Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde “Türkmenistan- Rowaçlygyň Watany” ýylynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde telekeçilik ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Ezber elli aşpez” ady bilen telekeçi gyz-gelinleriň arasynda işdä açar taýýarlamak boýunça bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň sahawata ýugrulan adalatly syýasaty Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraý mertebesiniň barha ýokarlanmagyna, halkymyz bilen durmuşyň ähli ugurlary we ulgamlary boýunça hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga meýil bildirýän dostlukly ýurtlaryň sanynyň artmagyna getirdi. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni taýdan görlüp eşidilmedik derejede gülläp ösmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň durmuşymyzda doly rowaçlyga eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar Watanmyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir” diýen ynama we ygtykata ýugrulan dürdäne sözlerini ýagty ýolda baýdak edinýän türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekýärler.
Ýurdumyzyň ýokary derejeli senagat döwletidigini dünýäniň çar künjünde subut edýän “Türkmenistanda öndürilen” diýen ýazgy bilen çykýan ýokary hilli önümlerimiz, ýerine ýetirilýän işlerimiz Watanymyzyň buýsanjyna öwrüldi.
Bu gün iň ýokary derejeli tehnikalara we tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip, ykdysadyýetiň ösmegine, önümçiligiň artmagyna goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlary hem mynasyp ruhda döredijilikli zähmet çekýärler.
Telekeçiligiň aşhana hyzmatlary ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň armasyny ýetirmekligi nazarda tutyp , Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde “Ezber elli aşpez” ady bilen telekeçi gyz-gelinleriň arasynda işdä açar taýýarlamak boýunça bäsleşigini yglan edýär.
Bu bäsleşigiň maksady bolsa, ýurdumyzyň rowaçlygyna saldamly goşant goşýan ýaşlaryň aşhana işleri bilen bagly ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekden şeýlede has tapawutly ezber hünärmenleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
I.Bäsleşigiň geçiş tertibi:
1. Bäsleşige ýurdumyzda belli bolan hususy kärhanalardan 6 (alty) sany topar gatnaşyp, olar öz aralarynda taýýar gök önümlerden işdä açar taýýarlamak boýunça ussatlyklaryny görkezmekde bäsleşerler.
2. Bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti guramaçy bolup çykyş edýär.
3. Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin tanymal aşpezler hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary dörediler. Olar bäsleşigiň şerti bilen bagly baha berip, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan topar yglan ederler. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
II.Bäsleşigiň şertleri:
1. Taýýar gök önümleri ulanyp, dürli görnüşli işdä açar taýýarlamaly. Ýerine ýetirilen iş ähli hil görkezijilerine we düzüliş şertlerine, düzgünlerine doly gabat gelmeli;
2. Her toparda dine bir adam bolmaly;
3. Işdä açar taýýarlamak üçin gerek bolan enjamlary (pyçak, tarelka, gap-gaç we şm) özleri üpjün etmeli.
4. Toparlara bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirmek üçin 30 minut wagt berilýär.
5. Bäsleşige 18-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler.
III.Bäsleşige gerekli resminamalar:
Bäsleşige gatnaşyjylar baradaky resminamalar şu aşakdaky görnüşde iki nusgada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşine 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 19-na getirmeli.
Bäsleşik 2019-njy ýylyn awgust aýynyň 23-ne sagat 10-00-da başlaýar.
Bäsleşik “Hezzet” medeni dynç alyş merkezinde geçiriler.
Bäsleşige gatnaşyjy topar agzalary baradaky maglumat we pasportlaryny nusgalary.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň adyndan 3 sany gymmat bahaly we 3 sany höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanarlar.
TSTP-niň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan hormat hatlar gowşurylýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi: 22-78-02, 22-71-93