24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa, M.Geldinyýazow, medeniýet ministri A.Şamyradow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow we Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy M.Gazakbaýew garşyladylar.
Bu ýerde milli Liderimize ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak “Aşgabat siti” şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň çyzgylary, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalary, “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary görkezildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi. Maslahatda Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi dabaraly belleniljek şu ýylda ýurdumyzyň baş şäherini dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz maslahatda gatnaşyjylara ýüzlenip şeýle diýdi: “Aşgabadyň taryhynyň öwrenilmegine hem-de ýeten derejesiniň wagyz edilmegine bagyşlanan sergileri guramak üçin bu şanly senäniň ähmiýeti uludyr. Döredijilik bäsleşikleri we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler baýramçylygyň şowhunyny artdyrmak üçin paýtagtymyzyň taryhy ýerleri we ýadygärlikleriniň ýany saýlanyp alynsa, maksada laýyk bolar. Bu ýerde körpe aşgabatlylar bilen gyzykly duşuşyklary geçirmek, çagalaryň surat bäsleşiklerini, Aşgabada bolan çuňňur söýgini beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary we çeper okaýyşlary guramak bolar”.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.