Ösüşleriň täze tapgyrynda ýurdumyzyň demokratik ösüşi hil taýdan täze derejä eýe boldy. Başgaça aýtsak, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy örän işjeňleşdi, başlangyçly we netijeli boldy. Bu netijelilik Türkmenistanyň adam hukuklarynyň demokratik bähbitlerini durmuşa geçirmeklige gönükdirilen işi aňladýar. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň netijeliligiň ýokarlanmagyna bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oňyn özgertmelere beslenen maksatnamalarynyň işlenilip düzülmegi we üstünlikli durmuşa geçirilmegi uly ýardam berdi.
Türkmenistanda demokratik ösüşleriň dabaralanýandygy iş ýüzünde barha aýdyň ýüze çykyp başlady. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda öz beýanyny tapan «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam» hakyndaky iň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän kadasy ýurdumyzyň kanunlarynda döwletiň demokratik esaslaryny berkarar etmäge, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga we goldamaga, şeýle hem adam hukuklarynyň demokratik hukuk ýörelgelerine hormat goýmaga çagyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän ägirt uly syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeler Türkmenistanyň hukuk ulgamynda, halk häkimiýetiniň edaralarynyň işinde döwrebap kämilleşdirmeleri talap etdi.
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, täze taryhy eýýamyň maksatlaryna we ruhuna laýyk gelýän türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň uly bir instituty, milli demokratiýamyzyň esasy ýörelgeleriniň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Şonuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Şu Konstitusion Kanunyň esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty — Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary 2017-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny bilen kesgitlenýär.
Bu Konstitusion Kanun Türkmenistanyň döwlet häkimiýet-dolandyryş ulgamynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek babatda amala aşyrýan özgertmeleriniň esasylarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň Kanun çykaryjy häkimiýetiniň öňünde goýlan ýurtda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, adamyň bähbitlerini, onuň raýatlyk hukugyny we azatlygyny, jemgyýetiň iň ýokary baýlygy bolan şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini goramak hem-de häzirki zaman kanunçylyk binýadyny döretmek ýaly wezipelerden ybarat bolan maksatlara ýetmegiň ugrunda alnyp barylýan işleriň ajaýyp şöhlelenmesi bolar.
Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylyň 24-25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi. Şeýle hem, resminamada Türkmenistanyň halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibi tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň paýtagtynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermek bilen baglanyşykly garaljak meseleler özüniň oňyn çözgüdini tapar hem-de ösüşlere oňyn täsir eder. Bu maslahat Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylygyň öň ýanynda döwletimizde agzybirligiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy boýunça işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygynyň aýdyň dabaralanmasy bolar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralary bolan welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, şeýle hem etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň halk maslahatlarynyň halk häkimiýet ulgamynda öz mynasyp orny bardyr. Bu bolsa, türkmen jemgyýetinde döwleti dolandyrylmagyna halka aýratyn orun berilýändiginiň alamatydyr. Türkmen jemgyýetinde halk we häkimiýet aýrylmaz bitewülikdir. Halk maslahatlarynyň ýerlerde dolandyryş edaralarynyň bir ulgamy bolmak bilen, dürli gatlaklara degişli halk köpçüligine, jemgyýetçilik birleşiklerine döwletiň aýry-aýry çäklerinde jemgyýeti dolandyrmaga halk demokratiýasynyň ýörelgeleri esasynda giňden mümkinçilik alýarlar. Munuň özi halkyň jebisleşmegine, onuň syýasy işjeňliginiň artmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde, kanunyň çäginde raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýol açýar.
Halk maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň demokratik ösüşiniň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä jar eder.
Maral MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
30.08.2018ý.












