Soňky çapuwyň öň ýanyndaky bir hepdede halypalarym görkezmelerini üýtgedip, Dorsekiliň yzynda oturmaly diýlen netijä geldiler. Iki müň sekiz ýüzdenem Türkmenistanyň Kubogy baýragyna çapmaly. Ýene Senemgül, Ýelperi. Birinde Esger Hydyr, beýlekisinde Enwer Babaly. Dorsekiliň üstünde Baýmyrat Meredalyýew. Olam güýçli çapyksuwar. Atlar ugrady. Dogry top bolup ugradyk. Çapuw ortatabrak gidildi. Beýleki atlar bir müň alty ýüzden soň gaty ýörediler. Menem diňşirgenip barýan. Bäş ýüze gelemde Dorsekil şonda-da öňde-dä. Pellehana üç ýüz metr galanda tutdumam, ozdumam. Şeýdibem Menzilli bilen Göçme Kubogy aldyk.
Soňky döwürler meni hasam tanadan atlaryň biri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Gülüstanydyr (Goar we Kesearkaçdan). Bijaý ýyndam at boldy. Kän baýraklar aldyk. Bu dor at bilenem birnäçe gezek hormatly Prezidentimiziň baş baýraklaryny, «Uly Aşgabat» («Derbi»), «Göçme Kubogy» alypdyk.
Sözümiziň şu ýerinde esasy bellemeli zatlarymyzyň biri hem Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçen gününden beýläk türkmen ahalteke atlaryna bolan ünsüň hörpüniň düýpgöter üýtgändigidir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýlawlar, atşynaslarymyza berilýän hormatly atlar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary diýermiň — bularyň ählijesi bizi hasam buýsandyrýar. 2013-nji ýylda bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen men Fransiýadaky «Lonşam» aýlawynda geçirilen «Ark de Triumf» baýragyny almak ugrundaky bäsleşige gatnaşdym. Bu bäsleşige dünýäniň ähli ýurtlaryndan güýçli atlar gelýär. Dogrusy, bu meniň çagalykdan iň uly arzuwymdy. Şol arzuwyma hem ýetdim.
Biz çapuwa barmankak Fransiýanyň «Şanti» aýlawynda türgenleşik geçdik. Seýsimem fransuzlaryň meşhur seýsi Alen Depo boldy. Ýaşuly adam eken. Ol ýere baraňsoň seniň atyň üstünde oturyşyňa, jylaw tutuşyňa, at bilen gatnaşyk edip bilşiňe baha berýärler. On birilenji gün diýlende seýis Alen Depo terjimeçimiz Tatýana: «Meniň bu oglana öwretjek zadym ýok» diýipdir. Soň fransuz seýsi maňa: «Toýly, sen haýsy halypadan tälim alanam bolsaň, çapyksuwarlygyň gowy mekdebini geçen ekeniň. Ýöne bu çapuwda seniň şowlulygyňa baglydyr» diýende, men özümi örän buýsançly duýdum.
Men Alen Depoda at münenem bolsam, italýanlaryň Malossol diýlen atyny çapdym. Dünýäniň iň güýçli çapyksuwarlary bilen at çapmak, bir tarapdan, uly bagt, beýleki bir tarapdan bolsa, gaty agyr. Dogry, bu çapyşykda baýrakly orun alyp bilmesegem, biz öz tejribämizi artdyrdyk. Käbir bilmeýän zatlarymyzy öwrendik. Köp tarapdan özümize gerekli okuwlary alyp gaýtdyk. Olary hem, ine, özümizden soňky ýaş çapyksuwarlara öwredýäris. Şeýdip kämilleşip gidip oturmalymyka diýýärin. At seýislemegem, ony çapmagam giden umman... Diňe öwrenip ýörmeli-dä... — diýip, sözüne dyngy beren tejribeli çapyksuwar:
— Çaýymyzam sowaýdy gerek. Al bir käse içsene — diýdi...
Men indi kän eglenmeli däldigimi bilýärdim. Sebäbi seýis hem çapyksuwaryň agşamky hysyrdylary başlamalydy. Gaýtmaga rugsat soradym. Athanadan çykyp barýarkam, garaňky gatlyşyberdi. Ol meni uly ýola çenli ugratdy. Men öýe gelibem, ýataryma mähetdelem, ertesi günem, ondan soňky günem Toýlymyradyň gürrüňlerini kellämde aýladym. Her gezegem janygyp gürleýän keşbi bilen kiçijik göwreden çykýan pessaý sözlerdäki inçelik, şahyrana duýguçyllyk, ýiti synçylyk bir bitewülige öwrülip gidýärdi. Megerem, şeýle bolmasa, çyn bedew bilen düşünişmegem çetin bolsa gerek...
Sähetmyrat KAKYŞOW,
“Nesil” gazeti,
23.04.2020ý.