Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde goýýan wezipelerinden ugur alyp “Sagdyn we ruhubelent zenan – bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr” diýen şygary astynda 8-nji mart halkara zenanlar gününe bagyşlap, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda geçirýän sport görnüşleri boýunça ýaryşlaryň
DÜZGÜNNAMASY
I. Ýaryşyň maksady we wezipeleri
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda “Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlaryny we talyp gyzlaryny bedenterbiýe, sport we sagaldyş çäreleri bilen köpçülikleýin meşgullanmaga çekmek, zenan türgenleriň arasynda dürli sport görnüşleri boýunça zehinlerini ýüze çykarmak we olary höweslendirmek, talyp gyzlaryň arasynda milli asyllylyk, päklik, ahlaklylyk däplerini ýaýmak, sagdynlygyň we ruhubelentligiň çeşmesi bolan sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige aýratyn ähmiýet bermek.
II. Ýaryşyň geçirilýän wagty we şerti
Sport ýaryşlary 2019-njy ýylyň 2-7-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilýär. Açylyş dabarasy 2019-njy ýylyň mart aýynyň 4-ne sagat 1500-da Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sport toplumynda geçirilýär.
Sport ýaryşlaryň jemleýji dabarasy 2019-nji ýylyň mart aýynyň 7-ne sagat 1500-da Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sport toplumynda geçirilýär.
Toparlaryň wekilleriniň maslahaty 2019-njy ýylyň mart aýynyň 1-ne sagat 1500-da Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Baş binasynyň Mejlisler otagynda geçirilýär.
Ýaryşlary guramaklygy we guramaçylykly geçirmekligiň umumy jogapkärçiligi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sport klubyna we institutyň Jemgyýetçilik guramalaryna tabşyrylýar.
Ýaryşlaryň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň degişli kafedralarynyň jogapkär mugallymlary bellenilýär.
III. Ýaryşlaryň maksatnamasy
Zenan mugallymlaryň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary:
1.Düzzüm: Toparyň düzümi - 2 adam (2 zenan mugallym),
jogapkärler - Türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň mugallymy J.Suwhanowa;
2. 3x3 basketbol: Toparyň düzümi - 4 adam (4 zenan mugallym),
jogapkärler - Türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň müdiri w.w.ý.ý. O.Esenow we mugallym M.Mazakow;
3. Stoluň üstünde oýnalýan tennis: Toparyň düzümi - 3 adam (3 zenan mugallym), jogapkär - Türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň mugallymy M.Serdarow;
4. Tanap çekmek: Toparyň düzümi - 10 adam (10 zenan mugallym), jogapkär - Atçylyk sporty, gimnastika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek kafedrasynyň uly mugallymy B.Gaýlyýewa;
Talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary:
5. Woleýbol: Toparyň düzümi - 12 adam (12 talyp gyzlar),
jogapkär - Türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň mugallymy O.Kakalyýewa;
6. 3x3 basketbol: Toparyň düzümi - 4 adam (4 talyp gyz),
jogapkär - Türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň mugallymy N.Nagiýewa;
7. Gandbol: Toparyň düzümi - 12 adam (12 talyp gyz), iki period 15 minutdan oýlnalýar; jogapkär - Türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň mugallymy P.Pereworyha;
8. Estafeta ( 4x100 ): Toparyň düzümi - 4 adam (4 talyp gyz), jogapkär - Atçylyk sporty, gimnastika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek kafedrasynyň mugallymy D.Mämmedow.
9. Badminton: Toparyň düzümi - 2 adam (2 talyp gyz), jogapkär - Türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň mugallymy R.Annamämmedow
10. Tanap çekmek: Toparyň düzümi - 10 adam (10 talyp gyz),
jogapkär - Atçylyk sporty, gimnastika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek kafedrasynyň uly mugallymy B.Gaýlyýewa;
IV. Gatnaşýan taraplar we ýaryşy geçirmekligiň şertleri
Ýaryşlar sportuň görnüşleri boýunça hereket edýän halkara düzgünnamalaryna laýyklykda geçirilýär.
Ýaryşlara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary we zenan mugallymlary gatnaşýar. Gatnaşýanlaryň ýaşy çäklendirilmeýär. Ýaryşa gatnaşyjylar özleriniň toparlaryna degişliliginde tassyklanan, birmeňzeş reňkde we nyşan çekilen sport egin-eşiginde goýberilýär.
V. Ýaryşyň jemlerini jemlemekligiň şertleri
Sport ýaryşlary garyşyk görnüşinde geçirilip, üç tapgyrda amala aşyrylýar:
I-II tapgyrlarda gatnaşýan toparlaryň arasynda ýaryşlar “utulan çykdy” usulynda geçirilýär. III tapgyrda çykan toparçadan 1-ligi eýelän toparlaryň arasynda “aýlaw” usulynda ýeňijiler kesgitlenilýär.
Toparlaýyn we umumy komandalyk ýokary okuw mekdepleriniň alan orunlaryny kesgitlemek üçin: I orna - 30, II orna - 25, III orna - 20, IV orna - 15, V orna - 14, VI orna - 13, VII orna - 12, VIII orna - 11, IX orna - 10, X orna - 9, XI orna - 8, XII orna - 7, XIII orna - 6, XIV orna - 5, XV orna - 4, XVI orna - 3 san berilýär.
Umumy utuk sany kän gazanan topara öňdäki orun berilýär.
VI. Ýaryşyň çykdajylary we ýeňijileri sylaglamak
Ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylary gurnaýjy taraplaryň hasabyna degişli etmeli.
Sport ýaryşlarynyň Düzgünnamasyndaky sportuň her görnüşleri boýunça toparyň hasabyna I-II-III hem-de umumy hemme sport görnüşlerinde iň köp utuk sanlaryny toplan we I-II-III orunlary eýelän toparlar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan taýýarlanylan aýratyn sowgatlar we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň degişli derejeli Hormat hatlary bilen sylaglanar.
VII. Islegnamalary tabşyrmaklygyň tertibi we möhleti
Sportuň görnüşleri boýunça ýaryşa gatnaşmak üçin isleg hatyny 2019-njy ýylyň mart aýynyň 1-ne çenli Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sport klubyna tabşyrylmaly. Isleg hatyna gatnaşýanlaryň tassyklanylan sanawy goşulmaly.
Gatnaşyjylaryň ýanynda lukmanyň we rektoryň goly we möhri bilen tassyklanan resminamalaryň, işleýän ýerinden suratly kepilnamalaryň bolmagy hökmandyr.
VIII. Mahabatlandyrmak
Ýaryşlaryň geçirilýän ýeriniň bezeg işlerini hem-de telewideniýeniň we köpçülik habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň arasynda mahabatlandyrmak işlerini guramaklyk Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna tabşyrylýar.
Bellik. Düzgünnama laýyklykda toparlara ýokary okuw mekdepleriniň sport klublarynyň ýolbaşçylary jogap berýärler. Her bir ýolbaşçy sport ýaryşlarynyň dowamynda öz toparynyň tertip-düzgünini we arassaçylyk talaplaryny berjaý etmegine doly jogapkärçilik çekýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-65-36 (11-13, 11-16;)
Sport klubyň başygy Ş.Mämmedow - 862-50-66-05