Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işlerine, Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak baradaky tekliplere şeýle hem pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlar diňlenildi. Hususanda şu ýyl ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda täze programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek boýunça “Sanly çözgüt-2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi. Bu bäsleşigiň jemi “Türkmentel-2021” halkara sergisiniň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mukamlar köşgünde Milli bahar baýramynyň hormatyna “Parahatlyk bahary” ady bilen baýramçylyk konserti geçirmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky, XV Sammitini 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirmek şeýle hem şu ýyl ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitini hem-de Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyny geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabatlar diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.