PAÝHASLAR SANDYGYNDAN

Zenanlara razylyk sözüni dili bilen däl-de, gözi bilen aýtmak ýeňildir.

* * *

Öz şahsy durmuşyň barada başgalar näçe az bilse, seniň üstünlige ýetmegiň üçin şonça-da gowy bolar.

* * *

Zenanyň gözelligi gözündedir.

* * *

Durmuşam talapkär mugallymdyr.

* * *

Ilki synag alar, soňra sapak berer.

* * *

Ilki bilen özüň özüňi söýmeseň, seni hiç kimem söýmez.

* * *

Zenan mukaddesdir, söýýän zenanyň iki esse mukaddeslige eýedir.

* * *

Dosty gowy bolana, aýna gerekmez.

* * *

Zenanlar öz görnüşindenem has owadandyrlar.

* * *

Söýgini dil bilen beýan etmek gowudyr, emma dile getirip bolmaýany juda gowy.

* * *

Söýýän zenan hemme zady bagyşlar, ýöne hiç zady unutmaz.

* * *

Söýgi pikir edişiň ýaly däl, ýanyşyň ýalydyr.

* * *

Erkegiň medeniýeti onuň zenana bolan garaýşynda ýüze çykýandyr.

Taýýarlan Zybagözel GURBANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

27.06.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR