ŞA GADAMY — KERAMAT

31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabyna iş sapary bilen baryp, Ahal welaýatynda guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol gün irden döwlet Baştutanymyz “Gorjaw” geňeşliginiň çägine geldi.

Мilli Liderimiz dolandyryş desgalarynyň hem-de beýleki edaralaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň binalarynyň toplumynyň taslamalaryna we çyzgylaryna garady. Ol ýadygärlik binasyny, Döwlet baýdagy üçin beýik sütüni bolan meýdançany, häkimligiň hem-de beýleki düzümleriň edaralaryny, şol sanda jemgyýetçilik guramalaryna, oba hojalyk, maliýe-ykdysady pudaklaryna, saglygy goraýyş toplumlara, ulag, aragatnaşyk, jemagat hojalygy we söwda pudaklaryna degişli edaralary özünde jemleýär. Taslama laýyklykda, Ruhyýet köşgi, welaýat medeniýet we baş bilim müdirligi üçin binalar, drama teatry hem-de kitaphana, muzeý bar.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanyşlygyň çäginde olara birnäçe düzedişleri girizdi hem-de aýdan maslahatlaryny nazara almak bilen, olary täzeden işlemek barada tabşyryklary berdi.

Taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda adamlar üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglary, medeni-durmuş binalary gurulmalydyr, jemagat gulluklarynyň işi ýola goýulmalydyr. Soňra welaýatyň dolandyryş düzüminiň edaralar toplumynyň işewürlik, ylym-bilim, senagat we medeni merkezleri, iş orunlaryny, ýaşaýyş jaý toplumynyň durmuş düzümini, ulag, inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokanç keselleri bejeriş edaralary gurlanda, hökmany bolan düzgünleriň we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi bilen gyzyklanyp, bu ulgamyň ýolbaşçysyna olaryň taslama böleginde ýerine ýetirilişine, şeýle hem täze welaýat hassahanasy gurlanda hem gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Bu lukmançylyk edarasynyň öňdebaryjy tehnologiýalar, lukmançylyk kömegini bermegiň täze usullaryna eýe bolan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini ýokary derejede guramagyň, ähli zatlary, şol sanda hassahananyň ýanynda tiz kömek gullugynyň ýola goýulmagyny göz öňünde tutmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz ony gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň bähbitlerine wekilçilik edýän deputatlaryň hem-de hökümet agzalarynyň öňünde wezipeleri goýup, gozgalan meseleleri hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça kabul edilen çözgütler barada hasabat bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz duşuşykda öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Ahal welaýatyna iş saparyny tamamlady.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

03.11.2018ý.