Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar.
Dogrudan-da, durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyngurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýada beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.
Milli Liderimiz bu ulgamda barlaglaryň gerimini giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin esasy ugurlary kesgitledi. Şol ugurlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda tassyklanylan himiýa ylmyny we tehnologiýalary 2021-2025-nji ýyllarda toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň esasynda goýuldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen Maksatnamanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda özgertmeler durmuşa geçirilende, ylmyň eýeleýän ornuny artdyrmakdan, ekologiýa taýdan arassa we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde himiýa ylmynyň mümkinçiligini peýdalanmakdan, täzeçil we sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň himiýa önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bu resminamada şu maksatlara ýetmek ugrunda anyk çäreler bellenildi. Şol çäreler 11 ugur boýunça toparlara bölündi, şolaryň hatarynda ýurdumyzyň mineral, suw mineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn hem-de has netijeli gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, senagat galyndylaryny, şol sanda galyndy suwlary gaýtadan ulanmagyň usullaryny işläp düzmegi özünde jemleýär.
Maksatnamada daşary ýurtlaryň ylmy institutlary bilen bilelikde, bu ulgamlarda halkara derejesinde barlaglary geçirmegiň maksadalaýykdygy nygtalýar hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygy bellenilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri halkara ölçeglerine kybap gelýän döwrebap, ýokary hilli bilim almakda ýaşlary goldamakdan, hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, ylmy-tehniki barlaglar bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzir institutyň işgärleriniň 50 göterime golaýynyň ýaşlardan ybaratdygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, we Belarus Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlar her ýyl işgärleriň hataryny artdyrýar.
Himiýa institutynyň binýadynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedralary hereket edýär.
Talyplar bilen okuw maslahatlarynyň we amaly okuwlaryň hilini gowulandyrmakda binýatlaýyn kafedranyň eýeleýän orny örän möhümdir, munuň özi alymlaryň we hünärmenleriň tejribeleri kabul etmäge, institutyň ylmy işleri bilen göniden-göni tanyşmaga, oňa aralaşyp, iş ýagdaýlaryna goşulyşmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýalaryň ösdürilmeginde täze ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär. Ýurdumyzyň dürli edaralarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de tejribeli alymlaryň ýolbaşçylygynda möhüm ylmy barlaglary geçirmek üçin Himiýa institutyna berkidilen aspirantura we aspirantura dalaşgärlige kabul edilýär.
Şu ýylyň başynda badalga alan himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň bäşýyllyk Döwlet maksatnamasy ýaşlaryň institutyň işläp taýýarlamalaryna gatnaşmagyna ýardam bermek boýunça mundan beýläkki çäreleriň geçirilmegini hem göz öňünde tutýar. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berilmegi ýurdumyzda himiýa ylmyny we tehnologiýalary ösdürmegiň täze möhüm tapgyryny açýandygy gürrüňsizdir.
Resminama 2021-2025-nji ýyllar üçin öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça hereket etmegiň meýilnamasyny hem özünde jemleýär. Jemi iri çäreleriň 18-si meýilleşdirildi, şolaryň köp bölegi Himiýa institutynyň ýolbaşçylygynda geçiriler.
Ylmy barlaglary has-da güýçlendirmek we olaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, institutyň düzüminde senagat himiýa barlaghanasy döredildi, ol ýurdumyzyň senagat pudagy bilen baglanyşykly ylmy ugurlaryň köp möçberini işläp taýýarlar.
Ylymlar akademiýasynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, ylmy-barlag institutlarynyň işini hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralaryna Ministrler Kabineti bilen ylalaşmagyň esasynda ylmy-barlag edaralarynda marketing ýörelgelerini peýdalanyp, barlaglary geçirmäge hem-de ykdysady hasaplamalardan gelip gowuşýan girdejileriň hasabyna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmäge ygtyýarly edildi.
Bu resminama ylmy depginli ösdürmek we hil taýdan kämilleşdirmek üçin şert döredýär. Şeýle hem munuň özi ylmy edaralara, alymlara we hünärmenlere hojalyk hasaplaşygy şertlerinde barlag işlerini geçirmäge, onuň netijelerini we ylmy-tehniki täzelikleri ykdysadyýete ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Ylmy institutlaryň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi hem-de girdejileriň barlag maksatlary üçin ulanylmagy depginli üýtgeýän häzirki döwrüň ylym we tehnologiýalar dünýäsinde örän möhümdir. Himiýa institutynyň geçen ýyl bölekleýin öz-özüňi ödemek ýörelgelerinde işländigini hasaba almak bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Himiýa institutynyň ähli bölümleri doly hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli özgertmeleriň we durmuş ugurly ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ilerledilmegi hojalyk ýöretmegiň häzirki zaman görnüşlerine bazar gatnaşyklaryny tapgyrlaýyn geçirilmegine gönüden-göni baglanyşykly bolup durýandygyny belleýär.
Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde türkmen himiýaçylary tarapyndan geçirilen barlaglaryň we seljermeleriň, meýilnamalaşdyryş-ykdysady hasaplamalaryň esasynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça Himiýa institutyna häzirki günde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi döwlet gullugy tarapyndan çäklendirilen ygtyýarnamalaryň 21-si berildi.
Institutyň ylmy-barlaglarynyň netijeleri ýurdumyzyň senagatynyň dürli pudaklarynda önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Himiýaçy hünärmenleriň barlag işleriniň mazmuny ýurdumyzda öndürilýän hem-de ýerli çig malyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmegiň maksatlary, şeýle hem eksportuň mukdarynyň artdyrylmagy bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.
Bu wezipeleriň çözülmeginiň ekologiýa, daşky gurşawy goramak, önümleriň hilini we howpsuzlygynyň kepilligini gowulandyrmak, galyndysyz tehnologiýalary ösdürmek hem-de beýleki möhüm meseleler babatda bildirilýän talaplaryny hökmany ýagdaýda göz öňünde tutýandygyny bellemek gerek.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenilip taýýarlanylan himiýa pudagyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda öňe tarap uly ädime öwrüljekdigini tassyklamaga esas berýär.