Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdeplerini 2020-2021-nji okuw ýylynda tamamlaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Halypa ýörelgesi – şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, türkmen sungatyny täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän döredijilik bäsleşikleri, festiwallary türkmen sungatynyň täze ösüşlere beslenmegine, il içinden täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna, ukyp-başarnyklarynyň giňden açylmagyna uly ýardam berýär.
Çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu döredijilik bäsleşigi nusgawy saz sungatyny has-da ösdürmekde, ýetginjekleriň professional ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekde, olarda saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmakda, şeýle hem ýaş zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini fortepiano, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan, milli we halk saz gurallary we bagşy hünäri boýunça 2020-2021-nji okuw ýylynda tamamlaýan zehinli okuwçylaryň birnäçesi gatnaşdylar.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Soňra «Halypa ýörelgesi – şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry mynasybetli paýtagtymyzdaky Çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly konserte giň orun berildi.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sungatynyň ösmegi, kämilleşmegi hem-de ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň Hak Howandary Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerine bolsa Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda aýdym-saz äleminde uly döredijilik üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.