MAG­TYM­GU­LY PY­RA­GY­NYŇ EDE­BI MI­RA­SYN­DA NE­SIL­LE­RE NE­SI­HAT­LAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratynam, akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi.

Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.

Magtymguly Pyragy adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar diýen netijä gelipdir. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir.

Watana bolan söýgi mährem enäniň ak süýdünden, dogan-garyndaşlardan, ene toprakdan, agzybirlikden, asudalykdan, ynsanperwerlikden, myhmansöýerlikden, ulyny-kiçini sylamakdan, «Bir suprada taýýarlanan aşdan», eziz çagalarymyzyň şadyýan gülkülerinden, gojalarymyzyň pähim-paýhasyndan, il-ýurt abadançylygyndan, hormatly Prezidentimiziň: «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ajaýyp sözlerinden başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň şol sözlerini eşideniňde Watana, halka, güneşli Diýarymyza bolan söýgi kalbymyzy heýjana getirýär.

Akyldar şahyryň XVIII asyrdaky oý-pikirleri, pähim-paýhasy biziň şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar.

Häzirki döwrüň baş maksatnamalarynyň biri-de, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini hukuk taýdan kepillendirmegi, raýat jemgyýetini gurmagy we ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli we beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmegiň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Şonuň üçin hem ýurt Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda häzirki wagtda kämil raýat jemgyýeti kemala gelýär. Bu bolsa XVIII asyrda ýaşan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň, öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.

“Nesil” gazeti,

25.06.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR