Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli – 2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň asuda, abadan parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar durýar. Mähriban Prezidentimiziň «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik talyp gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň milli häsiýetlerimizi özünde jemleýän edep-ekramyny beýan etmäge örän ähmiýetlidir.
«Talyp gözeli – 2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp gyzlaryň 21-si gatnaşdy. Olar türkmen gyzyna mahsus bolan edep-ekramlylygy, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we zenan mertebesine goýulýan sarpany, saýlap alan hünärine, mukaddes Watanymyza bolan söýgüsini, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlarynda ussatlyk bilen beýan etdiler.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde başarnyklaryny görkezdiler.
«Hünärim bar - hormatym bar» - atly üçünji şertinde bäsleşige gatnaşyjy talyp zenan özüniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Gülnäz Ataýewa mynasyp boldy. 1-nji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Merjen Gurbanberdiýewa, 2-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Kuliýewa Aýnur hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Şirin Döwranmyradowa, 3-nji orunlara degişlilikde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ogulnabat Şyhmyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Güljemal Amangulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Gyzylgül Seýisowa dagylar mynasyp boldular.
Ýeňijilere we işjeň gatnaşan talyp gözellere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar diplomlar, hormat hatlary we minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gözellik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesiniň häzirki buýsançly döwürde ajaýyp öwüşginleriniň many-mazmunyny il içinde wagyz etmekde mundan beýläkde joşgunly zähmet çekjekdiklerini, Mähriban Arkadagymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli, yhlasly goşantlaryny goşjakdyklaryny ynandyrdylar we dünýäde ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgäni amal edýän bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan ýaşlaryň Hak Howandary Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Has köp suratlary «Multimediýa» bölüminde görüp bilersiňiz!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.