Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň gün tertibine Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň şy­pa­ha­na­la­ryn­da be­je­riş-sa­gal­dyş kö­me­gi­ni al­mak üçin be­ril­ýän ýol­la­ma­na­ma­la­ryň ba­ha­la­ryny tas­syk­la­mak hakyndaky teklip we ministrlikleriň we häkimlikleriň hasabynda durýan birnäçe edaralary hususy taraplara geçirmek hakynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda taýýarlanylan teklipler hödürlenildi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Şeýle hem sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany makullap we degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 2-nji aprelde Moskwada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.