25-nji ýanwarda Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda şäheriň işewürlik we durmuş ulgamyna degişli merkezleriň kemala gelen ýeri bolan günorta künjegine geldi. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjegindäki şaýoluň ugrunda bina edilen “Ak öý” awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygynyň we Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan gurluşyklary synlady. Şäheriň günorta künjeginde bina edilýän “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurluşygynda işler bellenilen meýilnama laýyk derejede alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň bank-maliýe düzümine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz bankyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zaman ösen tejribeleriniň ulanylmagynyň, bankyň işine döwrebap sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkeziň bankyň başlygy M.Annadurdyýewe gurluşyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy, Fransiýanyň belli “Bouyges Batymant International” kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bina edilýän desganyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlap, gurluşygyň kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyny belledi.
Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurulýan ýerine tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz bankyň binasynyň içki bezeg işleri bilen gyzyklanyp, onda milli bezeg aýratynlyklaryna, bankyň diwarlarynda türkmen halylary bilen baglanyşykly bezeglere möhüm ähmiýet berilmelidigini, iň esasy bolsa, bankyň hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler üçin zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy we bu ýerde alnyp barylýan işi yzygiderli gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça guralan iş saparynyň jemini jemläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Şunlukda, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şol birwagtyň özünde binalaryň inženerçilik-tehniki düzümleriniň we yşyklandyryş ulgamynyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer Ş.Durdylyýewe bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz iş saparynyň ahyrynda paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, durmuş üpjünçilik ulgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny ýene bir gezek belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.