2019-njy ýylyň “Türkmenistan–rowaçylygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda Reňk bilen surat çekmek (akwarel) we Galam bilen surat çekmek (grafika) ugurlary boýunça “Türkmenistan Watanym - rowaçlyga ýetenim” ady bilen geçiriljek döredijilik eserleriniň bäsleşiginiň
Düzgünnamasy
Bäsleşik çagalar çeperçilik mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümleriniň okuwçylarynyň arasynda geçiriler.
Bäsleşigiň birinji tapgyry çagalaryň öz okaýan mekdeplerinde, ikinji tapgyry welaýat, şäher möçberinde geçirlip, olaryň ýeňijileri döwlet möçberindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň Emin agzalary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary bolan tanymal suratkeşlerden we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlaryndan bolar.
Çagalar mekdepde okaýan Reňk bilen surat çekmek (akwarel) we Galam bilen surat çekmek (grafika) ugurlary boýunça bäsleşigiň talabyna laýyklykda eser taýýarlaýarlar.
Bäsleşigiň şerti:
Bäsleşige çagalar çeperçilik mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan 3-nji we 4-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar.
2019-njy ýylyň “Türkmenistan–rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli: “Ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüşleri”, “Gözel tebigatymyz”, “Milli gymmatlyklarymyz” - diýen temalardan bolup, ýerine ýetirilen işler 30-40 sm. ölçegde bolmaly.
-Işler bäsleşige gatnaşýan okuwçynyň hut özi tarapyndan (başgalar tarapyndan kömek berilmän) ýerine ýetirilen bolmaly.
-Okuwçynyň bäsleşige gatnaşýan işi ozal bäsleşige gatnaşdyrylmadyk işiniň asyl nusgasy bolmaly.
-Bäsleşige gatnaşdyrylan işler degişli mekdeplere gaýtarylyp berilýär.
-Jemleýji bäsleşigiň netijeleri bäsleşigiň geçirilen güni yglan ediler.
-Jemleýji bäsleşige her bir welaýatdan we Aşgabat şäherinden 25 işiň gatnaşdyrylmagy maksada laýyk hasaplanylýar.
-Jemleýji bäsleşige gatnaşdyryljak işler 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine çenli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýine ýollanylmalydyr. Görkezilen möhletden gijä galan işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
-Jemleýji bäsleşige gatnaşýan okuwçynyň anketasynyň ähli maglumatlary kompýuterde ýazylyp, onuň bäsleşige gatnaşýan işiniň arka tarapynda ýelmenmelidir. Maglumatda şular hökman ýazylmaly:
-Bäsleşige gatnaşýan okuwçynyň ady, familiýasy.
-Okaýan çeperçilik (sungat) mekdebiniň ady we salgysy.
-Doglan senesi.
-Okaýan synpy.
Okuwçynyň hünär mugallymynyň ady, familiýasy we atasynyň ady, el telefon belgileri.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak:
Ýeňijileri sylaglamak we jemleýji sergi 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 7-sine Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.
Bäsleşik boýunça beriljek ýerleriň sany:
Reňk bilen surat çekmek (akwarel) boýunça:
I orun – 2 sany.
II orun – 2 sany.
III orun – 2 sany.
Galam bilen surat çekmek (grafika) boýunça:
I orun – 2 sany.
II orun – 2 sany.
III orun – 2 sany.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça bäsleşige gatnaşan işleriň ýeňijileri höweslendiriji baýraklar, Diplomlar we Hormat hatlary bilen bilen sylaglanarlar. Şeýle-de, bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolan okuwçylaryň hünär mugallymlary we tapawutlanan 6 sany gatnaşyjy höweslendiriji baýrak bilen sylaglanar.
Bäsleşige gatnaşyjylara gazanan netijeleri boýunça orunlar berler. Eminler topary mynasyp hasap etmedik ýagdaýynda ýerler berilmän biler. Eminleriň çykaran netijeleri gutarnykly bolup, gaýtadan seredilmeýär.
Habarlaşmak üçin:
Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, tel: 44-00-41.