SÄHER BILEN SÄHRA ÇYKSAŇ

 Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz endigine eýerip, wagtyny sport bilen meşgullanmaga bagyşlady hem-de ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçip, onuň tebigy çöllük şertlerde tehniki häsiýetnamalaryny synagdan geçirdi. Synag mahalynda döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde uzak aralygy geçdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralýan «Amul — Hazar 2018» ýaryşlarynyň başlanmagyna az wagt galdy, ol ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine çäksiz ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň bu iri halkara ýaryşyny Garagum sährasynda geçirmek baradaky teklibi dünýäniň köp ýurtlaryndan ussat awtosürüjiler, şol sanda meşhur ralli ýaryşlaryna gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. Türkmen awtosürüjileri hem bäsleşiklere işjeň taýýarlyk görýärler, olar meşhur daşary ýurt türgenleri bilen ýaryşlara gatnaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Lebap welaýatynda iş saparynda bolmagynyň barşynda «Amul — Hazar 2018» ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna badalga berdi. Munuň özi bäsleşiklere taýýarlygyň başlanýandygyny alamatlandyrdy, taýýarlyk çäreleri gün-günden güýçlenip, ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz gerimine aldy. Watanymyz eýýäm halkara ähmiýetli ýaryşlary geçirmekde gymmatly tejribä eýedir hem-de öňde boljak ralli Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde abraýynyň belende galmagynda ýene bir möhüm ädim bolar.

Şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen toparlarynyň arasynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşyp, türgenlerimize ak pata berdi. Şol ýaryşlaryň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz düzüldi, ol ýeňiji bolmak ugrunda bäsleşer.

Ir säher çagynda hormatly Prezidentimiz täze sport awtomobilinde Garagum sährasynyň ajaýyp künjekleriniň birinde ilki bilen degişli taýýarlyk geçip, ýene-de bir synag tapgyryny amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, çöllük ýerde sürmek sürüjiden degişli tizligi saklamagy, daş töwerege we ýola bar ünsüňi jemlemegi talap edýär. Bu bolsa şeýle çylşyrymly şertlerde sürüşiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş şerti hasaplanylýar.

Ýurdumyzda öňde boljak ýaryşlar, milli Liderimiziň pikiri boýunça, eko-ralli ýaryşlary derejesine eýedir. Bu bäsleşikleriň «ýaşyl» derejesi tehnika we onuň ýangyjyna aýratyn talaplary bildirer, olar hem häzirkizaman ekologiýa kadalaryna laýyk gelmelidir. Tebigaty goramak, awtomobilleriň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli senagat desgalarynyň gurluşygyna, şol sanda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we olary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalara bildirilýän üýtgewsiz talaplardyr.

«Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyz köpsanly çärelere, şol sanda sport çärelerine gurşalyp alyndy. Şunda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň köptaraply mümkinçilikleri halkara giňişliklerinde öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, Amul — Hazar aralygy boýunça halkara awtorallisiniň guralmagy milli Liderimiziň ýurdumyzyň sebit we dünýä ähmiýetli hem-de döwletleri we halklary ýakynlaşdyrmaga, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy ösüşe gönükdirilen ulag başlangyçlarynyň we taslamalarynyň işjeňleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň dolandyrýan ýokary geçirijiligi bolan awtoulagy tizligi peseltmezden, belentlikleri hem-de inişler, köpsanly alaňlary we çöketlikleri yzda galdyryp tebigy päsgelçilikleri geçdi.

Sport ulagyny okgunly sürmegiň usullaryny ulanyp, Döwlet Baştutanymyz onuň ähli kuwwatyny, öwrüm ukyplaryny synagdan geçirip, ulagyň hemme emel mümkinçiliklerini peýdalandy.

Soňra taýýarlyk tapgyryny tamamlap, hormatly Prezidentimiz sport ulagyny bellenen ýerde saklady hem-de çöl ösümlikleriniň sähra durmuşy üçin ähmiýetlidigini aýdyp, ekoulgamyň möhüm bölegi hökmünde Garagumuň ösümlik dünýäsine aýawly garamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz awtomobilden düşüp, her bir pasylda özboluşly ajaýyplyga eýe bolan daşky görnüşi synlap lezzet aldy. Güýzüň öň ýanynda Garagumuň ajaýyp künjegi aýratyn tolgundyryjy täsinligi özünde jemleýär.

Bu ýerde ösýän ösümlikleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmegiň zerurdygyny we olaryň görnüşlerini gorap saklamagyň çölüň ekologiýasyny goramagy şertlendirýändigini hormatly Prezidentimiz aýtdy. Olaryň hatarynda köpsanly dermanlyk ösümlikleriň görnüşleri bar. Ol ösümlikleriň aýratynlyklary döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işinde beýan edildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Medeni-taryhy gymmatlyklara baý bolan ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, munuň üçin ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedir.

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini guramak boýunça döwlet derejesinde alada edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde halklaryň ýakynlaşmagyna, ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen sport diplomatiýasy ulgamynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

(TDH-niň maglumatlary esasynda

taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

28.08.2018ý.

Meňzeş habarlar