HALK BÄHBITLI ANYK WEZIPELER

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çärelere, şeýle hem döwletiň we jemgyýet durmuşynyň beýleki meselelerine garaldy.

Ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, pagta ýygymynyň depginleriniň ýokarlandyrylyşy we güýzlük bugdaý ekişiniň jemleriniň jemlenendigi barada hasabatlar berildi.

Oba hojalyk zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanýarlar. Şunlukda, Türkmenistan boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama şu güne çenli 95 göterim ýerine ýetirilip, Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna 1 million tonnadan gowrak hasyl tabşyryldy.

Şu günler daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta zaýasyz ýygnalýar. Daýhanlar pagta ýygymyna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bu işde Ahal welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri öňde barýarlar.

Milli Liderimiz ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi bilen gowaçanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini, howanyň amatly günleriniň bolsa gozalaryň köpçülikleýin açylmagyna oňat täsir edýändigini belläp, ekin meýdanlarynda galan «ak altyny» çalt ýygnamak üçin bar bolan serişdeleri goşmaça jemlemegi tabşyrdy. Milli baýlygymyz hasaplanýan pagta bolan gatnaşygymyz aýratyn häsiýetli bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlyk işlerinde agrotehniki çäreleriň kada laýyk geçirilmelidigini belledi. Kärendeçiler bilen hasaplaşyk meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Döwl e t Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýuna taýýarlyk baradaky meselä degip geçip, edermen daýhanlarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň ýylboýy çeken yhlasly zähmetiniň jemine bagyşlanan bu köpçülikleýin dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, Hasyl toýunyň dowamynda has tapawutlanan pagtaçylaryň we beýleki oba hojalyk zähmetkeşleriniň gymmat bahaly sylaglar bilen sylaglanmalydygyny aýdyp, bu babatda tabşyryklary berdi.

Soňra häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berildi. Türkmenbaşy şäherinde Lazurit (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa) ugry boýunça halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegiň, şeýle hem Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işledilmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz deňiz portunyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurda marketing usulyny peýdalanmagyň, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimize 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek üçin Döwlet býujetiniň talabalaýyk derejede taýýarlanylmalydygyny belledi.

Şoňa görä-de, ykdysady toplumyň düzümleri halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläkde ösdürilmegi üçin aňrybaş tagallalary etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde tertip-düzgüniň, arassaçylygyň we abadançylygyň yzygiderli üpjün edilmelidigini, paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz paýtagt häkimliginiň ýolbaşçysyna ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berdi, şeýle hem paýtagtymyzyň bezegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak dabaralary guramak barada aýtmak bilen, ähli baýramçylyk çäreleriniň häzirki döwrüň talabyna we ruhuna laýyk gelmelidigini, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň beýanyna öwrülmelidigini nygtap, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

08.11.2018ý.