Ösüşli menzilleri nazarlap

20-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi.

Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýeti batly depginler bilen ösýär. Söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk we beýleki ulgamlary innowasion esasda ösdürmek babatda oýlanyşykly syýasat ýöredilýär. Ylma, bilime, sporta, saglygy goraýşa, medeniýete we ilatyň durmuş goraglylygyna maýa goýumlary artdyrylýar. Ykdysadyýetiň hususy bölegine, kiçi we orta telekeçilige giňden goldaw berilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi durnukly ýagdaýda saklanylýar. Muny hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň deslapky jemleri boýunça berlen hasabatlar tassyklaýar. Ýagny Diýarymyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede üpjün ediler. «Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, býujet serişdeleriniň 76,6 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ykdysady netijeliligi has-da ýokarlandyrmagyň hasabyna hem-de giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen geljekde jemi içerki önümiň möçberiniň ýokarlanmagy üpjün ediler.

Hormatly Prezidentimiz pudaklary ösdürmegiň hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara we sebit ähmiýetli giň gerimli hem-de aýratyn iri möçberli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna durnukly ösüş depginlerini saklamagyň 2019-njy ýylyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary berkitmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sepgitlere ýetmek maksady bilen, ilçileri wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara hem-de «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi.

2018-nji ýylda bagtyýar raýatlarymyzyň müňlerçesi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar, täze obalaryň birnäçesiniň düýbi tutuldy, bularyň ählisi syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan ösen, uly maýa goýum mümkinçiligi bolan ýurdumyzyň derejesini görkezýän hakykatdyr. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň aňyrsynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni we geljegi baradaky alada durýar. Bular hormatly Prezidentimiziň şu ýyl neşir edilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapdy.

2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň taryhy Ýüpek ýoluny dikeltmekdäki, onuň häzirki zaman şertlerinde ösüşine goşandyny, şöhratly taryhyny we medeniýetini mundan beýläk-de öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, gazanylan üstünlikleri, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ýaş nesli Watanymyza bolan çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, amala aşyrylýan taryhy işleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem milli Liderimiziň taýsyz tagallalaryny doly goldaýan, şol işlere buýsanç bilen goşant goşýan ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we ýönekeý raýatlarymyzyň 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak baradaky teklibini makullady. Geljek ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygarynyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasyny, onuň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýandygyny döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisini ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

22.12.2018ý.

Meňzeş habarlar