26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.
Milli Liderimiz seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Döwlet Baştutanymyz söwda dynç alyş merkeziniň, seýilgähiň we “Garagum” myhmanhanasynyň bir toplumda ýerleşmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny, täze döwrebap seýilgähiň uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň dynç almagynyň hem-de gezelenç etmeginiň iň söýgüli ýerine öwrüljekdigini belledi.
Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan we gurluşygy meýilleşdirilen binalaryň şekil taslamasy, “Garagum” işewürlik merkezli myhmanhananyň baş meýilnamasy hem-de seýilgähiň şekil taslamasy we baş meýilnamasy, söwda dynç alyş merkeziniň taslamalary, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow seýilgähiň taslamasy barada hasabat berdi. Bu taslamada meýilleşdirilen ähli işler, şol sanda suw çüwdürimleri, bagy-bossanlyklar, ýanýodalar we beýlekiler seýilgäh zolagyny döretmegiň iň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetiriler.
Döwrebap seýilgähiň ýer böleginiň umumy meýdany 9,75 gektara barabardyr. Onuň uzynlygy 320 metr, ini bolsa 310 metre deňdir. Seýilgähde suw çüwdürimleriniň 9-sy, şol sanda merkezde 1 uly we 8 sany kiçi suw çüwdürimler bu ýere gelýänleriň göwnüni joşdurar. Şeýle hem bu ýerde suw howdanlarynyň 3-sini gurmak meýilleşdirildi.
Taslama laýyklykda, gurluşygy alnyp barylýan ýerasty geçelgeler bolsa pyýadalaryň howpsuzlygy üçin niýetlenendir. Geçelgeleriň jemi 4-si bolup, uzynlygy 25,1 metre, ini 8,1 metre we beýikligi 4,8 metre deňdir. Ýoluň uzynlygy 704 metre barabar bolup, ini 18 metrdir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taslamalara käbir belliklerini hem-de düzedişlerini girizdi. Täze seýilgäh paýtagtymyzyň Halkara howa menziline çenli uzalyp gidip, şol ýerde ýaşaýan raýatlarymyzyň oňaýly dynç alýan ýerine öwrüler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barlyp, milli öwüşginleri özünde jemlemelidigi barada nygtap, seýilgähiň döwrebap atlandyrylmalydygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, ony “Laçyn” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Milli Liderimiziň bu teklibi paýtagtymyzyň ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilindäki Halkara howa menziliniň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglylykda, ýerine düşen teklipdir.
Soňra şu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew gurluşygy alnyp barylýan Söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli çäreleriň görülýändigi aýratyn nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň otaglarynyň birine baryp gördi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew myhmanlar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew bu ýerde häzirki wagtda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň otaglarynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu myhmanhananyň zallarynyň we otaglarynyň içki bezegleriniň milli derejede özara utgaşmalydygyna ünsi çekdi we şol işleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde iň döwrebap we täzeçil tehnologiýalar ulanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, myhmanhanada iň ýokary halkara derejesindäki maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin hemme döwrebap şertler döredilmelidir. Toplumyň daş-töwereginde emele getirilýän bagy-bossanlyklarda, gurulýan suw çüwdürimlerinde Türkmenistanyň ekologiýa meselesine neneňsi uly üns berýändigi aýdyň beýanyny tapmalydyr we şolar bu ýere gelýänlerde ruhubelentlik döretmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün edilmelidir, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.