7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýene bir täzeligi – özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri ata Watanymyzyň ýüregidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň biridir. Aşgabadyň keşbi diňe bir tebigy baýlyklarynyň köp görnüşli bolmagy bilen däl-de, eýsem, döwürleriň köpdürlüligi bilen hem sazlaşykly utgaşýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Ýazuw çeşmelerinde paýtagtymyzyň 140 ýyllyk taryhy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr, ýöne Köpetdagyň çeşmelerinden suwarylan bu toprakda ýaşaýşyň has irki döwürlerde hem bolandygy gürrüňsizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan myhmansöýer hem-de özüne çekiji merkez bolupdyr. Bu baradaky hakykat asyrlara uzap gidýär. Mysal üçin, Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa galasy ýerleşýär. Şol galadan bu beýik döwletiň taryhyny öwrenip bolýar.
Aşgabada «aşyklaryň şäheri» hem diýýärler. Bu tassyklama şäher ilatynyň açyk göwünlidigini we hoşniýetlidigini wasp edýän ençeme täsin taryhy wakalara esaslanýar. Ol paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň duýgurlygynda, ýürekdeşliginde, zähmetsöýerliginde we mähriban şäherine wepalylygynda hem aýdyň ýüze çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan hem onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr. Şäheriň köp sanly desgalary özboluşly aýratynlyklara eýe bolandygy üçin, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Aşgabat 140 ýylyň dowamynda taryhyň kyn we çylşyrymly pursatlaryny başdan geçirdi. Aşgabatlylar hiç wagt tutuş halkymyzyň egnine düşen kynçylyklardan çetde durmady. Şatlykly günlerde-de, hasratly pursatlarda hem halkymyz jebisleşdi.
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilen bagly horluk-hasratlardyr kynçylyklar aşgabatlylardan hem sowlup geçmedi. 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylykda şäher sanlyja sekundyň dowamynda ýer bilen ýegsan boldy. Bu pajygaly ýertitremeden ýitgi we ejir çekmedik maşgala galmady. Emma, muňa garamazdan, biz mähriban şäherimizi dikeltdik we täzeden gurduk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz häzirki döwürde sport, medeni we ylym-bilim merkezi hökmünde depginli ösýär. Binagärlik-gurluşyk babatda tanalmaz derejede özgerýär.
Bu ýerde şäher ilatynyň medeniýetli dynç almagy üçin köp işler edilýär. Aşgabat häzirki zaman şäheriniň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde ulanmaga berilýän desgalar «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda bina edilýär. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze «Aşgabat-siti» döredilýär. Günbatar böleginde bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasy ýerleşýär.
Bu abraýly halkara guramanyň biziň paýtagtymyzy depginli ösýän şäherleriň ulgamyna goşmagynyň özi hem Aşgabadyň ösüşiniň täze derejesine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, bu ýerde hemişe iň bir öňdebaryjy garaýyşlar öz beýanyny tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Aşgabadyň häzirki keşbine buýsanmazlyk mümkin däl. Onuň gaýtalanmajak gözelligini doly wasp edere söz ýok bolsa gerek. Biziň ajaýyp şäherimize geljek döwürler has hem hormat we şöhrat getirer. Bu barada hemişe ýürekden çykýan goşgudyr aýdymlar dörediler.
Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlaryň ählisini şu kitapda beýan etmäge çalşandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu kitabyň gyzykly we peýdaly hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli watandaşlarymyza sowgat boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlis tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň bu kitaby alyp biljekdiklerini mälim etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa baýramçylyga çenli galan wagtyň dowamynda “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm wezipelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.