Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli senenamamyzda orun alan şanly seneler zähmet sowgatlary bilen garşylanyp, göwün galkyndyryjy dabaralara beslenýär. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlyk baýramy merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk ugrundaky beýik ýeňişlerini, halkymyzyň bitewüligini, döwletimiziň mizemezligini, ruhubelent raýatlarymyzyň ata Watanymyza bolan belent söýgüsini, ösüp gelýän ýaşlarymyzyň uzak taryhly geçmişimize, bagtyýar şu günümize hem-de beýik geljegimize ygrarlylygyny şöhratlandyrýar. Ählihalk baýramy uzak taryhyň dowamynda nesibeleri alys ýurtlara çekip, dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan dünýä türkmenleriniň hem Watan hakyndaky guwanç we buýsanç duýgularyny goşalandyrýar.
1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyz döwlet diýlip jar edilmegi bilen, bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan ýurdumyz Baýdagymyzy parladyp, döwletli döwrana, eşretli eýýama rowana boldy. Watansöýüji halkymyz umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýol-ýörelgelerine esaslanyp, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň sarsmaz binýadyny berkden tutdy. Beýik Ýüpek ýolundan söwda kerwenini çeken Türkmenistan öz erkinligini parahatçylyga gönükdirip, dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde öňegidişligiň adalatly ak ýollaryny saýlap aldy. Türkmenistan abadan ýaşamak, kämil bilim almak, hyjuwly döretmek we yhlasly gurmak üçin iň amatly hem-de asuda döwlete öwrüldi. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän döwletimiz dünýä bileleşiginde halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga daýanyjy, agzybirligi we dost-doganlygy berkidiji, halkara ýörelgelerine hormat goýujy döwlet hökmünde tanaldy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji ýyllarynda «Açyk gapylar» syýasatyny yglan edip, goňşy ýurtlar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekde, ykdysadyýetini kuwwatlandyrmakda, milli medeniýetini dünýä ýaýmakda we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Türkmenistan sarp ediji agrar döwletden senagatlaşan dörediji hem-de daşary ýurtlara haryt eksport ediji ýurt bolup öňe saýlandy. Ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler we ýeňişler, netijeli özgertmeler we ýetilen sepgitler, taryhy ähmiýetli wakalar we şanly seneler güneşli Diýarymyzyň ýylýazgysyna täze mazmun çaýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň döwlet durmuşynda ýeten arzyly sepgitleri, halkara gatnaşyklarynda gazanan at-abraýy milli Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleridir.
Döwletimiziň toplumlaýyn ösüşine, jemgyýetimiziň işjeňleşmegine, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen iri möçberli wezipeleri durmuşa geçirmekde halkymyzyň we onuň esasy düzüm bölegi bolan ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Bu babatda milli Liderimiz: «Garaşsyz döwletimiziň geljegi ýaşlaryň bagtyýarlygy we hemmetaraplaýyn ösmegi bilen berk baglydyr. Biziň merdana ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we at-abraýydyr! Halk we Watan diýen beýik sözler ýaşlaryň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki taryhy döwürde ýurdumyzyň ilatynyň köp bölegini düzýän ýaş nesiller döwletiň içeri we daşary syýasatlarynyň ähli çygrynda alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň ýokary depginli ösüşini gazanmaga, ykdysady we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de daşary syýasatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagynda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Olar döwlet derejesindäki işlerde, düýpli durmuş-jemgyýetçilik özgertmelerinde, dünýä ylmynyň gazananlaryny öwrenmekde we önümçilige ornaşdyrmakda öňdebaryjylaryň hatarynda çykyş edýärler.
Ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketleriniň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak, döwletimiziň sport we ýaşlar babatdaky syýasatyny utgaşykly alyp barmak hem-de watançy, sagdyn pikirli, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmek şu ýyl döredilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň esasy wezipeleri bolup durýar. Munuň özi milli däplerimiz we ahlak kadalarymyz bilen sazlaşýan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kanunalaýyklygyny, sport bilen ýaşlaryň aýrylmaz baglanyşygyny şöhlelendirýär. Şonuň ýaly-da, dünýäniň häzirki zaman şertlerinde ýaşlaryň halkara gatnaşyklarynda strategik güýje öwrülýändigini nazara alyp, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykda Türkmenistanyň ýaşlaryň bähbitlerini goramak ugrunda Ählumumy hyzmatdaşlygy döretmegiň zerurlygy hakyndaky başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň gün tertibinde mynasyp ornuny tapýar. Bu bolsa, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň ilerlemeginde sowatly ýaşlara hem aýratyn ornuň degişlidigine we olaryň zehinli döredijiligine, tejribesine ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Halkara ýaşlar maslahatyny kabul etmek üçin meýdança bermäge taýýardygyny görkezýär.
Bu gün döwlet goldawyna daýanýan gujur-gaýratly ýaş raýatlar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ynamly zähmet çekýärler. Kabul edilýän kanunlaryň, milli we döwlet maksatnamalarynyň, jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olar döwletimiziň şu günki we geljekki innowasion ösüşlerinde, oba hojalyk we telekeçilik pudaklarynyň işiniň ilerlemeginde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Maksada okgunly ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýarlar. Watan goragçylary gaýduwsyz ata-babalarymyzyň watansöýüjilige ýugrulan asylly ýörelgelerine pugta eýerip, gahrymançylyk göreldesi bilen şöhratlanan halkymyzyň harby sungatyny mynasyp dowam etdirýärler. Merdana ýaşlarymyz ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezip, döwletimiziň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini, jemgyýetimiziň asudalygyny gözleriniň göreji deýin goraýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerinden ruhlanýan, Garaşsyzlyk bagtyndan galkynýan tutanýerli ýigitler we gyzlar bu gün döwlet ähmiýetli, halk bähbitli jogapkärçilikli wezipeleriň hötdesinden gelmek bilen, özlerine bildirilen ynamy ödeýärler. Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we onuň gazananlaryny goramagy, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek üçin asylly işleri durmuşa geçirmegi, dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmagy mukaddes borç edinýärler.
Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
15.09.2018ý.












