«BITARAP DIÝAR: ÝAŞLARYŇ TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER» ATLY MAKALALAR TOPLUMYNDAN
Geçen ýekşenbe diýseň ajaýyp gün boldy. Ýaşyl öwsen dag-dereleri, ýazyň ýaraşygy bolan gyzyl gülälekler, baharyň hoştap howasy göwünleri göterdi. Şeýle ýakymly pursatlarda hormatly Prezidentimiziň welosipedli 20 kilometr ýoly geçip, halkymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde bolmagy beden terbiýesiniň ynsan saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýediginiň kepili boldy.
Aslynda beden terbiýesini ähli edep-ekramyň gözbaşy diýseň hem ýalňyşmarys. Sebäbi ynsan ähliniň durmuşy hereketden gözbaş alýar. Aý we Günüň hereketlendiriji güýjüniň netijesinde ene ýeriň üstündäki janly-jandaryň ýaşamagy üçin şert döreýär. Akar suwuň hereketi ýata suwdan tapawutlandyrýar. Mylaýym ýeller öwsüp, ynsanyň göwnüni giňeldýär. Ene goýnunda çaganyň herekete gelmegi bilen täze bir ýaşaýyş başlanýar. Bu tebigy sazlaşyga aňryýany bilen göz ýetiren halkymyz perzentleriniň elmydama hereketde bolmagyny gazanmak üçin, milli terbiýäniň birnäçe görnüşlerini oýlap tapypdyr. Oňa watançylyk, zähmet, ahlak, beden terbiýesi... diýip at beripdir. Watany söýýän her bir ynsan ony gözüniň göreji ýaly hatyralap, elmydama gullugynda bolup, abraýyny goraýar. Zähmetiň ýönekeý kadalaryna boýun egýän adam diňe bir öz-özüne, maşgalasyna däl-de, eýsem, tutuş jemgyýete peýda getirýär. Zähmetiň netijesinde adam kämilleşýär, taplanýar, saglygyny berkarar edýär. Zähmet çekmeseň, gözellik döremeýär. Zawod-fabrikler zähmetiň netijesinde herekete gelýär. Şu sanawy milli terbiýe gorumyzyň islendiginden hem dürli mysallary getirmek bilen uzaldyp bolar. Ýöne maksat sanawy uzaltmak däl-de, eýsem, beden terbiýesiniň ähmiýeti barada gürrüň etmek.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýekşenbe güni ir säher bilen welosipedli gezelenji beden terbiýesi barada düýpli gürrüň etmäge badalga berýär. Ýol ugruna hormatly Prezidentimiziň şäheriň günorta tarapyndaky gurluşyk desgalarynyň birnäçesini synlamagy, arassaçylyk, ekologiýa kadalaryna gözegçiligi güýçlendirdi. Soňky ýyllar şäherimiziň köçeleriniň diýseň arassa saklanmagy, ýanýodalary jähekläp oturan gyrymsy agaçlaryň, dürli gülleriň ekilmegi we timarlanmagy göwünleri gözellige telwas eýleýär. Dag eteklerine, tarp ýerlere ekilen müňlerçe düýp nahallar boý alyp, töwerege saýa salýar. Şu baharda hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp bag nahallarynyň oturdylmagy saglygyň sakasy bolan kislorod gorumyzy baýlaşdyrýar. Milli Liderimiz welosipedli barýarka, ýol ýakalaryny etekläp oturan baglar, uzaklardan dag eteklerinde görünýän, boýuny ýetiren dürli dal-daragtlar eziz Watanymyza, zähmetsöýer halkymyza bolan ýürek buýsanjyňy joşdurýar. Şeýle il bähbitli işe ýaşlaryň köpçülikleýin gatnaşmagy bolsa, geljekde olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyna esas berer.
Baharyň mylaýym howasynda welosipedli gezelenç etmegiň belli bahasy ýok. Jan saglygyň üçin hereket etmek durmuşa bolan çaksyz söýgüden nyşan. Milli Liderimiziň ir bilen welosipedli türkmeniň ýüwrük bedewleriniň kerwenbaşylarynyň biri bolan «Ýanardagyň» heýkeline syn etmegi, ýurdumyzyň Hökümet münberiniň gurluşygynyň deňinden geçmegi, Bütindünýä welosiped gününiň hormatyna bina edilýän ýadygärligiň ýanyna baryp, işiň gidişi bilen tanyşmagy onuň aýdyň subutnamasy. Aslynda, hormatly Prezidentimiziň ekologiýa taýdan örän arassa ulag bolan welosipedli gezelenji, welosporty ýola goýmagy we kämilleşdirmegi ynsan saglygyny berkitmegiň ugrunda edilýän beýik işleriň diňe biri. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan etmek barada Kararnama kabul edildi. Halkymyzyň saglygy, çagalaryň we ýetginjekleriň beden taýdan berk, welosiped sürmäge has höwesli bolmagynyň aladasy bilen edilýän bu ähmiýetli işler, nesip bolsa, ýene sanlyja ýyldan öz miwesini berer. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlan we gurulýan orta mekdeplerde giň mümkinçilikli sport zallarynyň bolmagy hem oňa kepil geçýär.
Welosiped ulagyna oba ýerlerinde has uly üns berilýär. Sebäbi haçan görseň, oba çagalarynyň-da, aga-babalarynyň-da esasy ulagy welosiped. Toý-märekä gapysyndan baryp, ýörite çakylyk edilmeli bolsa, uzag-u-ýakyn, goňşy obalara maşyn ulanyp durulmaýar. Ýeňiljek welosipede atlanaýýarlar. Bu ýönekeý ulagyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetiren ildeşlerimiz şol sebäpli-de Bütindünýä saglyk güni bolan 7-nji aprelde köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdylar. Hemmeleriň bir başa bakyp, bir karara gelinmegi bilen şol gün ýurdumyz boýunça 7 müň adam welosipedli ýörişe çykdy.
Umuman, jemläp aýdanymyzda, tutuş halkymyz hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen saglygyň sakasy bolan beden terbiýesini amala aşyrmagyň ugrunda kökenek. Bu işde welosipedli gezelenjiň, ýörişleriň, welosportuň ähmiýeti çenden-çakdan zyýadadyr.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
21.04.2020ý.