Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmen zenanlarynyň binagärlik ýadygärlikleri

Türkmen halkynyň buýsanja hem-de şan-şöhrata beslenen beýik geçmişinde hemişe zenanlara aýratyn orun berlipdir. Olaryň arasynda meşhurlyga eýe bolup, atlary adamzat taryhyna baky ýazylanlary hem bar. Olardan türkmen zenanlaryna mahsus bolan iň ajaýyp gylyk-häsiýetleri özlerinde jemlän wekilleri Tumar şany, Zarinany, Türkan hatyny, Jahan hatyny, Saraý hatyny, Göwher Nesibe hatyny, Parawbibini, Törebeg hanymy we başgalary görkezmek bolar.

Türkmenistanyň çäklerinde dürli taryhy döwürler we wakalar bilen baglanyşykly gaýtalanmajak nusgalary bolan binagärlik ýadygärlikleriň köp sanlysy bolup, olaryň arasynda taryhda yz galdyran zenanlara degişlileri hem bar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda zenanlaryň hut özleriniň buýrugy boýunça we olaryň hormatyna bagyşlanyp, aňrybaş gözelligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan şäherler, galalar, keramatlyga öwrülen aramgähler gurlupdyr. Ol binagärlik ýädygärlikler adamlaryň hormat goýup zyýarat edýän ýerleri bolup, halk arasynda bularyň köpüsi barada rowaýatlardyr hekaýalar aýdylýar.

Şeýle binagärçilik ýadygärlikleriň arasynda ýurdumyzyň çägindäki ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyny, Pulhatyn köprüsini, Köneürgenç, Nusaý, Uly we Kiçi Gyzgalalary, Astana Baba, Törebeg hanymyň aramgähleri we Parawbibi ýaly keramatly ýerleri görkezmek bolar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, esasanam Türkiýe döwletinde hem türkmen zenanlaryň ady bilen baglanşykly binagärlik ýadygärlikleriň arasynda “Göwher Nesibe hatyn kümmeti”, “Döner kümmeti”, “Mama hatyn” ýaly aramgähleri, Saraý hatyn we Hunat hatyn metjitleri, medreseleri hem-de keramatly ýerleri mysal getirmek bolýar.

Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Bagyr obasyndaky Nusaý barada berilýän gürrüňleriň esasynda şäheriň adyny ol ýerde nimfalar tarapyndan terbiýelenen Dionis hakyndaky mif bilen baglanyşdyrylýar.

Taryhy wakalara baý Merwiň binagärlik ýadygärlikleriniň içinde VI-VII asyrlara degişli Uly we Kiçi Gyzgalalary barada başga bir rowaýat bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly I-nji kitabynda: “Ýanaşyk ýerleşen Uly Gyzgala, Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri gadymyýetde Gyzgala hem-de Ýigitgala diýlip atlandyrylypdyr. Bularyň birinde durmuşa çykmadyk gyzlar, beýlekisinde öýlenmedik ýigitler ýaşapdyrlar. Eger-de ýigitleriň biri alma zyňyp, gyzlaryň köşgüne ýetirip bilse, ol ýerdäki gyzlaryň islendigine öýlenmäge hakly bolupdyr” diýip rowaýatlaryň bir nusgasyny beýan edýär.

Seljuklar zamanasynda, soňra bolsa Horezmşalar döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynda zenanlar bilen baglanyşykly haşam kerwensaraýlaryň we beýleki inžener-gurluşyk desgalaryň gurlandygyny bellemek gerek. Olaryň arasynda ykdysady-strategiki hem-de harby-syýasy häsiýete eýe bolan köprüler hem gurlupdyr. Meselem, XI asyrda bina edilen Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çägindäki Daýahatyn kerwensaraýy, Tejen derýasynyň üstünden Sarahsa tarap geçýän ýolda gurlan Pulhatyn köprüsi rowaýatlarda zenanlar bilen baglanyşdyrylýar.

Ýurdumyzyň çäginde türkmen zenanlaryň ady bilen baglanşykly keramatly ýerler hem bar. Şeýle ýerlere Serdar şäherinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşen Paraw obasyndaky IX-X asyrlara degişli Parawbibi ýadygärligi, Lebap welaýatynyň Kerki şäherinden 10 kilometrlikde ýerleşýän, XI-XII asyrlarda Balh welaýatynyň hökümdary öz gyzy Zübeýdanyň hormatyna bina edilen Astanababa aramgähi, Köneürgenjiň çäklerinde ýerleşýän Törebeg hanymyň aramgähi degişlidir.

Türkmen zenanlaryň şahsyýeti bilen baglanyşykly binagärlik ýadygärlikleri diňe bir Türkmenistanyň çäklerinde däl, eýsem, ondan daşary ýerlerde-de saklanyp galypdyr. Türkiýedäki Kaýseri şäheri şeýle taryhy ýerler bilen meşhurdyr. Mysal üçin, 1205-nji ýylda Anadoly seljuklarynyň soltany Gylyç Arslan II gyzy Göwher Nesibe hatynyň başlangyjy esasynda özünde iki sany edarany, ýagny lukmançylyk uniwersitetini hem-de hassahanany jemleýän binany, şeýle-de şol şäherde 1237-1240-njy ýyllarda Anadoly seljuklaryň soltany Alaeddin Keýkubatyň ýanýoldaşy Mahperi hatynyň (Hunat hatyn) görkezmesi boýunça metjitden we medreseden ybarat bolan binalar toplumlary gurdurylypdyr.

Türkiýeniň gündogarynda ýerleşýän birnäçe şäherlerinde Artyklylar seljuklarynyň, Akgoýunly, Osmanly döwletleriň döwrüne degişli taryhy ýadygärliklere baýdyr. Şeýle ýadygärlikleriň birine XV asyrda Elýazyk şäherinde Akgoýunly hökümdary Uzyn Hasan beg türkmeniň ejesi Saraý hatynyň başlangyjy esasynda bina edilen metjidi görkezmek bolar.

X-XV asyrlara degişli binagärlik-gurluşyk desgalarynyň keşbiniň ählisinde diýen ýaly seljuklaryň äheňini görmek bolýar. Bartoldyň aýtmagyna görä, seljuklaryň binagärlik tilsimatlarynyň we bezeg äheňleriniň kemala geliş ýoly müňýyllyklaryň dowamynda ussatlaryň gözlegleriniň netijesinde ýüze çykypdyr. Seljuklar zamanasynyň binagärlik desgalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny çylşyrymly relýeflerinde we diwar ýazgylarynda, baý nagyşlarynda, syrçaly keramikalaryň reňklerinde görmek bolýar. Binagärligiň bu aýratynlyklary şol döwrüň ähli ýadygärliklerinde öz beýanyny tapypdyr.

Ýurdumyzyň çäginde milli taryhy-medeni mirasymyzyň müňden gowragy döwlet tarapyndan hasaba alyndy we onuň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Şol ýadygärlikler umumy döwlet gymmatlygy bolmak bilen çäklenmeýär, şonuň bilen bir hatarda, ýadygärlikler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine-de amatly täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Taryhy rowaýatlara we hekaýalara baý bolan agzalan ýadygärlikleriň ählisi halkara derejesinde ykrar edilmegine mynasypdyr.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyz birnäçe teklipleri öňe sürdi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy desgalaryň köpsanlylaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Türkmenistanyň taryhy hem medeni ýadygärliklerinde milli we halkara ylmy-barlag ekspedisiýalary işläp, bilelikde rejeleýiş işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Taryhçy alym Ö.Gündogdyýew “Türkmen zenanlaryň taryhy keşbi” atly kitabynda görnükli zenan şahsyýetlerimiz barada köp ylmy maglumatlary getirilipdir. Bu işleri ýene-de dowam etdirmegimiz gerek. Türkmen taryhçylarynyň şunuň ýaly mysallaryň ylmy çeşmelerini gözlemekleri, tapmaklary, baýlaşdyrmaklygy gerekdir” diýip ýerlikli belläp, zenanlara we olar hakyndaky taryha aýratyn hormat goýandygyny görkezýär.

Enejan SAPAROWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar