19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýewi we B.Öwezowy hem-de Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şol sanda ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýerleri taýýarlamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça welaýatda iş saparynda bolup, sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýlary bilen tanşandygy barada hasabat berdi.
Wise-premýer Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda sadaka jaýynyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygy, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we ýokanç keselleri hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda kottežler toplumynyň gurluşyklarynyň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şöhratly baýramçylyga ajaýyp sowgat boljak möhüm ähmiýetli gurluşyklarda işleriň barşyna berk gözegçilik etmek, olaryň ýokary hilli we öz möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagy üçin ähli tagallalar etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy.
Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak, şol birwagtyň özünde ýazlyk gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriň, şonda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Mary welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada aýdyp, bu ýerde durmuşa geçirilýän hemmetaraplaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde Mary welaýatynyň çäginden gözbaş alan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler alnyp barylýar.
Bular barada aýtmak bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň özara tejribe alyşmak maksady bilen, Mary welaýatyna iş saparynyň guralmalydygyna ünsi çekdi. Olar welaýatyň medeni durmuşyndaky hem-de oba hojalygyndaky oňyn tejribeler bilen tanşarlar. Munuň özi häkimleriň iş tejribesini mundan beýläk-de baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolar diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany hem-de medeniýet ministri A.Şamyradowy çagyrdy.
Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamynda “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreleri giňden beýan etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenendigi barada hasabat berdi.
Medeniýet ministri A.Şamyradow şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly seneleri mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes seneleriň hormatyna köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar, bäsleşikler, sergiler we dürli derejedäki maslahatlar guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.