Ykbalyny sungat ýoluna baglan ynsanlar dünýäniň gözelliklerini çeper beýan etmekde taryh sahypalaryna öz möhürlerini goýýarlar. Olaryň döreden eserleri özboluşly aýratynlygy şu günki we geljekki ýaşlaryň döredijilikli ýoluna täsir edip, ajaýyp sungatyň döremegine we dowam etmegine mümkinçilik berýär. Ömür ýoluny sungata baglap, öz döredijiligi bilen türkmen milletini, onuň gymmatlyklaryny, baýlyklaryny, ruhy dünýäsini eserlerinde wasp edýän ussat halypalaryň biri-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Işanguly Işangulyýewdir.
Işanguly Işangulyýewiň döredijiliginde tebigatyň nurana keşbini, natýurmortlaryň, portretleriň, bedewleriň şekilleriniň, şan-şöhratly beýik taryhymyzyň, ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň pelsepesini açyp görkezýän täsin äheňler we ajaýyp sazlaşýan kompozisiýalar bir ýere jemlenip, biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halypa suratkeşiň döredijiligi atlaryň gözelligini, olaryň çeýe hereketlerini, ýüpek kimin öwşün atýan reňkini, iň esasy bolsa, adamlaryň behişti jandarlara durmuşdaky iň wepaly ýoldaşy hökmünde garaýşyny has doly açyp görkezýän köpsanly ajaýyp eserleriň ýazylmagyna itergi berdi.
Ata-babalarymyzdan miras galan jümleleriň içinde «Ýagşyny görmek jennet» diýen pähim bar. Döredijilik bilen meşgullanýan islendik döredijiniň eseri ynsany bagtyýarlyga, täze duýgulara, täze durmuşa ruhlandyrýar. Halypa suratkeşiň döredijiligi bilen içgin gyzyklanylanda hem onuň sungat ýolundaky ilerlemeleri döredijilik äleminiň bu ugruna höwes bildirýän ýaşlara ýol-ýörelge bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarsyň.
Her bir ugurda ýaşlaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlary halypa suratkeşiň döredijiligi bilen içgin tanyşdyrmak, olary suratkeşiň sungat dünýäsine gaýybana syýahat etdirmek, sungatyň bu ugruna ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen halypa suratkeş Işanguly Işangulyýewiň sergisini guramaklygy makul bildik.
Suratkeşiň eserleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda, Özbegistanyň “Badiý” milli bankynyň ýygyndysynda hem-de Türkiýäniň, Hindistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Angliýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň şahsy ýygyndylarynda ýerleşýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hereket edýän www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynyň «Türkmenistan-ÝUNESKO» sahypasynda guraljak bu sergi halypa-şägirtlik ýolunyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, ýaşlarda hünäre bolan söýgini artdyrmakda, olaryň gözýetimleriniň giňemeginde, şeýle hem türkmenistanly ýaşlaryň hünär başarnyklarynyň kämilleşdirilmeginde ýene bir ädim bolar.