8-nji sentýabrda milli Liderimiz Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Energetika işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanan bu dabara milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm waka boldy. Şol maksatnamalar bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň çalt depginler bilen senagatlaşdyrylmagyny hem-de sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine ýardam etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan oba ýaşululary bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýaşaýyş-durmuşy, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Olary bosagada duran Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden Mary DES-niň çäginde gurlan täze elektrik stansiýasyna bardy. Ýol ugrunda milli Liderimizi şäheriň ýaşaýjylary, köp sanly ýaşlar ruhubelentlik bilen mübäreklediler.
Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler görülýändigi 2013 — 2020-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli Konsepsiýada tassyklanyldy. Onuň tapgyrlarynyň her biri düzümleýin desgalaryň ençemesiniň gurluşygyny özüne birleşdirýär. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň okgunly ösüşini, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň kuwwatynyň artmagyny nazara almak bilen, täze energetika ulgamlarynyň kuwwaty has-da ýokarlandyrylýar. Milli Liderimiz dabara üçin ýörite taýýarlanan münbere geçip, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlan, utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap, kuwwatly elektrik stansiýasynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýändigini aýdýar.
.jpg)
Täze açylan döwrebap elektrik stansiýasynyň jemi kuwwaty 1574 megawatta deň bolup, onda dünýäde meşhur «General Electric» amerikan kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 263,25 megawatt bolan 4 sany gaz turbinasy we her biriniň kuwwaty 260,5 megawatt bolan 2 sany bug turbinasy oturdylandyr. Gaz turbinalaryndan çykýan zyýanly gazlaryň gyzgynlygyny bug turbinalarynda ulanmak arkaly goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi bu stansiýanyň işiniň aýratynlygydyr. Bu döwrebap tehnologiýanyň pudaga ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi guramaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberini ep-esli azaltmaga şert döreder. Mundan başga-da, elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berer. Bu kuwwatly elektrik stansiýasynda ähli işler kompýuterleşdirilendir. Munuň özi dolandyryş merkezinden ähli tehnologik işlere netijeli gözegçilik edilmegini üpjün edýär. Stansiýanyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwaty 1574 megawatt möçberde artar. Sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlanar. Daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberi ýylda 3,1 million tonna möçberde azalar. Daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini goşmaça 3 milliard kilowat-sagada çenli artdyrmaga mümkinçilik berer. Täze we döwrebap iş orunlary dörär, hünärmenlerimiziň iş tejribesi baýlaşar. Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we utgaşykly elektrik stansiýasynyň dolandyryş merkezine barýar.
Bu ýerde işleýän hünärmen döwlet Baştutanymyzy täze energetika desgasynyň esasy tehniki hem-de tehnologiki häsiýetnamalary bilen tanyşdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz şu günki dabara daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşýandygyny belläp, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň Ýewropa ýurtlary boýunça müdiri hanym Anni Sasko söz berýär:
— Bu ulgamda geçirilen çäreler köp ugurlydyr. Olar diňe bir senagat önümçiliginiň daşky gurşawy üçin howplulygynyň hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine gönükdirilmän, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegini, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmegi, temmäki önümleriniň bikanun dolanyşygyna garşy çäreleri öz içine alýar diýip aýtdy. Soňra ol Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň täze elektrik stansiýanyň ekologiýa babatynda howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamasyny gowşurýar.
Soňra Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň Ýewropa boýunça dolandyryjysy jenap Andreas Ýanzen çykyş etdi. Mary şäherinde gurlan elektrik stansiýasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, myhman bu taslamanyň dünýäde iň gowy taslamalaryň biri bolup, ähli ölçegleri boýunça öňdebaryjy standartlara laýyk gelýändigini belledi. Täze elektrik stansiýanyň Şweýsariýanyň federal tehnologiýa instituty tarapyndan «Ýokary tehnologiýaly energetika desgasy» diýlip ykrar edilendigini bellemek bilen, jenap Andreas Ýanzen türkmen tarapynyň wekiline degişli Güwänamany gowşurdy.
Soňra Maх Plank adyndaky energiýa institutynyň energiýa bölüminiň direktory jenap Anton Lepigson çykyş etdi.
Myhman Ýüpek ýolunyň bir wagtlar şu ýerlerden geçendigini, Türkmenistanyň bolsa onuň merkezleriniň biri bolandygyny belledi. Şu elektrik stansiýanyň işe girizilmegi bilen häzirki döwrüň Ýüpek ýolunyň mümkinçilikleri has-da artdy. Elektrik energiýasyny bu ýerden gündogara hem, günorta tarap hem, demirgazyk we günbatar taraplara hem iberip bolýar diýmek bilen ol elektrik stansiýanyň direktoryna «Durnuklylyk we netijelilik üçin» diýen sertifikaty gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlap, dabara gatnaşyjylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz elektrik stansiýanyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy hem-de bu ýerden ugrady.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
11.09.2018ý.












