23-nji awgustda gözel paýtagtymyzda ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri üstünlikli geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçýän Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesi daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu syýasaty Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçiren gepleşikleri has-da berkider.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowy resmi adamlar garşyladylar. Awtoulag kerweni motosiklçileriň toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Bu ýerde Prezident Sooronbaý Žeenbekowy resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Soňra iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» köşkler toplumyna tarap ugraýarlar.
Özara ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň geljegini we häzirki ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy ugurlary anyklaşdyrdylar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýtdylar. Sport ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystana energetika, ulag, aragatnaşyk ýaly ugurlar boýunça ykdysady taýdan goldaw bermeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, şol bir wagtyň özünde bu ugur boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň degişli düzümlerini bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara ägirt uly ähmiýet berýändigini we özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga meýillidigini nygtady. Aşgabadyň häzirki ösüşi barada aýdyp, belent mertebeli myhman türkmen paýtagtynyň düýpli özgerip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtady. Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede guraljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem gyrgyz tarapynyň Türkmenistandan mineral dökünleri we energiýa serişdelerini almaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
25.08.2018ý.












