18-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz geçen hepdede ýurdumyzda geçirilen hem-de ägirt uly üstünlige beslenen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelän türgenlerimize baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy.
Irden ýurt Baştutanymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. «Sport» myhmanhanasynyň eýwanynda milli Liderimiz türkmen sportunyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi bilen tanyşdy. Bu ýerde awtomobilleriň we motosiklleriň sürüjileriniň esbaplarynyň, ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynda taýýarlanylan sport lybaslarynyň nusgalary, türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanan kuboklary we sylaglary hem-de «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan suratlar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň mejlisler zalynda dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ýygyndy toparymyzy «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda gowy netije gazanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu ajaýyp netije biziň uly üstünligimizdir. Şeýle abraýly we ýokary derejeli ýaryşy birinji gezek geçirýändigimize garamazdan, biziň türgenlerimiz awtoralli ýaryşynyň iň ýokary sylaglaryna mynasyp bolan üç toparyň hataryna girmegi başardy. Şoňa görä-de, indiki awtoralli ýaryşlary haýsy ýurtda geçirilse-de, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň Türkmenistanyň ýaşyl Baýdagy astynda şol ýaryşlara gatnaşmaga doly hukuk gazanandygyny ynam bilen aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň netijelerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň toparynyň indiki ýylyň 5-12-nji maýy aralygynda geçiriljek awtoralli ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny nygtady. Bu ýaryşyň ýollary biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçer. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli türgenlerimize geljek ýyl geçiriljek awtoralli ýaryşyna gowy taýýarlanmagy hem-de täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz abraýly halkara ýaryşlarynda aýratyn tapawutlanyp, uly ýeňiş gazanan türgenlerimizi sylaglamak baradaky Permana hem-de Karara gol çekdi we «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň kubogyny hem-de käbir nyşanlaryny sport muzeýine gowşurmak kararyna gelendigini aýtdy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlara hem-de ýaryşa gatnaşyjylara sylaglary gowşurdy.
Ralliniň netijeleri boýunça üçünji hormat basgançagyna galmagy başaran türkmen toparlarynyň ikisiniň agzalary «Mercedes- Benz E200 Coupe», «Toyota Avalon» hem-de «Toyota Camry» kysymly awtoulaglar bilen sylaglanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna işjeň gatnaşan işgärleriň we türgenleriň bir topary ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine özüniň 100 belgili sport awtomobili bermek baradaky karara gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şol awtomobilde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlangyç tapgyryna gatnaşdy.
Milli Liderimiz şeýle-de türkmen sporty muzeýine şu ralli-marafonyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilendigi we ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin gowşurylan «Africa Eco Race»-niň ýörite sylagyny we bu ýaryşlaryň birinji tapgyrynda çykyş eden sport lybaslaryny gowşurdy.
Dabaraly çäre tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk hem-de sport ulgamynda täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
20.09.2018ý.












