17-nji fewralda “Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär.
Medeniýet öýünde geçirilen dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň örän möhümdigini belledi.
“Halal zähmetimiz bilen eziz Diýarymyzy gülläp ösýän, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýan gözel mekanyna öwrülmelidir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyryp, dünýädäki ornuny has-da berkitmelidiris” diýlip, milli Liderimiziň gutlagynda aýdylýar.
Dabaranyň dowamynda etrabyň ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Watanymyzyň ähli künjeklerine täze durmuş ymykly aralaşýar. Olar gün-günden gözel keşbe eýe bolýar. S.A.Nyýazow adyndaky etrap hem munuň aýdyň subutnamasydyr, ol demirgazyk welaýatyň iri obasenagat merkezleriniň biridir. Geçen ýyl bu ýerde pagtanyň 41,5 müň tonnadan gowragy, bugdaýyň 32 müň tonna golaýy öndürilip, ýeralmasynyň we beýleki ekinleriň bereketli hasyllary ýygnaldy.
Şu ýyl gowaça ekmek üçin 21 müň gektar ýer, güýzlük bugdaý üçin 16 müň gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hem beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Etrabyň daýhançylyk ussatlygyna eýe bolan zähmetkeşleri her ýyl gök-miwe önümlerini taýýarlap, bagbançylygy we maldarçylygy ösdürýärler. Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti bolsa üstünlikli işleri bilen welaýatyň çäklerinden alyslarda hem tanalýar.
Dabarada çykyş edenler etrabyň ilatyny abraýly bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada eýe bolmagy bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşýan goşantlaryna berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy we şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar
Soňra dabara oba geňeşliginiň hem-de Medeniýet öýüniň binalarynyň öňündäki türkmen halylary bilen bezelen meýdançada dowam edip, bu ýerde dürli öwüşgünli diwarlyklar we pannolar oturdyldy, ak öýler dikildi.
Dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar, onda türkmen suratkeşleriniň, nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň işleri, halk senetçileriniň önümleri, obasenagat toplumynyň öndürýän önümleri görkezildi.
Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylygyň öwüşgünini has-da artdyrdy. Milli Liderimize hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda abadançylygyň nurana ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyza bagyşlanan joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanyp, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi.
Bu ajaýyp waka mynasybetli Daşoguz welaýatynyň häkimliginde dabaraly ýygnak we baýramçylyk konserti geçirildi.