AT ÇAPYŞYGYŇ ÄHMIÝETI

«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine

At çapyşygy-bu türkmenleriň sport oýunlarynyň iň gadymy we söýgüli görnüşidir. Adamlar bilen atlaryň iş salyşmagy gadymy Hytaý, Müsür we Parfiýa medeniýetlerinden gözbaş alyp gaýdýar.

At çapmakda söweş tilsimlerini atyň üstünde ýerine ýetirmekde türkmen ýigitlerine taý tapylmandyr. At üstündäki oýunlaryň gadymylygyna şaýatlyk edýän maglumatlar milli mirasymyzyň sahypalarynda-da az däl. Görogly, Gorkut ata eposlarynda atyň gymmaty, çapmak we bedew üstündäki oýunlar baradaky maglumatlar aýdylanlary doly tassyklaýar.

Merdana ata-babalarymyzyň “Bedew at türkmeniň uçar ganaty” diýen parasatly sözleri arkaly türkmen durmuşynda bu gymmatlyklaryň tutýan ornuny täsirli beýan edipdirler. Halkymyz bedew atyna egsilmez söýgüsini mydama kalbynyň töründe ezizläp saklapdyr. At döwletliligiň, abadançylygyň nyşany hasaplanypdyr. Türkmenleriň gadymy senenamasynda on iki ýylyň her ýyly bir haýwanyň adyny göterip, onuň biri at ýylydyr. At ýyly abadançylygyň, rysgal-berekediň, ösüşiň ýyly hasaplanypdyr. Gadymy döwürden bäri ata-babalarymyz howlusynda aty bolan öýi döwletli, rysgal-bereketli ojak hasaplapdyr.

Türkmen toýlarynda atly oýunlar toýuň şowhunyny hasam artdyrypdyr. Adamlarda parahat durmuşa, sporta bolan söýgüni terbiýeläpdir, atly oýunlaryň janköýerleri artypdyr. Türkmen toýlarynda atly oýunlaryň birnäçe görnüşi oýnalypdyr.  

At çapdyrmak däbi öz gözbaşyny iň gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Hytaýyň ilkinji resmi taryhy ýazgylarynda hunlaryň Aziýanyň iň uzak aralyga çapyp bilýän atlaryny ýetişdirendikleri, şol atlardan birine münüp gaçan Mete hany Ýüwejileriň tutup bilmändigi aýdylýar.  

Hunlarda at çapyşyklary hem guralypdyr. Orta asyr awtorlaryň işlerinde türkmenleriň Tulunylar begliginde at çapyşygyny halk baýramçylygy hasap edendigini belleýärler. Mahmyt Kaşgarlynyň meşhur “Diwany lugat et-türk” atly eserinde hem ildeşlerimiziň at çapdyryş ýaryşlaryny has gadymy döwürlerden bäri gurap gelýändikleri ýazylypdyr. At çapyşygy türkmen döwletleriniň hemmesiniň ähli dabaralarynda geçirilipdir. Türkmenistanda bolan orta asyr syýahatçylary şeýle ýazypdyr: “Türkmenleriň halaýan zady at çapyşygydyr. Aňrujy bir bahana tapsalar, türkmenler at çapyşygyny guraýarlar... Özi-de şunda her atyň eýesi öz atynyň öňe saýlanmagyny isleýär. Olar muny açgözlükden ýa-da betnebislikden edenoklar. Olar üçin at-abraý gymmatly...”.

Merhum taryhçy, Ö.Gündogdyýewiň berýän maglumatlaryna görä, çapylýan atlara “çapyş atlary” diýlipdir. Türkmenler at çapyşyklarynda atlaryň ýaşyna, tohumyna görä, at çapýan çapyksuwarlaryň agramyna, ýaşyna görä at çapylýan döwre, pasla görä çapyş meýdanynyň uzaklygyny kesgitläpdirler. At çapyşyklaryny geçirmek üçin düz meýdan saýlanyp alnyp, at çapylanda päsgel berjek daşlardyr beýleki zatlardan arassalanypdyr. At çapyljak ýol tegelek şekilde bolup, atlar şol ýol boýunça aýlanyp çapypdyrlar. Ildeşlerimiz şeýle at çapylýan meýdany “aýlaw” diýip atlandyrypdyrlar. Has uzak aralyklara çapyşyklar aýlawda däl-de, giň sährada ýa-da bir obadan beýleki oba çenli uzaklykda geçirilipdir. Türkmenleriň irki döwürlerde göni aralyga at çapandyklary barada maglumatlar bar. Kä ýerlerde ony “dogry tomaşa” diýip atlandyrýarlar.

Hormatly Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplarynda bedew atyň taryhy, gelip çykyşy, at üstündäki milli oýunlar dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Bu maglumatlar ýaş nesili terbiýelemekde ajaýyp çeşmedir.

Hemra  TÄÇGYLYJOW,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR