OKA, OÝLAN! ÝALŇYŞ HASAP

Ata möjek perzendini öz başyny çarap ýaşamaga uýgunlaşdyrmak üçin her gün ir säher bilen aw awlamaga ugradar eken.

Ilkinji gün ýaş gurt boş gaýdyp gelipdir. Onuň gözgyny halyna ýüregi awan ene böri öz awuny perzendine beripdir. Iňrik garalypdyr. Ata möjek sürenine dolanyp geleninde ýaş möjek enesiniň alan awuny özi tutan ýaly görkezipdir kakasyna. Agras ata perzendine buýsanypdyr. Ertesi güni balasynyň «ýüzüniň gyzarmagyny» islemedik ene böri ýene awuny perzendine beripdir. Bu ýagdaý ýyllarboýy dowam edipdir. Ata möjek her agşam perzendine buýsanyp bakar eken.

Wagt geçip dur, ene böriniň kazasy dolup, ölüpdir. Enesi ölen möjek awdan boş dolanyp gelipdir. Kakasy bu ýagdaýy enesiniň ölümi bilen baglapdyr, emma ertesi güni ýaş möjek ýene boş gelip, atasynyň alnynda ýüzüni sallap durupdyr. Şonda goja möjek ýagdaýa akyl ýetiripdir. Ýöne eýýäm öte giç eken, ol möjegiň aw awlamagy öwrenjek wagty birçak öten eken. Uludan demini alan ata möjek agy gatyşykly agras sesi bilen ýeke jümle aýdypdyr:

— Eneň ýeke özi ölendir öýdüpdim, oglum!

ÇAGALYGA BIR PETEK

— Salam! Maňa bir petek berseňizläň. Bir tarapa. Diňe gidişin.

— Bir tarapa bolanok. Diňe gidişin hem gaýdyşyn.

— Ýeri, bolýar. Onda gidişin-gaýdyşyn, şu güne!

— Bu günki petekler eýýäm gutardy.

— Haçana bar? Iň golaý wagtdakysy gerek. Juda zerur!

— Iň golaýy... Bagyşlaň, diňe bir ýyldan.

— Hiç bolmanda, bir ýyldanam bolsa... Tutuş güne niýetlenen bolsun.

— Uzynly güne rugsat edilmeýär.

— Bolmanda, bir sagatlyk.

— Diňe bir minutlyk mümkinçilik bar.

— Bolýar, bir minutlygyny beriň onda.

— Ine, üç sagatlygam bar eken, ýöne bu ýene iki ýyldan...

— Ýok, maňa bir ýyldan bir minutlygyny beriň.

— Beýle bolsa, ýene bir ýola barlalyň: Gidişin-gaýdyşyna bir petek, ýene bir ýyldan, bir minutlyk. Dogrumy? Ylalaşýarsyňyzmy?

— Hawa.

— Alyň, ine, siziň çagalyga petegiňiz.

— Köp sag boluň.

— Ýogsa-da, bir zat sorap bilerinmi?

— Elbetde, soraň.

— Bary-ýogy ýekeje minut... Ýeri, siz näme etmekçi? Nämä ýetişerin öýdýärsiňiz?..

— Ejem bilen kakam ikisini bilelikde bagryma bassam...

Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazeti,

31.10.2020ý.

Öňki makala

DAÝHANÇYLYK DÄPLERI

Indiki makala

Sazyň gudratly güýji

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR