«Talyp gözeli — 2021»: gözellik bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa ata-baba ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýar. Milli Liderimiz: «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýip, gelin-gyzlara uly ynam bildirýär. Ýurdumyzda gelin-gyzlaryň döredijilik ukyplaryny açmak we olary zähmete höweslendirmek babatda dürli bäsleşikler hem geçirilýär. Munuň özi türkmen gelin-gyzlarynyň milli däp-dessurlarymyzy dowam edip, ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna uly itergi berýär, olary has-da guwandyrýar.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlaryny, keşp we edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda talyp gyzlaryň arasynda «Talyp gözeli – 2021» atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Oňa institutymyzyň mugallymlary, talyplary we institutyň mugallymlaryndan düzülen emin agzalary gatnaşdylar.

Bäsleşik jemi üç tapgyrda alnyp baryldy. Onuň birinji şerti boýunça bäsleşýän talyp gözeller ýurdumyzda gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa barada, şeýle hem özleriniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, ýylyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlarynda ussatlyk bilen wasp etdiler. Gözellik bäsleşiginiň indiki şerti boýunça talyp gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça özleriniň ezberligini hem-de ahyrky şertine görä zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmegi başardylar. Şeýle-de, onuň dowamynda institutyň çeper-höwesjeňler toparynyň ýerine ýetirilmeginde ajaýyp aýdymlar diňlenildi.

Çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda institutyň emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňijilere we ähli gatnaşan talyp gözellere sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar Garaşsyz ýurdumyzy bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň gülläp ösmegi we türkmen halkynyň abadançylygy, ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirýän tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.