«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine
Milli oýunlar, ähli halkyň medeni mirasy bolmak bilen birlikde, şol halklaryň taryhy edim-gylymlary barada hem maglumat çeşmesi bolup durýar. Şol oýunlaryň üsti bilen halkymyzyň özboluşly psihologiýasyny-da, milli ruhyny-da öwrenmek bolýar. Milli oýunlaryň beden, akyl, zähmet terbiýesini bermekde hem uly ähmiýeti bardyr. Gadymy eýýamlarda-da lukmanlar, pelsepeçiler ynsan saglygy üçin hereketiň örän zerurdygy barada gymmatly ýazgylary galdyrypdyrlar. Gadymy Hytaýda, Hindistanda, Müsürde, Gresiýada şol sanda Türkmenistanda hem ynsan saglygynyň goragy, onuň has-da berkemegi üçin birnäçe hereketli oýunlaryň giň ulgamlary döredilipdir. Bu hereketli oýunlar beden üçin peýdaly bolup, şol döwürlerden bäri nesilden-nesle geçip, olaryň köpüsi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Oýunlar, fiziki maşklar medeniýetiň hem aýratyn bölegi hasaplanylýar. Gadymy akyldarlarymyz: “Hereketi çalşyryp biljek derman ýok”– diýip, örän jaýdar belläpdirler. Hakykatdan-da, diňe hereketliligiň özi ençeme dermanlaryň ýerini tutup bilýär.
Türkmenleriň gadymdan gelýän milli oýunlary halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Şol oýunlaryň köpüsi öz köküni juda irki döwürlerden alyp gaýdýar. Mysal üçin, arheologlar, taryhçylar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde miladydan öňki IV-II müňýyllyklara degişli bolan Günorta Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde – Namazgadepeden, Altyndepeden oýun üçin ulanylan birnäçe haýwan süňkleri (aşyklar) tapylypdyr. Şeýle-de, şol ýerde “Peçiz” oýny üçin niýetlenilen ýylanyň kellesiniň şekilindäki abzallar hem-de çagalar üçin niýetlenilen birnäçe oýunjaklar tapyldy. Ýene-de arheologlar tarapyndan Murgap we Sarahs etraplarynda XI-XII asyrlara degişli taryhy ýadygärliklerinde düzzüm oýnuna degişli kerpijiň ýüzünde çyzylan suratlar hem ele salyndy. Türkmen milli oýunlary asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Türkmen halky elmydama ýaş nesliň sagat, berk bedenli bolmagyny alada edip gelipdir. Ata-babalarymyz çaga hut enesiniň göwresinde galan gününden başlap, terbiýe berip başlapdyr. Çagalar dürli hereketli oýunlary bilen ösüp kämilleşipdir. Milli oýunlar çagalaryň we ýetginjekleriň durmuşynda uly orun tutup olaryň ruhy dünýägaraýşyna, bedeniniň berkemegine hem-de kämilleşmegine uly täsir edipdir.
Gadymy türkmen oýunlarynda hereketli oýunlar giňden ýaýrap, bäsleşik häsiýete eýe bolupdyr. At çapyşyklar, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda dürli: aýterek-günterek, çilik-hekgal, ýedi top... ýaly işjeň hereketli oýunlar toýlaryň we gündelik durmuşyň esasy bezegi bolupdyr. Bu oýunlaryň çagalarda gaýduwsyzlyk, tizlik, çeýelik, çalasynlyk, güýçlülik, berklik we adama iň mahsus erk we ahlak sypatlary terbiýeläp, geljekki edermen, Watanyna wepaly nesilleri taýýarlamakda hem uly ähmiýeti bolupdyr.
Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygyny gazanandan soňra milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolan gadymy türkmen milli oýunlary täzeden dikeldilip başlanyldy. Türkmen milli oýunlary köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, toý-baýramçylyklarymyzyň bezegi boldy.
Häzirki döwürde türkmen milli oýunlarymyz mekdebe çenli çagalar edaralarymyz bolan çagalar baglarynda oýun görnüşinde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bolsa sportyň bir görnüşi hökmünde oýnalýar. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek we olara beden terbiýesini bermekde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti ulydyr. Olar biziň mirasymyz, taryhy geçmişimiz we geljegimizdir. Milli oýunlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn milletimiziň, ykdysady taýdan kuwwatly döwletimiziň bolmagyna öz täsirini ýetirýär.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolup, adamyň saglygyny gowulandyrmakda möhüm orun bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly işler eziz ülkämizde gün-günden has ösdürilýär. Häzirki wagtda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşlarynyň arasynda sport oýunlary bilen bilelikde, türkmen milli oýunlary hem höwes bilen oýnalýar. Ýaşlar toý-baýramlarda, türkmen göreşi, ýaglyga towusmak, at çapyşmak, küşt-şaşka oýnamak, mergenlik ýaryşlaryndan başga hem ençeme türkmen milli oýunlary boýunça güýç synanyşyp, öz boş wagtlaryny şatlykly geçirýärler. At çapyşmak, mergenlik, düzzüm ýaly oýunlara bolsa ýaşulylar hem gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda milli oýunlarymyzy ösdürmekde uly işler alnyp barylýar diýsek ýalňyşmarys. Bu ugurdan hereket edýän sport merkezleri, sportyň dürli ugurlary boýunça hünärmenler elinden gelýän tagallalaryny, gujuryny gaýgyrman zähmet çekýär.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan edilýän aladalar Türkmenistanda sportyň gysga wagtda çalt depginde ösmegine gönükdirilýär. Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyz Aşgabatda bu iri halkara sport çäresini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen Aziýada iň iri Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ol köp sanly sport desgalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da sportyň adamyň saglygy üçin ägirt uly ähmiýetini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sport toplumlary, halkara derejeli sagaldyş we dynç alyş desgalary bina edildi. Bu işleriň hemmesi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýe hereketiniň giň gerimli bolmagyny üpjün etmäge, halkara derejesindäki türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.