Dynç güni ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz edebi döredijilik bilen meşgullandy, şeýle-de ahalteke bedewlerine ideg etdi.
Milli Liderimiz ilki bilen iş otagynda ýurdumyzyň metbugat sahypalarynda çap edilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmelere bagyşlanan täzelikler hem-de maglumat-seljeriş makalalary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz metbugat bilen tanşanyndan soňra, nobatdaky kitabynyň golýazmasynyň üstünde işlemegini dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň örän möhüm döwlet işleri hem-de aladalary, ýokary derejeli saparlary hem-de duşuşyklary bilen baglanyşykly dartgynly iş tertibine garamazdan, özüniň halaýan sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, saz, edebi we ylmy eserleri döretmäge wagt tapmaga çalyşýandygy hemmelere mälimdir.
Gahryman Arkadagymyzyň bedewlere goýýan aýratyn sarpasy edebi döredijiliginde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz köplenç özüniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky iş otagynda döredijilik zähmeti bilen meşgullanýar.
Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» ýaly kitaplary döretdi. Olar ençeme dillere terjime edildi hem-de atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň işleriniň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Hormatly Prezidentimiz döredijiliginde türkmen halkynyň gaýtalanmajak gymmatlygy döretmek ukybyny äşgär eden ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz jahan ýagtylandan soň edebi döredijilik işini tamamlap, ahalteke bedewleriniň saklanýan athanasyna bardy we behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Bedew atyň çapyşyga hemmetaraplaýyn taýýardygyna göz ýetirip, milli Liderimiz bedewi eýerledi.
Ýakyn wagtda atçapyşyklarynyň güýzki möwsüminiň başlanjakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ikiýaşar bedewleriň hem bu ýaryşlara goşulyp biljekdiklerini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz eýerlän bedewini athanadan çykardy, toplumyň çäginde bar bolan ýörite meýdançada aýlady. Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşmagy, olary seýislemegi we at çapmagy özüniň esasy endikleriniň birine öwürdi.
Milli Liderimiz bedewi birnäçe wagt aýlandan soň, oňa atlandy-da, ýuwaş-ýuwaş aty öz erkine goýberdi. Bedew ýörişini çaltlandyryp, gorgun, ýorgalama ýaly ýörişleri ýerine ýetirdi. Çapyksuwaryň buýruklaryny berjaý edip, bedew çapmagyň dürli görnüşlerinde özüni görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz bedew bilen bolan çapyşykly geziminden soňra onuň eýerini aýyrdy we bedewi athana eltip, atçylyk toplumynda amala aşyran işlerini tamamlady.
“Nesil” gazeti,
04.09.2018ý.












