Döwletara dostluk gatnaşyklary pugtalanýar

 Şu ýylyň 15-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde iş saparynda boldy. Ol ýerde iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny hem-de mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady.

Iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kadalaşdyryjy — hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin gatnaşyklara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Häzirki wagtda bu hukuk binýady döwletara hem-de hökümetara ylalaşyklarynyň 100-den gowragyndan we pudagara ylalaşyklarynyň 70-den gowragyndan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanlary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de iki dostlukly ýurduň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň mizemezligini tassykladylar we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekilmeginiň wajypdygyny bellediler.

Senagat, oba hojalygy, deňiz ulagy, sport, syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyklara; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Tehniki kadalaşdyryş we metrologiýa boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu hyzmatdaşlygyň köpugurlydygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy we milli ykdysadyýetimizi düýpli senagatlaşdyrmagy, senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmagy, ylma daýanýan önümçilikleriň döredilmegini esasy ugur edinýän düzümleýin taslamalar dürli pudaklardaky tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk gelýän täze mümkinçilikleri açýar.

Soçide geçirilen duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, netijeli bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ynam bildirdiler. Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hem-de ýokary bilim babatda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda hem-de Russiýa Federasiýasynda geçirilýän döredijilik çäreleri, festiwallar, forumlar we sergiler, kino günleri, sungat ussatlarynyň konsertleri, sirk artistleriniň çykyşlary hem-de beýlekiler dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň özboluşly köprüsidir. Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän Medeniýet günleri bu ugurdaky köpýyllyk gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we baýlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Ylym-bilim ulgamynda hem özara gatnaşyklar ýylsaýyn giňelýär. Bu gatnaşyklar yzygiderli hem-de uzak möhletleýin esasda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylym merkezleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa ylmy işler, talyplaryň alyşmalary, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny döretmek üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, 12-nji awgustda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi onuň netijesiniň wajypdygyny we kenarýaka ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Şeýle hem birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegi V Hazar sammitiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Şeýle resminamalaryň hatarynda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda we Hazar deňzindäki özara gatnaşyklara hil taýdan täze itergi bermäge, onuň üstüni täze mazmun bilen ýetirmäge gönükdirilen söwda-ykdysady hem-de ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Hökümetara Ylalaşyklary bar.

Döwlet Baştutanlary özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikleriň jemini jemläp, bu duşuşygyň gadymy dostluk däplerine, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

18.08.2018ý.

Meňzeş habarlar