Ümzügi öňe sary barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjülikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda sanly ulgamyň ähli pudaklarda giňden ornaşdyrylmagy ugrunda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşiginiň maksatlarynyň biri-de ýaşlary sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmekden ybarat boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologiki ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçiligine açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek hem-de häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygyny uly buýsanç bilen dünýä jemgyýetine ýetirmek, şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen geçen bu bäsleşigiň ýeňijilerine Baş baýraga mynasyp bolan web saýta Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan “Tolkun” 42-lik telewizory sowgat berildi. 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolanlar bolsa ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem degişli hormat hatlary bilen sylaglandy.
Ýeňijiler:
Baş baýraga: turkmenportal.com web saýty.
Birinji orna: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm resmi web saýty.
Ikinji orna: Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň milligosun.gov.tm resmi web saýty.
Üçünji orna: ashgabat.in web saýty mynasyp boldy.
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.