Ýurdumyz ähli ugurlardaky ýollarda ösüşli menzilleri nazarlaýar. Halkymyzyň asuda we parahat ýurtda erkana, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň bolmagyna giň ýol açylýar. Dürli hili tehnika we tehnologiýa enjamlarynyň önümçilikleriniň ýola goýulmagy, daşary ýurtlaryň önümleriniň ýerini tutjak birnäçe ugurlardaky önümçiliklerimiziň mukdarynyň artmagy we hiliniň ýokarlanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy üçin gönükdirilen işleriň özenidir. Häzirki wagtda döwrüň talabyna laýyklykda elektron enjamlary ähli ugurlarda esasy orunlary eýeleýär, dürli ugurlardaky işleriň çaltlygy we hilliligi bu enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar.
Dürli hili hojalyk kärhanalaryň degişli ministrlikleriň garamagynda ýa-da bilelikde ýerine ýetirmeginde öndürilýän önümleriň sanynyň we görnüşleriniň barha köpelmegi netijesinde halkymyz elýeterli we ýokary hilli elektron, hojalyk harytlary bilen üpjün edilýär.
Munuň mysalynda 2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna özleriniň zähmet üstünlikleri bilen öňe barýan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetini aýtmak bolar.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararynyň esasynda döredildi. Onda jemi 95 işgär zähmet çekip, ilki bu ýerde dürli görnüşli lampalar öndürilip, soňra bolsa önümçilik görnüşleri giňelip, başga görnüşli ýokary hilli elektron önümlerini öndürip başlady.
Häzirki wagtda «Türkmenkabel» döwlet kärhanasynyň önümçilik jaýynyň 14 680 inedördül metrinde ýylda ortaça 8 440 000 sany görnüşde, 20 müň sagat işlemäge ukyply 3 W başlap 96 W-a çenli içki we daşky, asma we alýumin örtükli Led lampalary öndürilýär. Ýagtylygy ýokary, adaty lampalardan has tygşytly, daş-töwerek üçin howpsuz hasaplanýan lampalaryň dürli görnüşleri öndürilýär.
Öndürilýän önümleriň çig mallaryny Türkmenbaşy şäherindäki «Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan» alnyp, öndürilýän önümleriň düzümine plasmas goşantly polipropilen goşulýar. Bu bolsa önümiň hiliniň ýokary bolmagyny gazandyrýar we suw geçmekden we döwülmekden goraýar.
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde diňe bir LED yşyklandyryjylar däl-de, eýsem her ýylda birinji synpa okuwa barýan çagalar üçin bilim kompýuterlerini hem öndürilýär. Ilki–ilkiler olar daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, 2017-nji ýyldan bäri «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde täze görnüşler öndürilip başlandy. Bu bolsa ýaşlaryň döwrüň ösýän tehniki we informassion enjamlaryndan baş çykaryp bilmeklerine we döwür bilen aýakdaş gitmeklerine uly ýardam edýär. Öndürilýän çagalar üçin kompýuterleri okuw meýilnamasyna laýyklykda programmalar bilen üpjün edilýär. Bu görnüşdäki kompýuterleriň ýylda öndürijilik kuwwatlylygy 200 000–e deňdir.
Mundan başga-da bu hojalyk jemgyýetinde gündelik durmuşymyza has içgin ornaşan akylly (Smart) telewizorlary öndürilip, halk köpçüligine ýetirilýär.
– Akylly telewizorlar.
– Içine aipi týuner ornaşdyrylan telewizorlar.
Ýokarda agzalan telewizorlaryň 32, 42, 55 dýum we 4K Ultra HD durulykda LCD ekranly modelleriň önümçiligi güýçli depginde alnyp barylýar. Ýakynda bolsa 65 dýumly «Älem» atly telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy we öndürilýän önümler täze modeller tor hyzmatlary we zerur interfeýs bilen enjamlaşdyrylan. Kärhananyň bu ugurda ýyldaky önümçilik sany 100 müňe deňdir.
Geçen 2020-nji ýylymyzda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň düzümindäki ýaşaýyş jaý toplumy, söwda we dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu toplumda ýaşaýan ildeşlerimiz döwrümiziň talabyna laýyk, zamanabap hojalyk we elektronika enjamlary bilen üpjün edildi. Täze ýaşaýyş jaýlaryň aglabasy bolsa ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri bilen üpjün edildi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti önümçilik işlerinde mundan başga-da, aipi týunerlerini programma üpjünçiligini döretmekde hem öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Bu ýerde aipi týuneriň 3 görnüşi öndürilýär.
– Görülen wideo şekillerini yza saradyp we ýazgy edip bolýar.
– Word programma üpjünçiligini ulanyp, android we kompýuter hökmünde ulanyp bolýar.
– Kompýuter hökmünde ulanyp, internet maglumatlaryny alyp bolýar.
Geljek işlerimiziň ösüşli ýollardan gitmegi üçin her ulgama zehinli, ökde, döredijilikli hünärmenler zerur bolýar. Şol mynasybetli, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň «Ýaş alymlar» Merkezi bilen bilelikde işleýärler. Ol ýerde talyplara informatika we tehnologiýa sapaklary içgin öwredilýär we dünýä täzeliklerinden habarly bolup, alýan bilimlerini tejribe üstünde synagdan geçirýärler. Diýarymyzda sanly ulgama geçmek boýunça ähli ulgamlarda işler güýçli depginde amala aşyrylýar. Ýokarda belleýşimiz ýaly telewizor önümçiligindäki programmalaryň düzüminde kompýuter programmalary hem ýerleşdirilip, iş ýerlerinde ulanmaga mümkinçilikler döredilýär. Bu programmalar bolsa ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary bilen işläp taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda önümçilik hojalygynyň önümçilik kuwwaty we görnüşleri köpelýär. Monoblok görnüşli kompýuter «Şowly», Smart görnüşli telefon «Milli», öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşlisi «Körpe», «Internet ulgamyny paýlaýjy» enjama – routora «Uçgun», agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama «Teşne», split görnüşli kondisionerler bolsa «Mylaýym» diýip atlandyrylan ýagdaýda önümleriň önümçiligi ýola goýuldy we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýakyn günlerde bu önümleri halkymyza ýetirmegi maksat edinýärler.
Ýurdumyzda halkymyzyň asuda, bagtyýar ýaşamagy ugrunda birnäçe işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Şaperi OTUZOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň hünärmeni.