WATANYŇ YKBALY — HALKYŇ SENASY

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda türkmenistanlylar özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi dabara bilen belledi. Ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlikler toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda orun alan, ýurdumyzyň ygtyýarlygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar gadymy, baky juwan türkmen topragynda oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjy hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň girelgesiniň öňünde bina edilen ýadygärligiň etegine gül dessesini goýdy. Bu ýerde türkmenleriň Garaşsyzlyk ugrunda alyp barýan gahrymançylygy, edermenligi barada gürrüň berýän gymmatlyklar öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň ýörelgesine eýerip, ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, köp sanly adamlar yzy üzülmeýän akym bilen ýadygärlige gül desselerini goýdular. Bu ýadygärlik toplumy watansöýüjilik duýgularynyň örän beýikdigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýän ýakymly güýz güllerine beslendi.

Eziz Watanymyzyň, bütin milletimiziň hem-de berkarar döwletimiziň bitewüligini dabaralandyrýan mukaddes Garaşsyzlyk baýramy kalplarymyzy joşduryp, göwünlerimizi ganatlandyrdy. Erkana Watanymyza ýüregi bilen buýsanýan halkymyz özüniň baş baýramyny — milli Garaşsyzlyk toýuny uly ruhubelentlik bilen toýlady. Bagtyýar türkmen halkynyň berkarar döwletiniň gülläp ösüşlere beslenýän şäherlerinde, oba-kentlerinde bu baýramçylyga bagyşlanan dabaralar giň gerim aldy. Däp bolşy ýaly, toý-dabaralarynyň esasy bölegi ýurdumyzyň baş şäheri — ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi. 27-nji sentýabr güni ýurdumyzyň baş dabaralar meýdançasyna kalby milli buýsanç duýgularyna joşup duran ildeşlerimiziň müňlerçesi jemlendiler. Olar gülläp ösýän ata Watanymyza, ynsanperwer zamanamyza, halkymyzyň erk-islegine daýanýan ynsanperwerlik ýolumyza, öz mähriban halkyna ömrüni we ykbalyny bagyşlaýan Gahryman Arkadagymyza ýürek buýsançlaryny, baky wepadarlyklaryny beýan etdiler.

Alyp barýan adamzat bähbitli syýasy ugry bilen halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýan Türkmenistanyň bu şanly baýramyna gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjünden myhmanlar geldi. Döwlet münberiniň öňünde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de ýurdumyzyň hökümet agzalary, dostlukly döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Belent asmanda erkana sergin şemala ýazylyp-ýaýylýan berkararlyk tugumyz hemmeleriň kalbyna guwanç duýgularyny bagyşlady. Ter güllere, toý bezeglerine beslenen dabaralar meýdançasy özüniň gözelligi hem nuranalygy bilen bu pursatda halkymyzyň ýüzüniň tuwagy saýylýan nepis türkmen halysyny ýada salýar.

Ynha-da hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursady gelip ýetýär. Göwünlerimizde halkymyzyň agzybirliginiň, şu günki hem geljekki nesilleriň bagtyýarlygynyň, kuwwatly Watanymyzyň berkararlygynyň beýik binagäri bolup, baky orun alan hormatly Prezidentimiziň dabaralar meýdançasyna gelmegini hemmeler uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiz döwlet münberine çykyp, ajaýyp baýramçylygyň başlanmagyna ak pata berýär. Türkmenistanyň Goranmak ministri Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby düzümiň dabaraly ýörişe doly taýýardygy barada habarnamasyndan soň harbylaryň dabaraly ýörişi başlanýar. Ata Watanymyzyň polat galkany bolan harby goşunlarymyzyň saýlama düzümleriniň nusgalyk nyzam bilen gadam urmagy hemmelerde buýsanç duýgularyny döredýär. Dabaraly nyzam sazlarynyň owazyna gadamyny deňläp ýöriş edýän tejribeli serkerdeler, ýaş esgerler, milli goşunymyzyň dürli düzüminiň wekilleri milli Liderimiziň ýadawsyz üns-aladasyndan ruhlanyp, harby nyzam, taktiki taýýarlygyň, belent watançylygyň ajaýyp göreldesini görkezýärler. Olar nurana Watanyň dostluk-doganlyk serhetlerinde sak durup, halkymyzyň asudalygyny, halal hem döredijilikli zähmetini, bagtyýarlygyny we abadançylygyny goraýarlar. Soňra baş meýdançamyzyň howa giňişliginde söweşjeň uçarlar peýda bolýar. Bu harby uçarlar ählihalk baýramçylygynda hünär ussatlyklaryny aýdyňlygy bilen görkezmegi başardylar. Munuň özi ata Watanymyzyň asmanynyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly gollardadygynyň kepili bolup durýar. Harby ýörişiň dabaraly nyzamynyň tamamlanmagy bilen Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada döreden nagyşly şekiller täze bir öwüşgine beslenýär. Ussat suratkeşiň golundan çykana meňzeýän haly gölleriniň, ruhubelentlik şygyrlarynyň kalba bagyşlaýan buýsanjyna jüp sazlaşyp, dabaraly meýdança milletimiziň buýsanjyna deňelýän behişdi bedewler çykýar. Hemmeleriň guwançly nazaryny özünde jemleýän bu pursatlarda milli Liderimize ajaýyp türkmen bedewiniň sowgat berilmegi bu ýere ýygnananlaryň göwünlerine ganat bekletdi. Soňra baş meýdança seýkin basyp, hormatly Prezidentimize degişli bolan Akhan atly bedewi çykýar. Münberiň öňünde baş egýär, çarpaýa galyp birnäçe aralygy geçýär. Bu tolgundyryjy pursatlary hemmeler ör turup gyzgyn garşyladylar. Gyrmyzy donly ýigitleriň behişdi bedewleriň üstünde milli baýdagymyzy belentde göterip geçmegi bilen zähmetkeşleriň dabaraly baýramçylyk ýörişi badalga alýar. Halkymyzyň asyrlyk asylly dessuryna eýerip, toý lybasyna beslenen hatarlaryň başyny il sylagly ýaşulular, mährem eneler çekýär. Dabaraly meýdançada ilki paýtagtymyz Aşgabadyň, soňra ýurdumyzyň bäş welaýatynyň dabaraly hatarlary zynatly döwre gurap çykýarlar. Ussat döredijilik, çeper höwesjeňler we adygan folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary bir-birine sazlaşyp, bir bitewi buýsanç senasy bolup ýaňlanýar. Bu şowhunly çykyşlaryň yzysüre dabaralar meýdançasyndan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiz geçýär. Milli saglygy goraýyş, bilim, syýahatçylyk we sport, maliýe we ykdysadyýet, nebitgaz we energetika, gurluşyk we senagat, oba hojalygy we dokma senagaty pudaklarynyň belent ösüşlerini açyp görkezýän bezemen hatarlarda halkyň hatyrasyna bitirilýän ilhalar işleriň nury jemlenendir. Dabara meýdançasynda Awaza tolkunlarynyň gözelligi, jemgyýetçilik agzybirligimiziň nurana nyşanlary, milli lybaslarymyzyň gaýtalanmajak owadanlygy gözüňi gamaşdyrýar. Dabaraly ýörişiň aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän hatarlarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, halkara bilim olimpiadalarynyň ýeňijileri, adygan döredijilik işgärleri, sport we folklor toparlary nobat gurap geçýärler. Belli döredijilik we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary, görkezme sport çykyşlary, şowhunly küştdepdiler baýramçylygyň şowhunynyň barha joşmagyna getirdi. Milli medeniýet ulgamynyň işgärleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň, belli estrada ýyldyzlarynyň, sahna ussatlarynyň sazlaşykly çykyşlary buýsançly pursatlara beslendi hem-de milli baýramçylygyň her bir ildeşimiz üçin ýatdan çykmajak waka öwrülendigini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu çykyşlaryň her birinde tutuş halkymyzyň öz Gahryman Arkadagyna bolan çäksiz söýgüsi, bimöçber hormat-sarpasy, baky wepadarlygy, ýagşydan-ýagşy alkyş-dilegleri dillerde sena bolup ýaňlandy.

Berkarar Watanymyzyň ýüregi saýylýan ak paýtagtymyz Aşgabatda badalga alan toý dabaralary ýurdumyzyň hemme şäherlerinde, welaýat, etrap merkezlerinde, obalarynda geçirilen baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdy. Aýdym-sazly dabaralaryň, sport bäsleşikleriniň, teatrlaşdyrylan sahnalaryň, baýramçylyk konsertiniň şowhuny giç agşama çenli dowam etdi. Aşgabadyň taýsyz gözel agşamynda asuda asmanymyzy baýramçylyk feýerwerkiniň müňlerçe owadan öwüşginleri nurlandyrdy. Olar her birimiziň kalbymyzda ýürek urgusy ýaly gaýtalanýan alkyşly jümlelere ýaraşyk berdi. Goý, berkarar Watanymyz baky rowaçlansyn! Watanyň ykbaly, halkyň ýürek senasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýoly geljek asyrlara hem müňýyllyklara baky rowaçlyk şuglasyny saçsyn!

Aknur ATAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

29.09.2018ý.

Meňzeş habarlar