Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan medeni mirasy döwrebap öwüşginler bilen dikeldilýär, baýlaşdyrylýar. Şeýle hem, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hem maksadalaýyk işler ýola goýulýar. Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak işinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz öz baý taryhy-medeni mirasymyza biz örän aýawly garamalydyrys. Biziň maddy we ruhy gymmatlyklarymyz diňe bir türkmen halkyna degişli bolman, eýsem halkara bileleşik, bütin adamzat üçin hem özboluşly baýlykdyr. Bu bolsa iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň örän möhüm wezipeleriniň ýene-de biri bolup durýandygyny aňladýar.
Geçirilýän halkara ylmy maslahatlary, sergileri, metbugat işlerini, täze açylan teleradio ýaýlymlary we beýleki ugurlary tutuş adamzat üçin özboluşly baýlyk bolup durýan baý taryhy-medeni mirasymyzy dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde alnyp barylýan esasy ugurlaryň mysalynda getirmek bolar.
Adamzat taryhynyň köpasyrlyk sahypalaryny özünde jemleýän Nusaý, Änew, Marguş, Altyndepe, Maşat-Misserian, Dehistan, Köneürgenç ýaly gadymy taryhy-medeni şäherlerimizde halkara ylmy guramalary, daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde arheologiýa gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Şeýle işler türkmen halkynyň umumadamzat medeni-ruhy ösüşine ýetiren täsirini ýüze çykarýar, olary öwrenmegiň ylmy esaslaryny goýýar, milli mirasymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da ýokary göterýär.
Çägeli çölleri, gözýetmez deňizleri söküp geçip, söwda kerwen ýollarynyň ulgamyny emele getiren gadymy Beýik Ýüpek ýoly dürli siwilizasiýaly we medeniýetli halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda görnükli orny eýeländigi bu gün hemmelere mälimdir. Beýik Ýüpek ýoly takmynan 7 müň kilometr uzap gidip, birýarym müň ýyl gowrak wagt (b.e. öňki II-b.e. XV a.) Hytaý bilen Ortaýer deňiz döwletlerini birikdiripdir. Türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iň bir amatly çatryk bolupdyr. Hut şonuň üçin hem onuň ugrynda ýerleşen medeni-taryhy ýadygärlikleri öwrenmekde we gorap saklamakda ÝUNESKO bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
2011-nji ýylyň 3-6-njy maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna teklip etmek baradaky Utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu forumynda hünärmenler Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada indi birnäçe ýyl bäri dowam edýän işiň barşyna seljerme berdiler. Türkmenistanyň çäginden Bütindünýä mirasynyň sanawyna gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ajaýyp medeni-taryhy ýadygärlikleriň 25-si hödürlenildi. Olaryň köpüsi Bütindünýä mirasynyň sanawyna alnan Merw, Köneürgenç, Nusaý taryhy-medeni goraghanalarynyň çäginde ýerleşendir. Utgaşdyryjy geňeşiň işine gatnaşan hünärmenler ol ýadygärlikleriň ençemesinde bolup, ýurdumyzda taryhy-medeni mirasa aýawly garamak baradaky döwlet syýasatynyň miwelerini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar.
Mundan başga-da, ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolup, Bitaraplygy ýer ýüzünde hemişelik ykrar edilen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklere bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy maslahatlaryň sany barmak büküp sanardan kändir. ÝUNESKO-nyň goldawy bilen Diýarymyzda 2002-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň we Gündogaryň halklarynyň taryhy-medeni mirasy dünýä bileleşiginde», 2004-nji ýylda Türkmenistan – Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň Watanydyr”, 2006-njy ýylyň maýynda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda «Baky Bitarap Türkmenistan – ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklara baha bermek we dünýä mirasynyň ýadygärliklerini gorap saklamagyň ýollaryny kesgitlemek», şol ýylyň noýabrynda Mary welaýatynda «Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir» atly halkara ylmy maslahatlar, şeýle-de, 2007-nji ýylyň dekabrynda «Nusaý dünýä medeni Ösüşiniň gadymy ojagydyr», 2008-nji ýylyň awgustynda geçirilen «Täze Galkynyşlar zamanasy we Dehistanyň gadymy taryhy», 2008-nji ýylda «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ojagydyr», 2009-njy ýylyň 15-16-njy sentýabrynda «Gadymy Jeýtun dünýäniň irki ekerançylyk medeniýetiniň ojagydyr», 2009-njy ýylyň 13-15-nji maýy aralygynda «Gündogar Türkmenistanyň mirasy gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda», 2010-njy ýylyň 10-12-nji martynda «Gündogar Türkmenistanyň mirasy orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda», 2010-njy ýylyň 10-11-nji noýabrynda «Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň arheologiýa we etnografiýa ylmy: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler», 2011-nji ýylyň 23-24-nji fewralynda «Türkmen halkynyň kemala gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy», 2011-nji ýylyň 7-9-njy apreli aralygynda «Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti we onuň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşindäki orny», 2011-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda «Bürünç – demir eýýamlary we türkmeniň maddy-ruhy mirasy», 2012-nji ýylyň 28-30-njy marty aralygynda «Türkmenistanyň orta asyr şäherleri Ýewraziýa siwilizasiýasynyň ulgamynda», 2013-nji ýylyň 13-14-nji noýabrynda “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly geçirilen we geçirilýän halkara ylmy maslahatlary ata Watanymyzyň dünýä medeniýetindäki ornuny aýan etmekde juda uly ähmiýete eýe bolýar.
ÝUNESKO bilen ýadygärliklerimizi gorap saklamak babatda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, Türkmenistanyň örän baý medeni-taryhy mirasyny, ajaýyp tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek baradaky bilelikdäki tagallalaryň güýçlendirilmegine berk esas bolup hyzmat eder.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Baş maslahatynyň 37-nji mejlisinde Türkmenistanyň ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy Hormatly Prezidentimiziň ÝUNESKO bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändiginiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokary galýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýadygärliklerimizi gorap saklamak we olara gözegçilik etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimizde alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy – ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeltýär. Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylyň 1-2-nji fewralynda Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory hanym Irina Bokowa bilen duşuşdy. Hanym Irina Bokowanyň nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO Türkmenistanyň hökümeti bilen däbe öwrülen konstruktiw hyzmatdaşlygy, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr. Şonda Döwlet Baştutanymyz hem ýurduň baý taryhy-medeni ýadygärlikleriniň hasabyna ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirmäge anyk mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Häzirki wagtda hem Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şol ulgamda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde uly üstünlikler gazanylýar.
Güneşli Diýarymyz Türkmenistan bu abraýly guramanyň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çekdi. 1999-njy ýylda Gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenç, 2007-nji ýylda Nusaý, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şondan soňky ýyllarda halkara bilermenler bilen bilelikde «Bütindünýä mirasynyň sanawyna» goşmak üçin hödürlemäge Türkmenistanyň esasy taryhy-medeni ýadygärlikleri saýlanyldy.
Aýsoltan HOJAMBERDIÝEWA,
«Türkmennebit» Döwlet konserniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Ýolbaşçysy:
Gylyçmämmet HOJAGULYÝEW,
«Türkmennebit» Döwlet konserniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.